ÝÜREK HEM BIR GAPDYR, NÄME SALSAŇ ŞOL DAŞYNA ÇYKAR. Hawa gabyň içine suw, bal ýa-da süýt näme guýulsa şol çykar. Adam hem kalbyna nämäni salyp we şony söýse şonyň bilen ýaşaýar. Dini her kim öz erk-islegi bilen saýlaýar. Dinleri, kitaplary aýry-aýry bolan iki adamy bir adam etjek bolmak mümkinçiligi ýok, diňe oňuşmazlyk we duşmançylyk çykar. Dinde zorluk ýok, öz maşgalaň hem bolsa zorlap bilmeýärsiň, ýöne öwüt-nesihat we söýgi bilen düşündirip çagyrmaly. Yogsam senden gorkusyna ýa-da pul ýa başga bir bähbit üçin bolsa ikiýüzlilige barar we ikisi hem günäkär bolar. Dinde jedel gaty seýrek ýerde edilýär.Ony hem Alymlar etse gowy. Men-ä täze agza ýöne özüm-hä şu meselede dialog ýa-da sorag-jogap "gerek däl" diýýän, sebäbi her kim özüni Hakly, beýlekini Haksyz çykarjak bolup, soňy jedele we göwün degmeklige barýar. Eger kim-de kim wagyz etmek islese, başga dinler bilen işi bolman öz dininiň gözelliklerini saýrabersin. Synag dünýäsi bir "ULY BAZAR" ýagşy-ýaman her kim öz harydyny satar. Onsoň hem biziň ýaşaýan obamyzda köneden oturan hristiýanlar bar şu wagt azaldy. Olar öz dini bilen, biz öz dinimiz bilen, dawa-jenjelsiz ýaşalyp ýör. Hiç kim biri-biriniň dinine, pygamberinede dil ýetirenok. Biziň aramyzda hem adamkärçilik gatnaşyklarynyň Ahlagy şeýle bolmaly. Her bir dindäki öwüt-nesihatlary diňleseň "ýaman Adam bol" diýýän däldir. Söýgini, adamkärçiligi ündeýän gowy maslahatlar we rowaýatlar bardyr. Ýöne tapawut diniň ASLY bolan YNANÇ we Ybadatda bardyr. Adama =Hudaý= diýen Butparaz, Hudaý iki ýa-da üçdir diýen hem Müşrik bolup Kapyr bolarlar. Meniň Size we özüme maslahatym şu ynanyp, söýýän Dinimizi, Allahy (j.j.) Sypatlary bilen kämil tanalyň, ybadatlarymyzy Yhlas bilen etjek bolalyň, Ylymdan nesibämizi alalyň we Pygamberimiziň (s.a.w.) we Pygamberleriň (a.s) Ahlaklary bilen Ahlaklanalyň. Jedele ýa söz isribine girmäliň. Hidäýete ermediklere Hidäýet diläliň. Wesseläm.
HER GAP ÖZ IÇINDÄKINI DAŞYNA ÇYKARAR
- 
                idealman92
                14 years ago
                
- Dinde jedel bolmaly däl,emma boljagy ikuçsyzdyr
- 
                mirasymyz
                14 years ago
                
- Miskin aga, gaty dogry belläpsiňiz. Aýdanlaryňyza doly goşulýan.
- 
                Adgjmptw
                13 years ago
                
- Miskin, sen bu ýerde gowja zatlar ýazypsyň, meň temamda-da šeýle pikirlenip ýazsaň özüň üčinem, meň üčinem gowy bolardy.
- 
                Adgjmptw
                13 years ago
                
- hawa gabyň içine suw, bal 
 ýa-da süýt näme guýulsa şol
 çykar. adam hem kalbyna
 nämäni salyp we şony söýse
 şonyň bilen ýaşaýar. dini her
 kim öz erk-islegi bilen
 saýlaýar. dinleri, kitaplary
 aýry-aýry bolan iki adamy
 bir adam etjek bolmak
 mümkinçiligi ýok, diňe
 oňuşmazlyk we duşmançylyk
 çykar. dinde zorluk ýok, öz
 maşgalaň hem bolsa zorlap
 bilmeýärsiň, ýöne öwüt-
 nesihat we söýgi bilen
 düşündirip çagyrmaly.
 yogsam senden gorkusyna
 ýa-da pul ýa başga bir
 bähbit üçin bolsa ikiýüzlilige
 barar we ikisi hem günäkär
 bolar.
 
 beeee..........
- 
                Mergen0492
                13 years ago
                
- miskin,gaty gowy zatlar yazypsyn!
- 
                Yazgeldi21
                3 years ago
                
- Zaya ejeni sikeyn
Tourist 14 years ago- Hm