Söwda etmek üçin Şama baran medineli täjirleriň biri düýesini ýitirýär. Çar tarapy gözläp, idäp, ahyrsoňy düýäni biriniň ahyryndan tapýarlar. Ahyryň eýesinden malyny alyp bilmedik medineli täjir Şamyň häkimi hezreti Muawiýä ýüz tutýar, düýesini alyp bermegini soraýar. Häkim iki gullukçysyny gürrüňi edilýän ahyra iberip, bu ýerde şeýle düýäniň bardygyny ýa-da ýokdugyny anyklamagy tabşyrýar. Ahyrda bir düýäniň bardygyny gören gullukçylar, muny häkime habar berýärler. Häkim olardan: “Gören düýäňiz erkekmidi, urkaçymydy?” diýip soraýar. Gullukçylar biri-birine seredişip : “Biz düýäniň erkek ýa urkaçydygyny tanap bilmeýäris” diýişýärler. Aslyýetinde, düýäniň jynsynyň erkekdigini ýa-da urkaçydygyny anyklamak kyn zat däldir. Hezreti Muawiýe şonda medineli täjire ýüzlenip, şu taryhy sözüni aýdýar: “Hezreti Ala (r.a) aýt, düýäniň erkegini urkaçysyndan tapawutlandyryp bilmeýänlerden düzülen ýüz müň adamlyk goşun bilen üstüne barýaryn.” Bu örän geň sözdür . “Düýäniň erkegini urkaçysyndan tapawutlandyryp bilmejek” derejede zehini, akyl-aň derejesi, pikirleniş ukyby bolmadyk nadan adamlary oňat maksatlara-da gönükdirmek mümkin, erbet işlere-de. Häzir ylym-bilimiň, her hili tilsimatlaryň ösen döwründe musulman adamyň hereketleriniň manysyny bilýän, edýän işini akyl taýdan seljermegi başarýan ynsan bolmagy gerek. Ýagny, akyldyr paýhasyň ýerini boş duýgulara aldyrmaly däldir, “düýäniň erkegini urkaçysyndan tapawutlandyryp bilmejek” ýagdaýda nadan bolmaly däldir. Allahutagala hezreti Adam aleýhisselamy toprakdan ýaradyp, keşp-şekil berenden soň, oňa entek hiç bir duýgy we düşünje bermänkä, akyly ýaradypdyr, soňra imany, soňra bolsa utanç duýgusyny- haýany ýaradypdyr. Hak tagala Jebraýyla şeýle buýurýar: “Men ynsan atly bir barlyk ýaratdym. Oňa akyl, iman we utanç atly şu üç sypaty äkit. Soňra oňa diýgil, Jenab-y Hak bulardan birini saýlamagyňy emr edýär.” Jebraýyl aleýhisselam bu üç sypat bilen hezreti Adamyň ýanyna gelip, ondan bulardan birini saýlamagyny soraýar. Hezreti Adam aleýhisselam biraz pikirlenenden soň, akyly saýlaýar. Jebraýyl aleýhisselam hem Ylahy emre uýup, diňe akyly hezreti Adam aleýhisselama berýär. Imandyr utanjy alyp, yza dolanmakçy bolanda, iman oňa şeýle diýýär: “Eý Jebraýyl, sen akyly şu ýerde goýup gidýäň. Emma men akyldan aýrylyp bilmen. Biz biri-birinden aýrylmaz ekizlerdiris. Akyl nirede bolsa, men hem şol ýerdedirin. Şonuň üçin men şu ýerde galjak.” Jebraýyl aleýhisselam mundan soň, utanç-haýany alyp ýoluny dowam etmek isleýär. Emma utanjam oňa: “Men imansyz oňup bilmen. Iman nirede bolsa, men hem şol ýerde. Iman akylyň ýanynda galdy, menem imanyň ýanynda bolmaly. Üçümiz hem biri-birimizden aýrylmaz hemralardyrys.” Şeýlelikde, akyl, iman we utanç (haýa) üçüsi-de birlikde hezreti Adama berlip, ol ähli ýaradylanlardan üstün bolýar. Adam aleýhisselam pygamberleriň biridir. Biz ony ilkinji atamyz, ilkinji ýolgörkezijimiz diýip bilýäris. Adam aleýhisselam hakynda kitaplarda agzalýan bu tymsal bize akylly-başly bolmalydygy barada durmuş sapagyny berýär. Söýgüli Pygamberimiz (s.a.w.) hadyslarynyň birinde “Akyly bolmadygyň imany ýokdur” diýýär. Ýagny, akyl taýdan şikesi bolanlara dini jogapkärçilik ýüklenmeýär. Diýmek, musulman akylly-başly adam bolmalydyr. Akylynyň ýanynda imany, imanynyň ýanynda bolsa utanjy bolmalydyr. Musulman şu üç sypaty bilen musulmandyr. Musulman wakalaryň, hadysalaryň garşysynda akylyny ahmal etmeli däldir, akyly bilen bile dini emirleri, dini emirler bilen birlikde bolsa utanç-haýasyny-da ahmal etmeli däldir.
Akyl,iman,haya
-
Blackangel
12 years ago
- owrenmage gaty gowy zatlar sagja bol yetirenin u.n
-
Galtush
12 years ago
- owrenmage gaty gowy zatlar
sagja bol yetirenin u.n
-
smak95
12 years ago
- owrenmage gaty gowy zatlar sagja bol yetirenin u.n
-
Kamilligetarap
12 years ago
- sagbol.hakykatdanam gaty gowy tema
-
makgush
12 years ago
- Gowy ýazgylar, sagboluñ ýetireniñize.
-
mirasymyz
12 years ago
- Tanryyalkasyn ttm-li dost. Yene shunun yaly peydaly temalar yetirip dur. Allajan hich kimi akyldan, imandan, utanch-hayadan mahrum etmesin.
AHAL 12 years ago- okap owrenmeli zat kop. sag bol yetirenine gyzykly yazgyny.