ine‚ barýaň umydyňa büdüräp‚ egniň horlugyna utanyp çala. uzakda orkestr joşup-titiräp‚ tans edýär owadan gyzlary bile. hor ellerňi çykaroňok ýeňiňden‚ olar birden ýere ýetäýjek ýaly. geçip barýaň ýigitleriň deňinden‚ gulaga ýakymsyz bir saz mysaly. undup bilmän görmeksizje doglanyň‚ ýüregiňde hoş arzuwlar besleýäň. geçip barýaň bir syratly oglanyň‚ mylakatly söz aýdaryn isleýäň. emma ýigitleriň öz gaýgysy bar: ýörite ýag bilen saçlaryn darap‚ olar wagtdanam ozup barýarlar‚ özlerniň owadan gyzlaryna tarap. ah‚ horja gyz‚ horlugyňdan horlanýaň/. saňa hoş söz diýjek ýigit nirede? bu şäherde näçe diýseň ýigit bar‚ seni öýe ugradanok biri-de. gyzlaram ýanyňa delmuryp gelip‚ owadan gülüşip ýüregňe düşýär. olar görmegini artdyrjak bolup‚ gezegine seniň bilen tirkeşýär. öýe gelýäň. gyýýar ýürgňi ünjiň‚ hasratdan çekilýär iki owurdyň. aglaýarsyň: «ah ‚ eje jan‚ nämüçin meni beýle betgelişik dogurdyň?» emma goňşy gelin—bir görmegeý dul atasyz ogluna günäli bakýar. hem seniň tersiňe‚ gussa-gam çekýär: «owadan dogulma‚ bagtly dogul!» aglama‚ gyz! uýajygym‚ gam çekme‚ bilip bolmaz ykbalyňy öňünden. bu howlukmaç ýigitlere at dakma‚ kim geçenok öz bagtynyň deňinden. käte şeýle bolýar: görkdür-görmek gidip otyr il içinde at alyp‚ ýöne‚ nämüçindir‚ tylla ýüzük dek‚ ýolda‚ gum içinde galýar sadalyk. tekepbir bol‚ çykyp bolmaz gaýa dek‚ sada bol‚ aýlaryň doguşy ýaly. şeýle ýigitler bar‚ (olar bar entek) sen dek gaýalarda olaň hyýaly!
Görmeksizje gyz ...
-
littil
13 years ago
- gaty gowy goşgy sposiba.
şular ýaly ýagdaýda özüňi pes tutmaly däl utanmaly däl, gaýtam oglanlar utansyn şular ýaly gyzyň göwnini tapyp bilmeýänine.
-
prezident
13 years ago
- Aý bu wagda horja gyzlary gowy görýälerä,.nemedä ol... Koroçe modada-da.
-
makgush
13 years ago
- Prezident do! Horja bolsa nemedäýmese......
Aý hawwada "çişik" bolsa olam birhilidä.
-
magnit
13 years ago
«owadan dogulma‚ bagtly dogul!»
Manyly setirler eken sagbol yetirenine richer!
-
Jasminka91
13 years ago
- $u goshgyny $eýle gowy göryan,$eyle ýùrege yakyn go$gy in sonky kùpledi hasam.yetirenin ucin köp køp sag bol.
-
Pobeda
13 years ago
- Jasminka91 senem horja oytyan goshgyny halapsyn welin
-
Jasminka91
13 years ago
- Hökman horja bolsan halamalymy name go$gyny pobeda?halan bolsam mùmkin horjadyryn:-)
-
Pobeda
13 years ago
- Aý horja bolsan erbet dala men yöne diýdim gaty görme mena horja gyzy gowy goryan....
-
1merdan
13 years ago
- sag bol hiç ýadatmaýan goşgy
-
Tilkijik
13 years ago
- Goshgy bet bolupdur
-
asdas
13 years ago
- utanmaly dal name ol zakaz edip alan daldira sho shekli. Bu allahyn takdyry. Yone sheyleleri kemsidyanlerem barda gynansakda.........
-
Ayjagash
13 years ago
- Gowy goshgy. Her gezek shu goshgyny eshidemde kinosy yadyma dushup gityar. Sag bol.
-
prezident
13 years ago
- kinosam barmaý oň, hää?
-
Ayjagash
13 years ago
- Waý hawa bar cheper bolmaly gyzyng adam sho kinodaky.
-
prezident
13 years ago
- salam aýjagash!kinoň ady ýadyňa düşünokmy?
-
Ayjagash
13 years ago
- Salam. Ýok adyna bilmedimda. Gysgajyk kino bolmaly.
-
magnit
13 years ago
- ceper diyip bir medsestra gyz bolup oynayara how bolnissa eltilen merdan atly oglana ashyk bolan bolya, tahýa tikip beren bolya ...garaz gowja kino)
-
Richer
13 years ago
- sag bolun dostlar we talyplar , menem su gosgyny gozlap tapdym gownune degmek gaty erbet zat ! ' Gyz gowni nazikdir ' diyip yoneligine aytmandyrlar !
-
magnit
13 years ago
- dogry
makgush 13 years ago- Ah, horja gyz-horja gyz!
Horlugyňdan gam cekme,
geler saňada bir gun,
ak atly bir şazadaň!