Sähet agañ öküzi, Dañdan ara boshady. Agyp dönüp bögürip, Mesligine bashlady. Oñ sesine goñshular, Ukusyny tashlady, Mes oküzi tutmak üçin Sport ýarysh bashlady. Öküz diýseñ öküzdi, Bir boshasa tutma ýok, Shol öküzden il bizar Güne arkaýyn ýatma ýok. Arkan ýatýan shol öküz, Bu günem betine tutdy. Däli häsiýetne bashlap Gohy bütine ýetdi. Nurjanyñ keleminden, Gördi öküz höziri, Bazara çykmaly kelemiñ Okalypdy töwüri. Gülje gelneje mekgesin, Çagalardan gysgandy. Ony bilmeýän öküz Mekgäni ýuwdup dyndy. Ýene doýman ýuwdundy, Delje zada ymsyndy, Ýorunjamy gördü-de Bäri tarap imrindi. Çilarada bögürip, Göni üstüme ylgady. Ýüpünden tutaýmanmy Goñshy mellege galgady. Zyñlyp honda düshdüm, Ýüzüm ak esgä döndüm, Gorkanmy bildirmanjik, Yzyndan ylgan boldum. Hezil etdi parçalap, Gören zadyn kerçeläp, Ahmal bolsañ özüñem Ýuwutjak ol bir çeýneläp. Meret kakam tommanly, Ylgady öküz tarap, Agaç haýatdan ashanny Görüp galdym bir garap. Oraz çykdy ishikden, Diýdi: "bolupdym gassap, Bular ýaly öküzçäñ Kyn dällaý, ishi harap. Häzir çekiliñ beýläk, Hany göreýin barlap!" Iki ashyp ýer sermedi, Öküz süsende arlap. Bekgi goshun gullukdan, Ýañy-ýakyn gelipdi. Öýünde maýkalyja, Döshün açyp gezipdi. Öküz Bekgiñ maýkasyn, Shahyn salyp geýdirdi. Ýorunjadan ýöredip, Ýalañaçlap goýberdi. Durdy kelje eline Gowaça çybyk alyp, Öküzi kowjak boldy Ony öñüne salyp. Gowaça surat etdi, Durdy keli shobada. Shlýapasy bir ýanda, Pijamasam hol ýanda. Bir topulsa arlap, Kim bolsañam bilenok. Shahyn çala aýlasa, Gaýdyryp göz ilenok. Däli öktz däliräp, Gudurap ýola çykdy. Motorly gelýän Durdyshy Düýrläp joýa dykdy. Agaç haýaty ýykdy, Arlap haýýaty göçdi, Inede Sähet agañ Özem bir ýerden çykdy. Sähet agany görse, Aklyna gelýär öküz, Diñe shondan çekinýär Gorkmalysyn bilýär öküz. Sähet aga gelshine, Shahyna goly ildi, Ýüpüni berkitmek üçin Öküz tarap egildi. Birdenem görüp galdym, Durup bilmän pyñkyrdym, Ýanymdaky oglanlara Göz ümledim, pyshgyrdym. Bary paýyrda berdi, Gülen haýsy, ýykylan, Gülmejek bolýan welin Añrym doldy dykyndan. Sähet aga oýanyp, Öküziñ sesne howlugyp, Geýipdir gyýma derek Gelnejemiñ gyýmasyn. Güne hasam ýaldyrap, Öwshün atýar gaýmasam. Sahet aga bilenok, Özüne aýdaýmasañ. Gelnejemiñ gyýmasy, Gaty gowy gelishýär, Hemmeler ony görüp Agzyn tutup gülüshýär. Sähet aga ilkihä, Bashda hiç zat añmady, Gaýtam bize geñirgäp Göz gytagyn aýlady: "Ýadyñyza oglanlar, Shu wagt gülki düshýär, Men bolsa öküz üçin Añrym tütäp bishýär!" Sheý diýip Sähet aga Gyýmasyn çekjek boldy, Birdenem gözi düshdi, Hemmesin añan borly. Özem görüp ýylgyrdy, Soñra gashyn ýygyrdy, Öküz tarap öwrülip Agza gelenin gygyrdy: "Ahyry menem masgara, Etjegiñä bilýärdim. Shu günä soñky günüñ, Gazana düshýäñ, bilýärmiñ. Ýörüñ oglanlar hany, Ýadansyñyz gideliñ. Bugün bu öküzhany, Öýe tarap ideliñ. Sizi etden doýurjak, Shor etini gowurjak, Ýene masgara etmänkä Muny ete öwürjek!" Baý, bir hezillik bolda, Shordan bashlap çishlige, Näme iýjek basyber Taýyn bolýar ishige!

Köneler, Yegen tarapyndan 13 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir