Bir gurply adamyñ ýalñyz perzendi - ýeke ogly bar eken. Ol ölmeziniñ öñýany ogluny ýanyna çagyryp, şeýle diýipdir: "men saña üç sany pent bereýin, sen ömür boýy oña berk eýermelisiñ: 1. hiç haçan birinji bolup salam bermegin, 2. her gün agşamlyk süýji tagamlar iýginiñ, 3. günde irden öýden çykanyñda, täze köwüş geýip çykgynyñ" şondan soñ uzak gitmän, kakasy amanadyny tabşyrypdyr. Ogly bolsa atasyny wesýetini berjaý edip ugrapdyr. Ýöne geñ galmaly zat, oba adamlary onuñ bilen salam-helikden ýüz öwrüp başlapdyrlar, ähli puly hem süýji tagamlary we aýakgap satyn almaga gidýärmişin. Günleriñ birinde ol ejesiniñ ýanyna barypdyr-da, şeýle diýipdir: " eje, men kakama näme ýamanlyk etdimkäm, näme üçin ol maña duşmanymyñ etmejegini edip, beýle öwüt-nesihat berdikä? " diýip ejesinden sorapdyr. şonda ejesi şeýle jogap beripdir: " kakañ tä özüñ soraýançañ, seniñ işleriñe goşulmagy maña gadagan edipdi. Onuñ hiç haçan birinji bolup salam bermegin diýen pendi - hemmelerden ir tur-da, meýdana işe çyk, gabadyñdan geçip barýan adamlar, goý, saña birinji bolup salam bersinler diýen manydady. Ikinji - her gün agşamlyk süýji tagamlar iý diýen pendi. Uzynly gün meýdanda der döküp işläp, aryp öýe gelseñ, agşamlyk naharyñ juda tagamly boljaklygyny añladýardy. her gün irden täze köwüş geý diýmegi bolsa üst-başyñy, aýakgabyñy tämiz saklagyn, her gije ýatmazdan öñürti hökman egin-eşigiñi, köwşüñi arassalagyn diýdigidi. şeýle etseñ, her gün irden öýden çykanyñda, aýakgabyñ täze ýaly ýalpyldar durar, diýip tabşyrdygydy. şol günden başlap, ol ýigit ähli zady ejesiniñ aýdyşy ýaly berjaý edipdir. Biraz wagtdan soñ ol gurplanypdyr, görmegeý bir gyza öýlenip maşgala bolupdyr, atasynyñ pendini bolsa çagalaryna hem öwredipdir.

Köneler, makgush tarapyndan 12 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir