16 njy asyrda Türkmenistanyň Etrek, Gürgen etraplarynda ýaşap geçen görnükli türkmen serdary Aba serdar türkmeniň okly taýpasynyň kethudasy bolypdyr. Ol Türkmenistanyň geçmişinde”Aba serdaryň gozgalaňy” ady bilen belli bolan halk gozgalaňyna başarjaň serkerde hökminde ýolbaşçylyk edipdir. Bu gozgalaňyň döremegine halk köpçüliginiň çykgynsyz jebir-sütemlere sezewar edilmegi sebäp bolupdyr. Şol döwürlerde Etrek, Gürgen türkmenleri(gökleň, okly, ýemreli we beýlekiler) Hywa hanlygynyň raýaty hökminde Horezm soltanlaryna agyr salgyt(pul, mal we nöker) töleýär ekenler. Munyň üstesine-de 1550-nji ýylda Eýranyň Astrabat welaýatynyň täze häkimi Keçal Şahberdiniň hem türkmenlerden agyr paç ýygnamaga synanşygy netijesinde, halys degnasyna degilen halk ejizlere garşy aýaga galýar. Gozgalaňçylar Aba serdaryň baştutanlygynda eýranly salgyt ýygnaýjylaryň ýolbaşçysy hem-de Keçal Şahberdiniň garyndaşy Şatyr begi öldürýärler. Muny eşdip, gahar-gazaba münen Keçal Şahberdi türkmenleriň üstine agyr goşun çekip barýar. Okly türkmenleri onuň goşynyny derbi-dagyn edip, özini hem tutyp öldürýärler. Şondan soň gozgalaňyň dabrasy dag aşýar, bütin türkmen obalaryna, şeýle hem Astrabadyň käbir etraplaryna ýaýraýar. Eýran şasy Tahmasp şanyň(1527-78) uly goşyn iberip, Aba serdaryň gozgalaňyny ýatyrmak üçin eden birnäçe synanşyklary şowsuz bolypdyr. Aba serdar Eýran bilen öňden bäri urşyp gelýän özbek hökimdary Aly soltan bilen ylalaşyk baglanşýar we onyň köpüsi özbeklerden ybarat bolan goşynyna daýanyp, Eýran goşynynyň 1554-nji hem-de1557-nji ýyllarda eden uly hüjimlerini kül-peýkun edýär . Bu ýeňişler Aba serdara uly şöhrat getirýär. Ol bütin Astrabat welaýatyny diýen ýaly öz raýatyna geçirýär. Türkmen atly ýigitleriniň şöhratly serkerdesi Aba serdaryň bu söweşleriniň netijesinde bütin kenarýaka türkmenleri 10-12 ýyllap eýran häkimýetlerine garaşsyz bolypdyrlar. Gozgalaň netijesinde Etrek sähralaryndaky türkmen taýpalarynyň birleşmesi emele gelipdir .Birleşme Aba serdar öldürlenden soň(ol ukuda ýatyrka Eýran häkimetiniň ýörite tabşyrygy bilen, öz pars aýalynyň guly tarapyndan öldürilýär) soň hem birnäçe wagtlap dowam edipdir we türkmenleriň özbaşdaklygyny gorap saklapdyr. Batyr serkerdeAba serdaryň baştutanlyk eden gozgalaňy onyň öldürilmegi bilen kem-kemden ýatyşyp hem bolsa, türki halkyna syýasy taýdan uly abraý getiripdir . Soň-soňlar hem Astabat ülkesinde türkmenleriň täsiri güýçli bolypdyr. Umuman, Aba serdar türkmen halkynyň azatlygy, garaşsyzlygy ugrunda jan aýaman göreşen gaýduwsyz serkerde hökmünde taryhda yz galdyran şahyslaryň biridir Türkmenistanyň ylymlar akademýasynyň “ENSIKLOPEDIÝA” neşirýaty Aşgabat -1992
TÜRKMEN HANLARY
-
URGENCLI
13 years ago
- 1merdan dost beyleki taryhy şahslarymyz hakda-da bize yetirseniz örän hoşal bolardyk.bize yetiren gymmatly maglumatlaryn uçin kop sagbol.
-
Bahelke
13 years ago
- Turkmen hanlary serdarlary gaty akylly gahryman gayduwsyz adamlar bolupdyrlar 6olan taryhyny bilmek biz ucin parzdyr !!! men Juneyt han barada gaty kop zatlary e6itdim yone doly dogry maglumat bilesim gelya kim bilyan bolsa gayrat edip yazyn !!!sagbolun !!
-
Yegen
13 years ago
- Sag bol Merdan, gyzykly taryh! Ýene ýetirip duruñ!
-
Pobeda
13 years ago
- 1merdan sag bol paýlasanyña
-
1merdan
13 years ago
- bahelke dost men indi günde bir han hakda ýazmakçy alfawit boýunça.
-
ependi
13 years ago
- merdan dos sagbol
-
magnit
13 years ago
- merdan berekella +
-
turkmenntug
13 years ago
- sag bol Merdan agam.
-
dollar
13 years ago
- saul merdan druk
-
Bahelke
13 years ago
- saw merdan doss tuweleme onda sen hemme hanlarymyzy bize tanadarsyn sagja bol !!
-
yuan
13 years ago
- 1 yuan menden+
AHAL 13 years ago- halkyn içhinde enteg enteg atlary yatdan çhykmajak, gahrymanlar kopdir.