essalamaleykum dostlar! Bu temada gelin peydaly, dermanlyk miwelerin biri bolan limon hakynda bilenlerimizi paylashalyn! Bu miwäniň ululygy mandarin, apelsin ­ýaly bolup, reňki olardan has sary bol­ýar. Ýöne limon olardan ýiti turşy taga­my bilen tapawutlanýar.Limonyň aga­jy gyşyn-ýazyn ýaşyl reňkde bolýar. Onuň ýapraklary dökülmeýär. Ol ýylyň ähli paslynda ösüşini dowam etdirýär. Ol ýyly ýurtlaryň ählisinde ösdürlip ýetişdirilýär. Limonyň sykylyp alnan suwu­nyň 5 göterimi kislotadan ybaratdyr. Limon nahara we işdäaçara goşulanda, onuň lezzetini has-da artdyrýar. Mysal üçin, çorbalaryň we işdäaçarlaryň ýa­nynda hödür edilýär. Edil şonuň ýaly-da, gazlandyrylan içgilerde, çaýlarda hem lezzetini artdyrmak üçin giňden ulanylýar. Limonyň düzüminde köp mukdarda C witaminiň bolmagy adamyň bedenini dürli kesellere garşy güýçlendirýär. Aýratyn hem, howanyň sowamagy bilen ýüze çykýan dümewiň bire-bir emi bo­lup durýar. Limon düwnük keseliniň öňüni alýar. Iýmit siňdirişinde,bagryň arassalanmagynda hemde deriniň gözelleşmeginde onuň ähmiýeti uludyr. Ýokumlylygy: 100 gram limonyň düzüminde: belok 0,7 gram, ýag 0,6 gram, uglewod 7,8 gram, kalsiý 41 milligram, demir 0,7 mil­ligram, natriý 2 milligram, kaliý 118 milligram, fosfor 16 milligram, A, B1, B2, B6, C witaminler bardyr. 100 gram limo­nyň iýmitlilik kuwwaty bolsa 43 kaloriýadyr.

Köneler, magnit tarapyndan 12 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir