Arapmuhammet han 1602-1621-nji ýyllarda Hywada hanlyk edipdir.Ol ilki Durunyň hökimdary, kakasy Hajymuhammet han ölenden soň, bütin Hywanyň hany bolýar. Onuň hökim süren döwürinde Harezmde gazaply gan döküşikli feodalçylyk uruşlary bolypdyr. Şol uruşlara türkmen han –begleri we taýpalary köpçülikleýin gatnaşypdyrlar. Ol uruşlar Horezimi we bütin Orta Aziýany Rus döwleti bilen baglanşdyrýan söwda ýollaryny, ýer-suwy, syýasy häkimiýeti eýelemek maksady bilen alnyp barylypdyr. Arapmuhammet han halkyň suwa bolan mätäçligini ýeňilleşdirmek üçin 1602-nji ýylda Amyderýanyň aşak akymynda, Nöküsiň demirgazyk tarapynda uly kanal gurdurypdyr. Emma bu hem suw ugrundaky göreşi gowylaşdyryp bilmändir, suw gytçylygyny kanagatlandyrmandyr. Arapmuhammet han döwürinde Horezmde ilki türkmen han begleri agalyk ediji ýagdaýy eýeläpdirler, emma soňra birwagtlar bu ýerden göçüp giden goňratly, maňňytly özbek taýpalary we başgalar Horezma gaýdyp gelipdirler.Şol taýpalaryň han begleri özleriniň ozalky agalyk ediji ýagdaýyny eýelemek ugrunda dawa edip başlapdyrlar. Arapmuhammet han olaryň talaplaryny kanagatlandyrmandyr. Şoňa görä-de, naýmanlar we uýgurlar Arapmuhammet hana garşy bolypdyr. Arapmuhammet hanyň ogullary Hebeş we Ilbars bolsa şolara daýanyp, öz kakasyna garşy çyk Türkmenistanyň ylymlar akademýasynyň “ENSIKLOPEDIÝA” neşirýaty Aşgabat -1992 ypdyr, ony tagtdan agdaryp we gözini oýupdyr
Arapmuhammet han
-
ependi
13 years ago
- capbi, sagbol
-
Kuraldyshy
13 years ago
- arapmuhammaet, nedir ......we yene yeneler..
name üçin türkmenlerimiz 'ulalandan' son özümüze duşman çykyarka?
-
magnit
13 years ago
- ogullary kakasynyn "manlaýyndan dirapdir"
-
ependi
13 years ago
- nadip
-
URGENCLI
13 years ago
- GYMMATLY MAGLUMATLARYN ÜÇIN SAGBOL 1MERDAN. YENE-DE YAZYP DURMAGYNY HAÝYŞ EDYÄRIS.
-
1merdan
13 years ago
- sag bol Urgençli dost bildigmizden ýetireris
-
Jasminka91
13 years ago
- 1merdan maglumatyn ucin sag bol.taryhymyzy bilmek biziñ borjumyzdyr.
-
Jasminka91
13 years ago
- 1merdan maglumatyn ucin sag bol.taryhymyzy bilmek biziñ borjumyzdyr.
-
Jasminka91
13 years ago
- 1merdan maglumatyn ucin sag bol.taryhymyzy bilmek biziñ borjumyzdyr.
AHAL 13 years ago- biwepa oguldan gelip biljek zatda. Pahyr oz ogullaryndan yanytdyr.