Bir gün bizem garrarys... Onsoň 'Keýwany, hany bir çaý oturt' diýip, ýaşlygy ýatlap, çaýjagaz süzüp hümmüldeşen bolarys.. Ogul- gyzymyza guwanarys. Çagalarymyzyň çagalary bolar, agtyk söýeris. Pensiýa çykarys, köne dost-ýarlarymyz bilen oturluşyk eden bolarys. Çagalyk, mekdep, gulluk, uniwer, ýaşlyk, iş... döwürlerini ýatlap gözlerimize ýaş aýlarys. Belki uly baý adamlardan bolarys, belkem orta gurply adamlardan. Belki lüks öýlerde ýaşarys; gymmat, soňky model maşynlary süreris; iliň ýetip bilmeýän naharlaryndan iýeris. Soň bir gün geler, dünýämizi üýtgederis. Belki rahatlyk, begenç içinde; belkem azap, puşmanlyk içinde gideris. Emma şonça ýyllyk durmuşymyzda şonça baýlygymyzdan o tarapa ýekeje ýyrtyk jorabymyzam äkidip bilmeris... Adamlar, eliňizde bar bolan zatlaryň gadyryny biliň, şükür ediň. Birek-birege ýylgyryň, hoş sözleri aýdyň. Bu bäş günlik ýalançy dünýäde hamala hiç ölmejekmiş ýaly ýaşamaň. Hiç kimiň ertire çykjagy garantiýa däldir.
Gadryny bilelin...
-
KRIT
13 years ago
- ))))
-
Bilgi
13 years ago
- bu zatlary mena entek amal edyane dushamok!?
-
ALADIN
13 years ago
- Berekella dos gowy pikir ýöredipsiň.
Bizem birhili arzuwlar dünýäsine çümüp gitdik:)
-
balsayat
13 years ago
- дост моладец гелжегин хакда пикир этян экенин
-
Jasminka91
13 years ago
- Dogry aytyan jeihun.hatda karunam baýlygyndan yekeje zat äkitmandir ol dùnya. $ugúnimize $ùkú edelin,gadryny bilip ya$alyn.
-
akylym1989
13 years ago
- oran onat yazylan yazgy, enshalasa menem pulym kopelip bayasam gyzyl yygnajak dal yada pul dine enshalasa gelejegimi pikr etjek entek dirikam birnace yurtlara gezelen etjek ensalasaa bu pikirimi gaytarmaga komek edenine minnetdar!
-
andrey
13 years ago
- inshalla
-
Aristokrat
13 years ago
- Menä heniz ol döwiri gözöñimede getirip bilemok.
-
pida
13 years ago
- onat edibä yazypsyn jeihun07.menem yokarda aydyp gecen zatlaryndan netije chykardym.Enshallah mena pidakar ynsan boljak.
-
pawel
13 years ago
- onsanam o tarapa gidende bu yerde adyn yashar yashar yaly adyn dine gowy ishlerde yatlanar yaly halka peydaly name ishler etmelidigi barada oylanyaryn
-
pida
13 years ago
- gabyryn arkasy uchin ishlan hakyky lezzet shondadyr!
KRIT 13 years ago- ))))