ýiten dek aňymdan asmanyň aýy, näzlim, seni unutmany başarman, elimden giden dek perileň taýy, söýdüm seni, unutmany başarman! eden arzuwlarmy ýele galgadyp, umydymy ummanlara bagladyp, hakdan söýen ýüregimi agladyp, söýgim seni, unutmany başarman! daglardan, düzlerden gözlän ýerlerim, tutmasa-da goşaryňdan ellerim, saralsa-da beren gyzyl güllerim, söýdüm seni, unutmany başarman! mähir bilen şygyr düzüp şanyňa, sežde edip gezerin seň adyňa, baryp bilmesem-de ýakyn-ýanyňa, söýdüm seni, unutmany başarman! gamly günlem galsyn ýadygär bolup, şatlykly günlerim gitseň-de alyp, mähriňe guwanyp gitsem-de solup, söýdüm seni, unutmany başarman! awtory: nurýagdy seýitliýew.

Köneler, Studentka5 tarapyndan 12 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir