1.Talyp talyplygyň çyn bolýan bolsa Söýup, ýanyp, ýene söýüp, ýanyp git Talyplyk derejäň çyn bolýan bolsa Leksiýalara girip-çykyp, eňip git. 2. Mugallymyňy tana belet bol Ýykylsaňam müzzerilme polat bol Leksiýa döwri sypdyrmada nobat al Mugallymyň dodagyna damyp git. 3. Hem akyl ber, hem kursdaşyňdan akyl al Kitapdan däl, rektorlardan kakyp al Alan zadyň şpargalka çekip al Ekzamene ýanyň bilen alyp git. 4. Okuw agyp müň ýanylar-öçüler Bagtly ýollar kynlyk bilen geçiler Eger patok şaglap gitse sapakdan Senem durma öküz kimin eňip git. 5. Stipendiýany gijikdirme baryp al Aldygyňam egin-eşik görüp al Depder, ruçka, azyk-pazyk hökman däl Oraza tut, iýme agzyň bekläp git. 6. Hasabat barlansa-pes baham kän diýp gyssanma Dekanatda adam otyr gyssanma Dileg etse eşigiňde gysganma Täzäň berde, könäň bilen oňup git. 7. Nah köýnek geý, ýüpek geý, streç geý Parhy ýokdur, geýseň bolar talyp deý Irde-giçde galyp gitseň belende Bardyr kursdaşlaryň ýada salyp git. 8. Sorasaň aýdaýyn kyýamat nedir Mugallym sorasa kyýamat şodur Awtomat goýýarka, goýmada gadyr Kösänleriň üstlerinden gülüp git. 9. Söýeniňe söýgi bildir-ökünme! Söýeni söý, söýmedige süýkenme Söýgi hem şygardyr, ekzamen deý Hiç bolmanda 4-lik baha alyp git 10. Dostluk zaçotkanyň dolmaly ýeri Ýary 5-lik bolsun, 4-ligem ýary Gynanma 3-den bolsada bary 5 ýyldan diplomyňy alyp git. 11. Okuw okamagyň öz wagty ýagşy Durmuş gurmagyň-da öz wagty ýagşy Men bir zada-nobata garşy Kursdaşyňka islän wagtyň gonup git. 12. Barsaň ekzamana girmän al Tanşyňy ibergin ýa özüň tanyş Hiç kwartiradan gözleme durmuş Köplük bilen obşida siňip git. 13. Kursdş dostuň bilen gezseň birsellem Ýaşarsyň 130 hat-da 150-lem Howlukman hoşlaşyň entek iýulda Oňa çenli adreslerini belläp git. 14. Talyp wagtyň meňzemegin daýhana Obşidi öwürip günde meýhana Studentlik iň bir gowy döwürdir Ýagşy-ýaman barysyny görüp git. 15. Ýene bir zat-munam aýtman goýjak däl: Hökman okap, ministr bol diýjek däl Durmuşda haýsy kär göwnüňe ýaksa Şol işlerden ýokarlara galyp git ! Kerim Gurbannepesow(täzeden işlenilen goşgy)
Talyplyk
-
Jasminka91
13 years ago
- :)Gowja go$gy sag bol ýetirenine
-
ALADIN
13 years ago
- nebir go$gyñ i$ini görüpdirler
-
betyigit
13 years ago
- yokarky iki agza biri tema achsa gowy diymelimish diyyaler yada goshgyny okamandyrlar.ay garaz Kerim agang goshgusynynga ishini gorupdirler.kop yerem kapyalashmandyr:)(p.s.yokarky agzalar menden gaty goraymang men yone oz pikirimi aydandyryn)saglygyngyz!
-
Dobry
13 years ago
- shuna menzesh samsyk zatlary pozup git
-
prezident
13 years ago
- gowy bolupdyr,muňa"öýkünme" diýýäler.kä wagt degişmelem,ýa-da siz şolar serýoznymaý,, ýokardakylar!!!
-
Jasminka91
13 years ago
- @betyigit siz degi$me diyen zada du$ùnmeyan bolmaga cemeli(biz gaty görmek,sizem gaty görman bu men öz pikirim)
-
Jasminka91
13 years ago
- *görmedik
-
garajaoglantm
13 years ago
- ol namedir yashyl-gyzyl owisyan? Ol namedir ayagy yok towusyan? Ol namedir yedi derya bowisyan? Talyp bolsan ine shuna jogap ber!?
-
Westboy
13 years ago
- gowja oykunme bolupdyr betje
-
Westboy
13 years ago
- gowja oykunme bolupdyr
Turkmenash 13 years ago- Betje dùzùpsin talyp ýylary ýatladýa