jaýdar düshen goshgy! Okap görüñ... Www.annagurban.com Öwülýän oglan Olam ozal biz dek gara balakly, Neýlon köýnek ýigdekçedi, köwşüni Diňe tozandan soň täzelärdi, wah, Gör-ä indi ony hemmäň öwşüni! Gör-ä oňa goşulaýýan goşgyny, Dogry, käsi gowşak, ýa suwjuk aşa. Emma bary diýýär: “Sensiz boljak däl, Biz öleli, emma sen uzak ýaşa!” Belki, Ýaradanyň özi hem entek Gören däldir beýle öwgi, dat-bidat. Biri diýýär: “Walla, öwsek – ýykylar, Mundan öňkem şeýdip bolupdy bibat!” Olam ozal biz dek garyp-pukara, Bolmanda baý däldi, ulus il hordy. Bir manady taksä berip bilmezdik, Ýanymyzda bolsa köpüjek bordy. Meger, iliň aglabasy henizem Çaý bilen çörege daňylan mäkäm. Emma ol bezenip başlady birden, Ýerini alansoň göleren tekäň... Zeýrenýär adamlar: “Her gün sypanyp, Surata düşeni owarram diýsek; O surat köçede, işikde, öýde, Ömrümize tegek içsek ýa iýsek.” Ol maşyna münse, ýapylýar ýollar, (Ýoluň ýapyk bormuş garganda taňry!) Uly, kiçi, naçar, göwreli gelin, Döşünden itilip, kowulýar aňry... Biri diýýär: “Bagty çüwen, getiren!” Beýlekisi diýýär: “Barýarsyň nirä?” Gatyrak gürläne ýetişýär taýak, Ýolun tapan gaçýar petige diräp... Olam ozal biz dek arzan balakly, Neýlon geýen ýigdekçedi, köwşüni Diňe tozandan soň täzelärdi, wah, Gör-ä indi ony dünýäň öwşüni!.. 15-nji oktýabr, 2011.

Köneler, kabmin tarapyndan 12 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir