Alyp gaçsam Juma Kel-iň gazyny... (Degişme) Jean Claude-y bulýona öwürsem, Mike Tyson-y ýumruklaşyp ýumursam, Arnold-y demimizde gowursam, Arnold gara negr boljagyny bilýän... Döwüp bilsem Jackie Chan-yň dyzyny, Alyp gaçsam Juma kel-iň gazyny, Alyp gaçsam George Bush-yň gyzyny, Kakasy yzymdan geljegini bilýän... Türkmen bilen türk doganlar garyşsa, Tarkan bilen Laçynjan ýaryşsa, Bile güler ýüz bilen garaşsa, Bir millet, bir döwlet boljagyny bilýän... Ronaldo-ny utup bolsa aýakda, Hindilerem taý bermezler taýakda, Пушкин-i görsem men şu ýerde, Пушкин-iň direlip öljegini bilýän... Madhuri-ni bir gün öýe getirsem, Onuň bilen gol tutuşyp otursam, Ýorganynda bir gijäni geçirsem, Shahrukh Khan-yň "ýok" diýip galjagyny bilýän... Artykjanam görse Aishwaria-ny, Ýatdan çykarar Aýna ýaryny, Aýna höwes eýläp geýse sari-ni, Ýene Artyk-Aýna boljagyny bilýän... Şu zatlaryň bary bolaýsa eger, Dostumjanyň eden işine deger, Asmandan gar bolup dollar ýagar, Dostum, adyň dünýä doljagyny bilýän... (Maryly Wäşiler) Awtorny bilemok.eger bilseňiz aýdaýyň.
Gošgy
- 
                Mahrish
                13 years ago
                
 - Gaty gowy degi$me eken. Sag bol ýetireniñ un
 
- 
                Jasminka91
                13 years ago
                
 - Arzuwam etmandir:D sag bol payla$anyna
 
- 
                Dobry
                13 years ago
                
 - tarkan bilen lacyn caknyshsa diysene hov yalnyshma
 
- 
                karakoz89
                13 years ago
                
 - gaty gowy dal eken
 
- 
                tekegyzytatyana
                13 years ago
                
 - duybunden manysyz gosgy yylgyrmadymam. Marly wasilerem halamak gaty yuwan
 
- 
                asdas
                13 years ago
                
 - itin diligi kabul bolsady, asmandan sunk yagardy.....
 
- 
                magnit
                13 years ago
                
 - gitarada bet gidyara
 
- 
                makgush
                13 years ago
                
 - Bet !
 
- 
                ependi
                13 years ago
                
 - her bir danan mun bolsun
 
mirasymyz 13 years ago- Sagjabol dost, gülkünç goşgy eken.