Orsýetiň prezidenti Dmitriý Medwedew çarşenbe güni Günbatara ýiti duýduryş berdi.Medwedew, eger-de Birleşen Ştatlar özüniň Ýewropada ýerleşdirmegi planlaşdyrýan raketa hüjüminden goranyş sistemalary boýunça Moskwanyň bildirýän aladalaryna gulak asmasa, onda göz öňünde tutulýan şol sistemalary nyşana almak bilen duýduryş berdi. Medwedewiň görkezmesi Orsýetiň lideri çarşenbe güni telewideniýe arkaly eden beýanatynda şeýle diýdi: —Men ýurduň harby güýçlerine, eger- de zerurlyk ýüze çyksa, raketa hüjüminden goranyş sistemalarynyň maglumat we dolandyryş serişdelerini ýok etmek barada degişli görkezme berdim. Eger Amerikanyň galkan planynyň Orsýete howp salmajakdygy barada kanuny deliller getirilmese, beýle ýagdaýda Ýewropa Bileleşigi bilen araçäkde ýerleşýän Kaliningrad şäherinde, şeýle-de ýurduň günortasyndaky we günbataryndaky sebitlerde “Iskander” kysymly raketalaryň hem ýerleşdirilip bilinjekdigini Medwedew öz beýanatynda mälim etdi. —Olar özleriniň planlarynyň Orsýete garşy gönükdirilmeýändigini aýdýarlar. Olar “Bu size garşy däl, hiç howatyrlanmaň!” diýýärler. Olar bizi köşeşdirjek bolýarlar. Ýöne bu diňe ýerine ýetiriji organ derejesinde edilýän gürrüňler. Käbir ýurtlardaky kanunçykaryjylar bolsa, bize göni “bu size garşy” diýýärler. Haçan-da biz bu meseläni anyk, ikuçsyz, ýurdiki borçnamalaryň üsti bilen kagyz ýüzüne geçirmek baradaky meseläni gozganymyzda, muňa berk garşylyk görkezilýär—diýip, Medwedew belledi. Göz öňünde tutulýan gorag sistemasy Birleşen Ştatlar gorag sistemasynyň Eýrandan ýa-da Demirgazyk Koreýadan bolup biläýjek hüjümlere garşy döredilýändigini, munuň Orsýetiň arsenalynyň öňüni almaga tehniki mümkinçiliginiň bolmajakdygyny öňe sürýär. 2020-nji ýyla çenli gurlup gutarylmagy pylanlaşdyryp goranyş galkan sistemasy Ýewropanyň dürli künjeklerinde ýerde we suwda ýerleşýän radarlaryň we tutup-alyjy raketalaryň ýerleşdirilmegini we olaryň wagtyň geçmegi bilen kämilleşdirilmegini göz öňünde tutýar. Waşington eýýäm Rumyniýada 24 raketalary tutup-alyjy sistemany we Türkiýede radiolokasion sistemany ýerleşdirmek boýunça ylalaşdy. Medwedew öz çykyşynda, eger-de bu mesele boýunça ylalaşykly öňegidişlik bolmasa, onda Moskwanyň ABŞ bilen baglaşan Strategik hüjüm ediji ýaraglary çäklendirmek baradaky şertnamadan hem çykyp biljekdigini aýtdy. Geçen ýyl ylalaşylan bu şertnamanyň çäginde taraplar özleriniň ýadro arsenallarynyň üçden birine golaýyny kemeltmeli. Birleşen Ştatlaryň Döwlet departamentiniň metbugat wekili Mark Toner planlaşdyrylan raketa hüjüminden goranyş sistemasynyň Orsýetiň arsenalyna zeperiň ýetmejekdigini aýtdy. Şeýle-de, Toneriň bellemegine görä, Birleşen Ştatlar “Strategik hüjüm ediji ýaraglary çäklendirmek baradaky şertnamadan çykar ýaly howpa esas görmeýändigini” aýtdy. Ak Tamyň Howpsuzlyk geňeşiniň metbugat wekili Tommi Wietoryň ýaýradan beýanatynda aýdylmagyna görä, “Birleşen Ştatlar öz raketa hüjüminden goranyş planyny kemeltmez we oňa hiç hili üýtgetmeleri girizmez”.
Soñky habarlar
-
prezident
12 years ago
- beee uruş turaýjakmyka....
-
makgush
12 years ago
- Baýbow ! Hudaý saklasyn, uruş bir turmasyn!
-
makgush
12 years ago
- Baýbow ! Hudaý saklasyn, uruş bir turmasyn!
-
idealman92
12 years ago
- usa orslaryn raketa potencialyny gorse yene shertnama baglasharda
-
magnit
12 years ago
- amerikada özùne göwni ýetýändir weli orsýetin ýekeje atom bombasy amerikany çepbe çöwürjek! Tak cto amerika yummaly yerini yumup radaryny akitmese hezil bolmaz, yokarda amerikadan jogap gelipdir "ùýtge$iklik bolmaz" diyip, znacit orsýet herekete giri$megi mùmkin!
-
student3
12 years ago
- urshun gemrishin urshayjak wagtynyz , son bu zatlara eliniz degmez,caga yalay shunca dowlet basynda oturyanlar,akylsyz hereket edyaler (ya imeyu v vidu amerika)
-
nupokodi
12 years ago
- oñu$man ge$dilerow menä tùrkmenlerden gorkýan $olar aýaga galsa nähili bolarka
-
nupokodi
12 years ago
- oñu$man ge$dilerow menä tùrkmenlerden gorkýan $olar aýaga galsa nähili bolarka
-
ALADIN
12 years ago
- sag bol @kambin täzeligiñ üçin $ular ýaly temalaram açyp durmaly sebäbi biz diñ öz ýurdumuz barada däl eýsem beýleki ýurtlarda.da bolup geçýän ýagdaýlardan habarly bolup durmaly.
Russiýa amerkadan galmaz,amerkanlar diñe ur$ bilen baýajak bolýalar haýsy döwlet baý bolsa $ol döwlete çozmakdan ba$ga i$i ýok olar intäk $u rassiýadan gorkýalar ýogsam aziýany basyp aljak olar.Ruslar hakyndan çykaýmasa ba$ga döwletler amerkanlañ öñünde durup bilmez...
-
magnit
11 years ago
- dogry
kabmin 12 years ago
Diýmek amerika dokumentalny kagyz ýüzüzinde "orsýete gaşy däl" diýmese bu radaryñ göniden göni orsýete garşydygyny görkezýär!