salam t/comyñ agzalary, siz bu hekaýany öñ eşiden bolmagyñyzam mümkin, ondada paýlaşaýyn diýdim.Bir obada örän owadan bir gyz bar eken. Bu gyzyñ hemmäni añk edýän jemalyny görmäge uzak şäherlerden we ýurtlardan örän baý, özüne göwni ýetýän ýigitleriñ her gün birnäçesi gelýär eken. Gyz bolsa olaryñ hiç biriniñ hem söýgüsini kabul etmändir. şol obada ýaşaýan bir ýaş oglan hem bu gyza aşyk eken. Emma gedem gyz bu oglana hem razy bolmandyr. Aradan uzak ýyllar geçipdir. Ýigit hem bir-sebäp bilen obadan göçipdir we başga biri bilen durmuş gurupdyr. Bir gün onuñ ýoly şol öñküje kiçijik oba düşüpdir. Ol ýerde tanyşlarynyñ birini görüp, birwagtky owadan gyz hakynda sorapdyr. Goja gülli öýi görkezip, gyzyñ şol öýe durmuşa çykandygyny aýdypdyr. Bu adamyñ birwagtlar hiç kime göwni ýetmedik gyzyñ kim bilen durmuş gurandygyny bilesi gelipdir. Bir gün gizlenip gelniñ öýden çykyp gelýän adamsyny görüpdir. Gelniñ adamsynyñ ýaşy ep-esli uly eken, artykmaç görk-görmegem ýok eken. Gelin gapyny açanda, oglan özüni tanadyp, näme üçin oña durmuşa çykandygyny sorapdyr. Gyz hem oña arkasyndaky gülli ekinden iñ owadan güli goparyp getirse, jogap berjegini aýdypdyr. Emma ekinden ýöräp barýarka, yzyna öwrülmeli däldiginem aýdypdyr. şeýlelikde, ol ýigit ekiniñ içinden ýüzlerçe gülüñ arasyndan iñ owadan güli tapjak bolup, gözläp başlapdyr. Bir güli owadan görüp ýanyna barsa, añyrsyndaky ondanam owadanmyş. şeýdip iñ owadan güli gözläp barşyna, gülli meýdanyñ añry çetine ýetipdir. Meýdanyñ gyrasynda bolsa suwy ýetmedik bedroý güller bar ekeni. Yzyna boş gaýtmazlyk üçin, meýdanyñ iñ çetindäki güli alyp gaýtmaly bolupdyr. Ol: - iñ gowusyny saýlajak bolup, meýdanyñ soñuna çykaýypdyryn.. şuny getirdim - diýip, güli uzadypdyr. Gyz gussaly ýylgyrypdyr-da: - sen indi meniñ ýagdaýyma sözsüz düşünen bolsañ. Meniñkem edil seniñ gül saýlaýşyñ ýaly boldy.. - diýip, jogap beripdir.
Iñ owadan gül
-
turkmenntug
12 years ago
- gowy hekaýa.
$u hakda bir go$gy okapdym.ýadyma dû$se ýazaryn
-
vipboy
12 years ago
- hekaya gul
-
handsome1
12 years ago
- hekayany haladym
-
Yegen
12 years ago
- Manyly hekaýa eken! Hekaýadaky gyza gül berenem senmi Makgush
-
student3
12 years ago
- Багдатлы бир чарва арапдан: — Гөзеллик барада нәме айдып билерсиң? —
дийип сорапдырлар. Онда ол: — Гөзеллер гөркли махаллары улумсы, гөрк
лери гиденсоң, найынжар болярлар, олардан
хайыр ёкдур — дийип, жогап берипдир. Барка гөзел гөрклери гыңыр, ёвуз боларлар, Совулансоң базары боюн буруп гелерлер. Гөзел гөркли дөврүнде ажы дил, гыңыр боюн, Гөзел гөрки гидесоң дост болар, эгер боюн.
-
makgush
12 years ago
yegen
ýoklaý ýegen o döwürler men ýok=)
-
DG
12 years ago
- "Gowysyndan gowsyny gözläp,erbedindenem galýar" diýenleri.
ALADIN 12 years ago- Sag bol magush.
Bu hekaýadaky ýaly ýagdaýa durmushda hem dush gelmek bolýar.
Asly bu hekaýa gyzlara niýetlenip ýazylypdyr ýöne oglanlañ hem sheýledigini hekaýañ soñunda görkezipdir.
Ol gyz owadan,ertir ýene birini görüp ol gyz ondanam owadan diýip göçüp gonup ýörseñ soñynda push bolaýar.