Arada merw92 agzamyz bilen biri-birimizden şu goşgy hakynda sorapdyk welin,tapylmandy.Ýakynda men muny tapaýdym, has anygy ejemde bar ekenleý, şuny siz bn paýlaşaýaýyn diýdim
PÄHIMLER
-
Multyk
12 years ago
- gowy jaydar yazylan goshgy sagja bol.
-
menbet
12 years ago
- gelipdi sho zatlar..(
sag bol gosgyny paylashanyn uchin brat
-
turkmenntug
12 years ago
- TÜRKMENDE penjek geýip,galam tutanlardan,iñ sylaýanym Berdinazar aga!
Sag bol Merdan aga!
-
makgush
12 years ago
- Gowy goşgy, sagbol ýetireniň üçin gullukdaş.
-
1merdan
12 years ago
- Hudaýnazarowdan ýene bir goşgy
Gadyrym gaçýar diýip alma göwnüňe,
Iller gudratyňy duýýandyr şygrym.
Adam ataň nesli döräli bäri,
Adam saňa gulak goýýandyr şygrym.
Sensiz aýdym bolmaz, sensiz san bolmaz,
Olarsyzam şire bolmaz, duz bolmaz.
Gülsiz-güläleksiz ýazdan ýaz bolmaz,
Bu hakykat hemmä aýandyr şygrym.
Sen gerek bu alabeder dünýäde,
Garaňky günde-de, ýagty günde-de.
Umydyny elden gidiren bende-de,
Saňa sygynýandyr, uýýandyr şygrym.
Şahyr däl bäş sözüň başyny çatan,
Biz awçy sen bolsa elýetmez asman.
Gündogarda seni şöhrata beslän,
Pyragydyr, Omar Haýýamdyr şygrym.
Öz güýjüňi, öz görküňi ýitirme,
Ýakup ýaly, ýansyn dursyn setirler
Hemde hiç bir zady göwne getirme,
Bu bir şeýleräjik eýýamdyr şygrym.
-
Merw92
12 years ago
- Sag boluń bize yetireniniz (paylashanyńyz) üçin
gaty gowy goshgular.
-
ahmetjan18
12 years ago
- Minnetdar Dostum
-
Kukolka
12 years ago
- :)manyly şygyr eken.
-
sahett
12 years ago
türkmende penjek geýip,galam tutanlardan,iñ sylaýanym berdinazar aga!
sag bol merdan aga!
turkmenntug | 2012-02-05 19:17:33
sebabi name?
gosga oran uzyn eken basyny okanynda bildirya gowydygy
1merdan 12 years ago- Biperwaýlyk süýşip ýakyn gelende,
Köpbilmiş köpelip, bilýän azalar.
Tapawut kiçelip, çynda-ýalanda,
Olary saýgarjak bolýan azalar.
Garym gatym bolyp sähet-bisähet
Okamyş bol bolar, çyn alym gahat.
Iliň arasynda öwüt nesihat,
Berýän köpelerde alýan azalar.
Her kim öňe oklar, hergiz bir özün,
Jahyllar, juwanlar tanamaz yzyn,
Aksakal aşyk deý oýnadar özün,
Paýhasyna tagzym kylýan azalar.
Birine ýetmese müň maksat tutan,
Hany rza bolyp dünýäden öten.
Özgelerden aýyp gözlär öňýeten.
Öz aýbyny özü bilýän azalar.
Aýdylýan aýdymlar goşulmaz saza,
Gadyr hormat gaçar tagama duza.
Döwür öňe gider adamam yza,
Emma muňa nazar salýan azalar.
Ýerden göteriljek bolsa sahawat,
Alýan köpelerde berýän azalar.
Kemlik etmez boş kasamlar, wadalar,
Ýöne öz lebzinde durýan azalar.
Asyllylar azar, agraslar ýeňlär,
Göwreler ýognarda, ýürekler ownar.
Kethuda diýjegiň bet işi oňlar,
Haram meýlis artar, gurban azalar.
Gulpyny gitdikçe galňaldyp öýler,
Tagamlar goňşydan ogrynça iýler.
Ýaman zat hemmäniň gözüne iýler,
Ýagşy zady welin görýän azalar.
Atalary pisint etmez ogullar,
Herne bizden daşda bolsyn o günler.
Kiýse galňar gedaýlaşar göwünler,
Säher haky ýatlap turýan azalar
Edep öwretjekler biedep bolar,
Mukaddes nakyllar gury gep bolar.
Halallygy agzan adam köp bolar.
Emma halal ýoldan ýöreýän azalar.
Buýsanç egsilmekçi bolsa kem-kemden,
Ynsan ýüreginde ýalkym azalar.
Ýata suwa dönüp pikir hyýallar,
Däli göwünlerde ýalkym azalar.
Gün görmek däl, ömür sürmek kyn bolar,
Är oňa däl, aýal äre han bolar.
Gara görmän haýbat atýan kän bolar.
Ýagyny yzyna serpen azalar.
Aýyp artar, adam galmaz haýrana,
Gezek berler batly batly ýaňrana.
Gol ýapýan gytalyp aglan-eňränä.
Ynsabyň sudyndan gorkan azalar.
Müýnürgär beýikler, çyrpynar egsik,
Aglasaň aglaber, hamsyksaň hamsyk.
Köpeler kölge dek yşnaksyz samsyk,
Akyly daş ýarýan tentek azalar.
Azap çeken duýgy böwrü symsyklar,
Hany toba eden, hany syr saklan.
Garyplaşar, garyplaşar gursaklar,
Telpekli köpeler erkek azalar
Her döwürde bir hili zat ýoň bolar,
Bihaýalyk hemmesinden geň bolar.
Toý toý bolmaz, dawa bilen jeň bolar,
Özün saklap bilýän jahyl azalar.
Şerbazlar şereby ýüzüne sylar,
Saçagyň üstinde bulgyrlar synar.
Ne gözel naharlar harama döner,
Haý küşler ýol almaz täsir azalar.
Danalaň sözlerin diňlän tapylmaz,
Ynsany päklige ündän tapylmaz.
Halaly, haramy dannan tapylmaz,
Aşa düşen artar, berhiz azalar.
Göz gülban bolyşyp gündüziň güni,
Nebir gyz gelinler güjeňlär teni.
Söýüşýärler diýip aldamaň meni,
Aşyksumak artar Tahyr azalar.
Öten geçenlerden gyryp-çyryp edip,
Ak kagyzy gök syýany sarp edip.
Gazetleri pak gazala gark edip,
Goşgyçy köpeler, şahyr azalar.
Jemagatdan gaçjak bolsa tebähet,
Sabyr senden gider takat azalar.
Galagoplyk gaplap alar göwnüňi,
Bilmersiň nämeden rahat azalar.
Üç esse ulalar ynsanyň gözü,
Arkaýyn ýatýana meňzem ýüzi,
Agyr tozan örter daglary, düzi
Kalbyňy gülledýän pursat azalar.
Müşdek bolyp görüner doly çuwalyň,
Alanyň az, kän görüner sowanyň.
Baş bäsdeşiň bolar süýtdeş doganyň
Gap çanak köpelip, owkat azalar.
Gursagyňdan uçar gider kanagat,
Ojagyňdan gaçar gider bereket.
Ýap ýaňy bol zatlar, gör eýýam gahat,
Bisähet köpeler, sähet azalar.
Nebis atly şar gara bir güýç bolar,
Garynlar dolyka, gözler aç bolar.
Dolmaz garna bar baýlaygyň hiç bolar.
Myş-myşlar köpeler, söhbet azalar.
“Beýik Türkmenbaşy nesli” gazetiniň 1997-nji ýylyň 20-nji martyndaky sany