domodedowa aeroporty, moskwa. bermet geldi. ol geldi! 17 kilogramlyk arassa bagt ýene maňa gowuşdy. “eje, biz indi ors bolýarys, şeýlemi?” “sen näme üçin beý diýýärsiň?” “sebäbi biz moskwada.” “ýok, biz ors däl.” “onda näme üçin biz bu ýere ýaşamaga gelýäris? bu ýer orsdan dos-doly, töwerek-daşyňa bir seret!” “hawa, bişkekdäkiden has kän.” “olar sweta daýza meňzeş. bu ýerde örän kän sweta daýza bar.” “munuň ähmiýeti ýok. biz bu ýerde wagtlaýyn, sebäbi men şu ýerde işleýärin. biz gyrgyz.” “aha, men indi düşündim. orslar bişkege gidýär, biz bärik gelýäris. biz ýerimizi çalyşýarys. bu bir oýun!” ol bu pikirini metroda gyrgyz duşsa gaýtalady ýördi. ol özi üçin bir proýekt işläp düzdi we metro syýahatlary mahalynda gabat gelen watandaşlaryny sanamaga başlady. biz bir gezek ýedi stansiýa aralygynda duşan gyrgyz emigrantlarynyň sanyny 300-e ýetirdik. dowamy bar...
Orsýetde rus däl çaganyň durmuşy...
-
Ibrahimovic
13 years ago
- Dusunen bolsam futbolist bolayyn mlya. :-)
-
magnit
13 years ago
- bashyndan kopiýalamaly eken, hakyky bolan we bolyan wakalar hakda...
-
makgush
13 years ago
- Bagyşla sivee! Dogrymy aýtsam menä şu tema düşinmedim! 3 gezek okadym.
-
sivee
13 years ago
- bagslan yalnyz kopyaladym...
-
Mr4evermad
13 years ago
- sivee dogrymy aytsam Gyrgyzdan sonky dovur gyrgyzam, orsam basgalaram basga yurtlara gidyaler... revolyusiyadan sona hasam...
-
ALADIN
13 years ago
- sivee alan ýeriñde bir makala bolmaly ýagny ýol süpürjiler hakda,kyn görmeseñ $ony tema edip açsañ köpler ücin gowy edep terbiýe bolardy.men acjakdym welin operam pozuldy.
-
ALADIN
13 years ago
- sivee alan ýeriñde bir makala bolmaly ýagny ýol süpürjiler hakda,kyn görmeseñ $ony tema edip açsañ köpler ücin gowy edep terbiýe bolardy.men acjakdym welin operam pozuldy.
-
kabmin
13 years ago
- sivee'an kopiyalajak bolan materiyaly
Aida Kasymalyýewa Azatlyk
Radiosynyň Gyrgyz gullugynyň
Moskwadaky habarçysy bolup
işleýär. Ol şu tomus gyrgyz paýtagty
Bişkekde enesi we atasy bilen
ýaşaýan bäş ýaşly gyzy Bermeti Moskwa getirdi. Bu
Kasymalyýewanyň öz gyzynyň
Orsýetdäki durmuşy baradaky
ýazgysy. Domodedowa aeroporty, Moskwa.
Bermet geldi. Ol geldi! 17 kilogramlyk
arassa bagt ýene maňa gowuşdy. “Eje, biz indi ors bolýarys, şeýlemi?” “Sen näme üçin beý diýýärsiň?” “Sebäbi biz Moskwada.” “Ýok, biz ors däl.” “Onda näme üçin biz bu ýere ýaşamaga
gelýäris? Bu ýer orsdan dos-doly,
töwerek-daşyňa bir seret!” “Hawa, Bişkekdäkiden has kän.” “Olar Sweta daýza meňzeş. Bu ýerde
örän kän Sweta daýza bar.” “Munuň ähmiýeti ýok. Biz bu ýerde
wagtlaýyn, sebäbi men şu ýerde
işleýärin. Biz gyrgyz.” “Aha, men indi düşündim. Orslar
Bişkege gidýär, biz bärik gelýäris. Biz
ýerimizi çalyşýarys. Bu bir oýun!” Ol bu pikirini metroda gyrgyz duşsa
gaýtalady ýördi. Ol özi üçin bir proýekt
işläp düzdi we metro syýahatlary
mahalynda gabat gelen
watandaşlaryny sanamaga başlady. Biz
bir gezek ýedi stansiýa aralygynda duşan gyrgyz emigrantlarynyň sanyny
300-e ýetirdik. Öýe hoş gelmediň Men Bermet gelmezinden öň
Moskwanyň daş ýüzündäki Balaşihe
şäherinden ýaşar ýaly ýer tapdym. Bu
ýere gatnamak esli wagt alýardy:
awtobusda 55 minutlyk ýol aşyp, soň
şäher merkezine çenli 40 minutlap metroda gitmelidi. Bu gatnaw ýolda
dyknyşyk bolanda has-da köp wagt
alýardy. Meniň Balaşihada ýaşaýan ýerimde köp
täze jaý bolup, olaryň hemmesi diýen
ýaly ýaş maşgalalara niýetlenip gurlana
meňzeýär. Özem ol jaýlaryň hemmesi
birmeňzeş gurlan, birmeňzeş mämişi
reňk bilenem reňklenen. Käte ol jaýlaryň içinde ýaşaýan maşgalalar hem
biri- birine gaty çalymdaş, şol bir
keşpdäki eje, şol bir keşpdäki çagalar.
Özem olaryň hemmesi bizden üýtgeşik. Men Bermeti ilkinji gezek öýe getiren
günüm, sumkalarymyzy egnimizden
düşürip-düşürmän daşaryk gezelenje
gitdik. Bişkekde ötegçileriň ýüzünde
mylaýym ýylgyryş döredýän mähirlije
Bermetim howly meýdançasyna ýygnanan aýallaryň hemmesine
gadyrly salam berdi. Emma salamyny
almadan geçen, ol aýallar ony asla
görmedik, eşitmedik boldular. Diňe biri
däl, hemmesi şeýtdi, asyl ýekejesi dagy
ýylgyrsyn-la. Şol agşam, Bermetiň Moskwanyň
etegine ilkinji aýak basan gezegi, biz
öýe garjaşyk bir duýguly, gamgyn
halda dolandyk. Ol soňky bir hepdäniň
dowamynda ýeke oýnamaga endik
etdi, köçede duşan adamlar bilen salamlaşjak bolmasyny bes etdi. “Aý, eje, ol adam banan iýýär, meňem
iýesim gelýär!” “Hawa, men iýýän, ýöne bu seniň işiň
däl” diýip, ol adam Bermete azgyryldy. Men içdäki duýgularymy daşyma
çykarmazlyga çalyşýardym. Ýöne şol
gün men “Twitterde” içimi dökdüm.
“Men bu barada ýazmak islemedim.
Emma Bermet geleli bäri men daşaryk
gezelenje çykýaryn. Ýöne biz keseki, başga, üýtgeşik adam. Hiç kim bize
ýylgyrmaýar. Bu ýerdäki çagalar hem
öz ejeleriniň ýigrenjine eýerýärler.” Ertesi Bermet daş işikde dost edinmek
synanyşygyny ýene bir gezek
gaýtalady. Ol ilki bir gyzjagazyň ýanyna
bardy, soňra beýlekisiniň ýanyna
ylgady, olar bilen tanyşjak boldy. Emma
bu synanyşyklaryň bary biderek bolup çykdy. Onuň bar alan jogaby sessizlik
boldy. Mundanam başga, howludaky
aýallaryň biri gyzynyň adyny tutup,
gaharly gygyrdy: “Daşa, gel bärik!” “Olar meniň bilen oýnamak islemeýär”
diýip, Bermet lapykeç gürledi. “Men
yzyma, Bişkege gitmek isleýän. Men öz
dostlarymyň, Akerkeniň, Merimiň,
Aýdaýyň, Arturyň, Maşanyň ýanyna
gitmek isleýän.” Meniň depämden gök inen ýaly boldy.
Ýer öz okundan sypyp, soňsuz bir
boşluga güwläp gidip barýan ýalydy.
Men öz hal-ahwalymy diňe şu sözler
bilen beýan edip biljekdim. Wagt geçdigiçe meniň Bermet bilen
edýän gürrüňlerim şol bir zatlaryň
gaýtalanmasyna aýlandy. “Meniň bilen hiç kim oýnamaýar.”
“Olar seni tananoklar-da, Bermet.” “Ýok, olar yzgytsyz.” “Çagalar bagynda hemme zat gowy
bolar. Sen bir topar dost edinersiň!” “Olar näme üçin meniň bilen oýnamak
islemeýär? Men olaryň ýanyna
barýaryn, emma olar meniň bilen
gürleşmeýär.” Men şu ýerde bir zady açyklamak
isleýärin, Bermet rusça meniň özümden
hem gowy gürleýär. Onsoňam onuň
Bişkekde dürli milletlerden bolan bir
topar dosty bar. Howludaky gettolar Balaşiha ýakymly atlardan dos-doly. Bu
ýerde “Solnyşko” - “Güneşli” awtobus
duralgasy, “Pole çudes” - “Gudratlar
meýdany” mikroraýony bar. Hatda
şäheriň öz ady hem fin-ugor dilindäki
“gülki we şatlyk ýeri” diýen sözlerden alnana meňzeýär. Bu atlaryň hemmesi
biziň her öwrümde diýen ýaly duşýan
sowuklygymyza büs-bütin gapma-
garşy gelýär. Bir gün biz öz mikroraýonymyzdaky
çagalar meýdançalarynyň ählisine
aýlanyp görüp, ahyrynda hem öz
öýümize golaý bir ýerde saklandyk.
Bermet ikimiz bilen, hamala ýolda
başga hiç kim ýok ýaly, ne salamlaşan boldy, ne-de baş atyşan. Nätanyş
adamlaryň sowuk nazarlary bizi çar
tarapdan dürtýän, iteleýän, hürsekleýän
we “siz keseki, keseki” diýip, sessiz
dalaýan ýalydy. Bermet bir skameýkada oturyp, daş-
töweregine göz gezdirdi. Bu ýerdäkileriň hemmesi ors däldi. Ol
ýerde kawkazlylar hem bardy, olaryň
çagalary rusça geplemeýärdi. Olar bir
skameýkanyň ýanynda üýşüp durdylar.
Ikinji skameýkanyň ýanynda ors aýallar
ýygnanypdylar. Bermet ikimiz bolsa üçünji skameýkada otyrdyk. “Täjikler” Ertesi gün ol ýerde garry aýallar
tarapyndan eýelenen skameýkada diňe
bir orun boşdy. Ol aýallaryň biri maňa
alarylyp seretdi-de, “porsy” täjikler,
olaryň nähili “medeniýetsizdigi” barada
gaty-gaty gürlemäge başlady. “Olar uzak gije gygyrýarlar, irden bolsa porsy
ýorganlaryny balkonda serýärler” diýip,
ol aýtdy. Ol meni täjik hasaplan bolarly. Hakykatda ol ýerde özbekler köplük
bolup ýaşaýardy. Olar migrant işçilerdi
we hünärsiz günlükçilerdi. Olaryň
çagalary rusça geplemeýärdiler we çaga
meýdançalaryndan gaça durýardylar.
Emma o taýda täjik ýokdy. Bir gezek men öýe santehnigi
çagyrdym. Telefonda ýaşaýan ýerimiň
salgysyny beremde, ol maňa bu ýerde
“çurkalaryň” köpdüginden zeýrendi.
Ýöne ol on minut soň, kwartiranyň
gapysyny açanyň hem şol diýýän “çurkalaryndandygyny” görüp, birjigem
rahatsyz bolmady. Gara Emma Çagalar bagynda bolan birinji gününden
soň Bermet meniň ýanyma gelip, “Eje,
meniň endam-janym gara. Meniň
saçlarymam, gözlerimem, hatda
derimem gara” diýdi. Men bir pursat doňup galdym, emma
özümi şadyýan görünmäge mejbur
etdim: “Seniň aýdýanyň dogry, balam,
biziň ikimizem gara gözellerden” diýip,
aşhanada duran ýerimden gygyrdym.
Men onuň bu sözleri nireden eşidenini yzarlajak bolmadym. Ol çagalar bagyna iki aýlap gatnandan
soň hem hiç dost tapynyp bilmedi. “Sen biziň toparymyzdan däl. Biz seniň
bilen oýnamak islämzok” diýip, Bermet
bir gün maňa Wika hem Daşa atly
ýaşytdaşlarynyň aýdan sözlerini aglap
gürrüň berdi. Men öz çagama diňe hoşniýetli
garalmagyny isleýärdim. Haçanda onuň
bu ýerden gitmeli wagty gelende, men
özümi adat bolan hoşlaşyk tortuna
getirmäge mejbur edip bilmedim. Oňa
derek men çagalar bagynyň müdirine öz nägileligimi bildirmek kararyna
geldim. Biziň düşünişmämiz, garaşyşym
ýaly, bir sagatlyk dawa-gykylyga
öwrüldi. Ol men Bilim ministrligine arz
ederin diýip haýbat atýançam ýan
bermedi. “Eger bir ýalňyşlyk bolan bolsa,
bagyşlaň” diýip, ol ahyrynda kynlyk
bilen ötünç sorady. Ýöne barybir
Bermet bilen hoşlaşmady. Şol gün öýe gelip, men Nýu-Ýorkda
satyn alan Emma atly gurjagymy
bagryma basdym. Emma Bermet bilen
boýdaş, buýra saçly afrikan-amerikanyň
şekilinde ýasalan gurjakdy. Onsoň biz üç
bolup, “Gudrat meýdanyna” gezelenje çykdyk. Bu biziň bir-birege çydamlylyga
goldaw üçin we başga milletleri
halamazlyga garşy geçiren sessiz
protestimizdi. Gaýdyşyn liftde bize başga-da bir
maşgala goşuldy. Ýigrenç howany
agraldan ýaly duýuldy. Olaryň çagasy
bir zada yrsarap, şumjardy. Onuň ejesi
biziň Emmamyza seredip, “maýmyn
bolma” diýip, çagasyna azgyryldy. Moskwada Bitewilik günündäki rus
ýörişi 4-nji noýabrda, aşa milletçileriň bu
ýurtdaky kawkazlylara we we başga
emigrantlara garşy protest geçirýän
güni bolan Milli Bitewilik gününde men
rus ýörişi barada habar taýýarladym.
Müňlerçe protestçiniň arasynda men Bermetden uly bolmadyk bir gyzjagazy
gördüm, ol uly adamlaryň biriniň
eginde otyrdy we olar bilelikde
gygyrýardylar: “Moskwa moskwalylar
üçin! Orsýet orslar üçin!” Ol gyzjagaz,
protestçileriň köpüsi ýaly, ýüzi maskalydy. Demonstrasiýa gelenleriň
köpüsi ýaş ene-atalardy, olaryň
ýanlarynda kolýaskalarda ýatan
çagalary hem bardy. Onsoň men Bermet
bilen bu ýerden çaltrak gitmelidigime
düşündim. Bişkege uçmazymyzdan öň men
ýaşaýan kwartiramyň äpişgesinden
mikroraýonyň beýleki jaýlaryna seredip
durdum. Hatda daňdan sagat üçde-de
garşydaky jaýlaryň üçüsinde çyra
ýanýardy. Onsoň meniň kalbymda çekip-çydap bolmajak bir duýgy döredi-
de, bir zat demligimden ýapyşan ýaly
boldy. Men öz Bermedimiň başgalar
tarapyndan boýnuna dakylan kemislik,
kemsidilmek duýgusy bilen ösmegini
islmeýärin. Meniň dürdäne gyzymyň kem zady ýok, ol bir allanäme çaga. Men hiç zada düşünip bilmeýärin. Biz
Dubaýda-da ýaşadyk we Bermet ol
ýerde-de çagalar bagyna gatnady. Ol
ýerde çagalara her kim, derisiniň ýa
gözüniň reňkine garaman, mähirli
bakýar. Araplar çaglaryň başyny emaý bilen sypap, mylaýym ýylgyrýalar. O
taýda adam ýeňil dem alýar, egini
gysyp, darykmaýar. Bu Bişkekde hem
şeýle, bizde hiç kim hiç kimi ala
tutmaýar, ýekirmeýär we başga-başga
toparlara bölmeýär. Adamlar maňa bu gören zatlarymyň
diňe Moskwanyň eteklerinde
şeýledigini, emma Moskwanyň özünde
adamlara çemeleşmäniň
başgaçadygyny ynandyrjak boldular.
Olar maňa sen gaty ynjyk, peşeden pil ýasaýarsyň diýdiler. Ýöne men bäş
kilometr aratapawudyň, hususanda
Moskwada adamlary birden has
rehimdar edip biljegine ynanyp
bilmedim. Adamlar munuň näme üçin beýledigini
dürli-dürli düşündirýärler. Olar munuň
yzgytsyzlyk däldigini, ýadawlykdygyny
aýdýarlar. Emma meniň üçin bularyň
parhy ýok. Biz indi gidýäris we men
ertir barada ertir pikir ederin. Moskwada ýaşan iki ýarym aýynyň
dowamynda Bermet iki kilo semräp, 17
kilolygyndan 19 kilo boldy. Onuň
Moskwada artan şol iki kilo agramynyň
bir kilosy gam-hasrat bolsa gerek. “Men Moskwany halamok. Bu ýerde
adamlar gaty yzgytsyz!” Bu Bermetiň
Orsýete aýdan hoşlaşyk sözleridi. Bu makala ilki rus dilinde
Gyrgyzystanyň chalkan.kg habar
gullugy tarapyndan çap edildi.
-
jumanji
13 years ago
- sagbol kabmin doly ýazgyny ge4ireniñù4n. Byraz gynandym bermeta.
-
URGENCLI
13 years ago
- yer adamyň watanydyr, ähli adam dogandyr
ALADIN 13 years ago- www.azathabar.com
Çe$mäñi görkezmeli.