Öten ag$am uzak gije ýatmadym, Gaýry aladany sowrup ýele men, Käbäm enem, çatdygyça gurbumyñ Sen barada go$gy ýazdym ýene men. Ýok, bedende argynlygy duýamok, Gürrüñinem edemok men bir gijäñ. Azap ýerne gowu$dymy? - gorkym $ol, Ukusyzlyk - bu bir öwren$en pi$äm. Eger-de azabym gowu$yp, birden $ol $ygyr göwnüñden turaýsa seniñ, Onda umytlarym ganatyn ýaýar, Depäm göge ýeter, ezizim, meniñ. Onda sallançagmy üwräp, irkilmän Geçiren gijeleñ birje munduny Ýerine saldygym bolardy, belki, Berdigim bolardy halal muzduny. Ýöne senden gizlemäge çakym ýok, Gorkym kän $ol ýazan $ygrymdan, käbäm! Halamasañ ynjamagyn ogluñdan, Haýy$ bu, geleýin dogrymdan, käbäm! Diýmegin: "Söý$iñiñ ugry ýok, ogul!.." Diýmegin: "Az eken hormat-sylagyñ!" Gara$gyn ýeneki $ygyrlaryma, Henizler öñdedir meniñ synagym. Geçerin synagdan, bolmaz ahyry, Ba$armasam galam alman ele men. ...Käbäm enem, çatdygyça gurbumyñ Sen barada go$gy ýazdym ýene men. Italmaz Nuryýew
Haýy$
-
Bravo
13 years ago
- ejejan ejejan
elim aýagm bişdi
Aşgabadyň ýoly
meniň ýüregme düşdi... =)
-
Friendship
13 years ago
-
Mahrish
13 years ago
- Ba$agaý bolup oturshyma wagtyñ ep esli bolanyny duýmandyryn. Birden kitaplarymyñ arasyndan mähriban käbämiñ suraty çykdy. $ol pursat okan zatlarymy unudypdyryn. Syrda$ym bolan käbämi $eýle bir kùysedim. Haçan, nirede bolsamam mähriban käbämiñ nurana ke$bi meñ bilendir...
-
AHAL
13 years ago
- yaman owadan gelin ekenlay o.))
-
friend90
13 years ago
- gaty gowy yazylan goshgy ...
-
Jasminka91
13 years ago
- Enen gezip ýörka yerin ùstùnde,
yaza barabardyr gy$yn howasy.
"dogadan nem tapdym "diyyan bar bolsa
meger $ol doga-enan dogasy.
K.gurbannepesow.
Sapa go$gyny biz b.n payla$anyna minetdar!
-
littil
13 years ago
- gowy goşgy enelere aýdan sözüň az eneler dursun dünýäde. sposiba
-
1merdan
13 years ago
- gaty gowy goşgy dostjan
magnit 13 years ago- gowja setirler eken sagbol