sen-ä aldan bolýañ, bizem ynanan, sen-ä aglan bolýañ, bizem gynanan, ýurt çapylýar, dogry, alajymyz ýok, il soýulýar, ogry -- pirmi-hajy-hak, sellelimi, sellesizmi, penjekli, bir aýally, iki aýally, parhy nä, gidip otyr, saklaýan ýok dur diýip, iýen iýip gidýär, sümüren sümürip. sen-ä aldan bolýañ, bizem ynanan, onsoñ ikimizem bolýas guwanan, bir-birege söz saýlaýas ýüreksiz, (ýüreksiz ýaşaýan galmaz böreksiz), kiçi dilden bärde ýylgyrýas uly, nätjek, adam ogly garnynyñ guly, çörek hem aýmança, aýlanarsyñ sen, tans edersiñ, bökjeklärsiñ, oýnarsyñ, belki, kä gullardan saýlanarsyñ sen, belki, biraz öz göwnüñi aldarsyñ sen-ä aldan bolýañ, bizem aldanan, iller goldan bolýar, senem goldanan, dilegçi, tamakin, soranjañ gözler, ýyryş-ýyryş, ýöne tuwaksyz ýüzler, inkubator jüýjesi deý köpelýär, çynyn diýjekleriñ agzy dykylýar, bu öñden, gadymdan ýörelge, adat, çynçyly gamçyla, gandalla, ýadat, ýalança altyn dök göz edip ile, goý, hemme düşünsin, nämede hile! sen-ä iýen bolýañ, bizem iýilen, belki, şunuñ özi durmuş diýilen?..
Belki durmušdyr
-
Adgjmptw
13 years ago
- Gowy ýazylypdyr.
-
student3
13 years ago
- sag bol dost. seneiň ýazýan goşgularyňa söz ýok 1merdan | 2011-11-30 18:29:57
dogurdanam awtory kimkä?
-
Maksim91
13 years ago
- Gowy go$gy sagboluñ!
-
makgush
13 years ago
- Prosto net slow! Sagbol richer!
-
Jasminka91
13 years ago
- Gowy go$gy ekeni durmush hakda sag bol yetirenine.
-
littil
13 years ago
- sposiba gowy goşgy. :)
-
Richer
13 years ago
- sag bolun dostlar , Awtor : puskin !
-
littil
13 years ago
- aý kim bilipdur puşkindygyny men diýäýmeli ekeniňdä hahaha :)
-
student3
13 years ago
- men bildimä bolmasa bilinmezdem
-
suvat
13 years ago
- hakyky durmush hakda kop kop sag bol bize ýetireniñ ùçin
-
adamjyk91
13 years ago
- Hakyky durmushda... Okanda durmushdaky ahli zat goz onune gelip dur... Saol dost.
1merdan 13 years ago- sag bol dost. seneiň ýazýan goşgularyňa söz ýok