* Näme gözleýändigini bilmeýän adam, tapanynda-da, onuň nämedigine düşünmez. * Ähli zadyň gözelligi bardyr, ýöne, muny her kim görüp bilýän däldir. * Garaňka nägile bolma-da, birje şem ýak! * Gapyňyzyň öňüni arassalaman, goňşyňyzyň üçegindäki gara şikaýat etmäň! * Oýlanman öwrenmek peýdasyzdyr, öwrenmän oýlanmak howpludyr. * Alkyşy sessiz-üýnsüz kabul eden adam, alkyşa laýyk adamdyr. * Bir adam ýalňyşlyklaryny bilibem düzetmeýän bolsa, diýmek, olara öwrenişendir. * Beýik adam özüne akyl ýetirjek bolar, pes adam özgelere. * Bilmek adamy şübheden, ýagşylyk yzadan, kesgitlilik gorkudan halas eder. * Sypjyrylan almaz sypjyrylmadyk daşdan has gowudyr. * Gowy adam owadan gürleýän adam däl-de, aýdýanyny amal edýän ýa-da amal edip biljegini aýdýan adamdyr.
Konfusiýniň pähimlerinden
- 
                mavibonjuk
                13 years ago
                
- gowy manyly pahimleri bar eken.yetirip dur yenede.
- 
                turkmenntug
                13 years ago
                
- sag bol ýetireniñe,agam.gowy pähimler!
- 
                Younglord
                13 years ago
                
- 23456789 sag bol gowy pähimleri toplanyna hemdr bize yetirenine
- 
                idealman92
                13 years ago
                
- adgjmptw,oran manyly pahimler
- 
                YaSwami
                13 years ago
                
- Antikonfusiýa
 
 * Näme gözleýändigini bilmeýän adam, tapanynda-da, onuň nämedigine düşünmez.
 Eger pul ýada sotkada tapsadamy ?
 * Ähli zadyň gözelligi bardyr, ýöne, muny her kim görüp bilýän däldir. 250 ml arak içseň diýäler gotyr item perizat ýalymyşyn :)
 
 Garaňka nägile bolma-da, birje şem ýak! bu minobrazowaniýa gyjalat ! :)
 
 Gapyňyzyň öňüni arassalaman, goňşyňyzyň üçegindäki gara şikaýat etmäň! düýn biriniň icä agyrypdyr, gapyň öňini görer ýaly etmändir, podýezde gulp ýa it goýmaly, goňşymyň üçegindäki peçi aýyrmasa tüsse bogulýas basym :)
 
 * Oýlanman öwrenmek peýdasyzdyr, öwrenmän oýlanmak howpludyr. dogry aýtýan , biri şu tokmy diýip, çüy bilen rozetka sokdy, soňam sen günäkar dp oýlandy, menden görjek bolýa näme üçin tog urmaýanyny aýtmadyň dp :)
 
 * Alkyşy sessiz-üýnsüz kabul eden adam, alkyşa laýyk adamdyr. onä derek ýel çykarsa näme, senemaý, hot töňňe bolup durandan, Taňryýalkasyn diýsindä :)
 
 * Bir adam ýalňyşlyklaryny bilibem düzetmeýän bolsa, diýmek, olara öwrenişendir. dogry aýtýaň, para gaty öwrenşipdirler, liboý çuwak ady ber-ber kimiňki al-al :)
 
 * Beýik adam özüne akyl ýetirjek bolar, pes adam özgelere.Howwo egerde beýik bolup pulam ýok bolsa, pes adamam öziniň bagytsyzlygyny kesekiden görýädä :)
 
 * Bilmek adamy şübheden, ýagşylyk yzadan, kesgitlilik gorkudan halas eder. dogry welii nämäni bilseňem tanyş biliş bilen we sprawka, ynha halas edýän zatlar :)
 
 * Sypjyrylan almaz sypjyrylmadyk daşdan has gowudyr. , sypjyrlan almaz, getir realizowat edip bereýin, düýn biri galyňa, gaşy gopanom bolsa almazyň ýokmy dp ýördi, sypjyrlan bolsa, gowyla wah :)
 * Gowy adam owadan gürleýän adam däl-de, aýdýanyny amal edýän ýa-da amal edip biljegini aýdýan adamdyr Bu häzirki saylawlara degişli öýtýän :)
 
- 
                YaSwami
                13 years ago
                
- Awtor şutkudyr, gaty gormegin, duşünşüme görä ýazdym :)
- 
                idealman92
                13 years ago
                
- yaswami,beynini tersine ishletmegi basharyan sen
sahett 13 years ago- hawa bu hytay akyldary zaman gazetyndada kop dus gelyar pahimleri