Allahutagala hezreti Adam aleýhisselamy toprakdan ýaradyp, keşp-şekil berenden soň, oňa entek hiç bir duýgy we düşünje bermänkä, akyly ýaradypdyr, soňra imany, soňra bolsa utanç duýgusyny- haýany ýaradypdyr. Hak tagala Jebraýyla şeýle buýurýar: “Men ynsan atly bir barlyk ýaratdym. Oňa akyl, iman we utanç atly şu üç sypaty äkit. Soňra oňa diýgil, Jenab-y Hak bulardan birini saýlamagyňy emr edýär.” Jebraýyl aleýhisselam bu üç sypat bilen hezreti Adamyň ýanyna gelip, ondan bulardan birini saýlamagyny soraýar. Hezreti Adam aleýhisselam biraz pikirlenenden soň, akyly saýlaýar. Jebraýyl aleýhisselam hem Ylahy emre uýup, diňe akyly hezreti Adam aleýhisselama berýär. Imandyr utanjy alyp, yza dolanmakçy bolanda, iman oňa şeýle diýýär: “Eý Jebraýyl, sen akyly şu ýerde goýup gidýäň. Emma men akyldan aýrylyp bilmen. Biz biri-birinden aýrylmaz ekizlerdiris. Akyl nirede bolsa, men hem şol ýerdedirin. Şonuň üçin men şu ýerde galjak.” Jebraýyl aleýhisselam mundan soň, utanç-haýany alyp ýoluny dowam etmek isleýär. Emma utanjam oňa: “Men imansyz oňup bilmen. Iman nirede bolsa, men hem şol ýerde. Iman akylyň ýanynda galdy, menem imanyň ýanynda bolmaly. Üçümiz hem biri-birimizden aýrylmaz hemralardyrys.” Şeýlelikde, akyl, iman we utanç (haýa) üçüsi-de birlikde hezreti Adama berlip, ol ähli ýaradylanlardan üstün bolýar. Adam aleýhisselam pygamberleriň biridir. Biz ony ilkinji atamyz, ilkinji ýolgörkezijimiz diýip bilýäris. Adam aleýhisselam hakynda kitaplarda agzalýan bu tymsal bize akylly-başly bolmalydygy barada durmuş sapagyny berýär. Söýgüli Pygamberimiz (s.a.w.) hadyslarynyň birinde “Akyly bolmadygyň imany ýokdur” diýýär. Ýagny, akyl taýdan şikesi bolanlara dini jogapkärçilik ýüklenmeýär. Diýmek, musulman akylly-başly adam bolmalydyr. Akylynyň ýanynda imany, imanynyň ýanynda bolsa utanjy bolmalydyr. Musulman şu üç sypaty bilen musulmandyr. Musulman wakalaryň, hadysalaryň garşysynda akylyny ahmal etmeli däldir, akyly bilen bile dini emirleri, dini emirler bilen birlikde bolsa utanç-haýasyny-da ahmal etmeli däldir.
Akyl, iman, haýa
-
solnushkajyk
13 years ago
- Sagboluň
-
vipboy
13 years ago
- Sagja bol mirasimiz! Yenam sholar yaly tema yazmagini, haish etyaz
-
Senem
13 years ago
- Manyly eken. Sag boluñ ýazanyñyza! Gürrüñi dowam etmek hasam gyzykly boljak.
-
mensylap
13 years ago
- Mirasymyz bu diyynalering rowayatmy yada hakykatdan bolan zatmy?
Men beyle zady Adam ata we How enaning yaradylyshynyng taryhyny cheshmesi bolan Towrat kitabynda gormedim!?
-
Bayramsoltan
13 years ago
- Mirasymyz sagbol düngarayshymyzy sheydip giñeldyäniñiz ün. Mensylap gaty görme yöne aytmadan durup bilemok. Tankytlap oturmada, musulmanlaryñ arasyna goshulmasañ gowy boljak.
-
Bayramsoltan
13 years ago
- Meñ temamdada mirasymyza degishli 1 zat yazypdyr mensylap.
-
mensylap
13 years ago
- dogry zat bilen tankytlamak yada sorag bermekde erbetlik goremeok men Bayramsoltan ildesh!
-
Bayramsoltan
13 years ago
- Men mirasymyzyñ aydanlary bn ylalashyan. A sen bolsa ylalashmayana meñzeyäñ. Eysem oñ aydanlary dogry dälmi?
-
mensylap
13 years ago
- Esas nirede? Bu rowayatmy yada hakykatdan hem Hudayyng Yazgylarynda bar bolan zatmy? Eger bar bolsa haysy kitapda?
-
Jemka91
13 years ago
- Sylap siz türkmenmi, trkmnistanda ýa$ýñzmy? $uny dogry jogaplaýsñz jogabyñza görä size 2sany sorag berjek
-
mirasymyz
13 years ago
- Jemka91, men aýdaýyn size ol barada azajyk.
Şu wagt ol amerikada öýdýän. Özi hukukçy. Ýalňyşmasam ýaşy hem 30-40 aralygynda. Öz-ä men dinsiz diýýär. Ýene bir ýerde-de hristiýan dininiň protestant akymyndan diýýär.
Türkmen saýtlaryna girende-de köplenç öz dinini reklama edip, yslamy garalajak bolýar.
Pygamberimiz s.a.w. bilen Kurany Kerime-de dil ýetirýär. Allah saklasyn "şeýtanyň ýazgysy" diýýär.
Agzalar munuň bilen hiç kontakta girmäň, girmäň, girmäň.
-
Jemka91
13 years ago
- Miras aga minnetdar! Sylabyñ ýazanlary meni aglatdy erbet ýazýa Ýöne meni 2 sany sorgñ jogaby gyzyklandyrdyda
-
mirasymyz
13 years ago
- Jemka91 jigim, menden maslahat şoňa sorag berme. Öň berlen soraglary okaryn diýseň şu ýere basaý tmolympiad.org
Şu ýerdäki Diplomat mensylapdyr.
-
mirasymyz
13 years ago
- Hakyky berilmeli soraglary käbir agzalar şol ýerde berdiler. Başgada arhiwi dörüber.
-
Jemka91
13 years ago
- Mirasaga size dü$ündirip bilemok men ba$ga zat dijekdim (oñ dinimiz barada ýazan ýeke harpynam görmek islämok agymtutýa) ol asyl trkmenmi bir?
-
Jemka91
13 years ago
- Men gynansakda dinim barada az bilýän muña utanýanam sylapdan ba$ga zat sorajak, gelse
-
YaSwami
13 years ago
- şu silapmenem antipikirdä haçan görseň, miraszymyz bn ylalaşýan, we dogry belläpdir, Islam medenýetinde-utaňclyk,assyllyk,ynsanperwerlik bolmosa-bir hili adamy dindaram edenok, ýöne dine ynanmaýan bolmosada, şol, häsýetler bar bolsa ,esasanam türkmenler "Beh, musulman ýaly ekenaý " dp nygtar. !
-
Bibisara
13 years ago
- mensylap missioner natsede basga temada pikri yok yaly topulyp seyle dini tema jogap yazyp baslaya garsy pikirleri sylayas elbetde yone senki ote gecmek bolya
tema tasirli gaty sagbolun mirasymyz
URGENCLI 13 years ago- sag bol miras aga