“haýyşym kalbyňy arassa sakla!” haýyşam, kalbyňy arassa sakla: seniň, gör, nähili ajap kalbyň bar. ýagtylýar ol, gökde ýyldyrym çaksa, ýeke söze umman bolup tolkunýar, salkynlara ol, säher ýylgyryp baksa.. haýyşym kalbyňy arassa sakla: sakla ony desterhan deý päkize. sen iýen päkize çöregiň hakla, bugdaý sözüňi diý kalby päk ile. haýyşym, kalbyňy howaly sakla: badalgaňdyr haýyň gaçyp gelende. hiç bolmanda pes işinden jahanyň, bet işinden göter ony belende. haýyşym, kalbyňy juda giň sakla: giň dünýäde darlyk gelişmez, ynsan! kalbyň – gabahatdan gaçybatalga hem saňa zyndan! haýyşym, kalbyňy juda giň sakla: oňa asman bilen zemin ýerleşsin. dymyljan ruhuňy täzeläp herdem, ýagyş geçsin, ýagmyr geçsin, ýel geçsin! haýyşym, kalbyňy arassa sakla: zeý alan toprakda boý alar ýylgyn, zeý alan toprakda baýnamaz çynar. sen içden çüýredip başlasaň kalbyň, soňky yhlas puç bor, gök öwüsmez ýel! hapa kalpda gögermeýär ideal, mukaddeslik… kalbyň jadyly guşdur, ol durşuna ajap, täsin bir hyýal, ol senem göterip, asmana uçsun. haýyşym, kalbyňy juda baý sakla, egsilmez baýlykdyr köňül söýgüsi. dünýäň hazynasyn berseňem hatda halas edip bolmaz ruhy göýdügi. seniň gözleriňde kalbyň görünýä, men oňa gudrata bakan deý bakýan. päk bolmagyn isleseňiz dünýäniň öňi bilen kalby arassa sakla! Nobatguly Rejepow
“haýyşym kalbyňy arassa sakla!”
-
turkmenntug
13 years ago
- ajaýyp goshgy.sag bol Mervli dogan!
-
magnit
13 years ago
- merw92 önki agzalarmyzdan biri bolaymasa :-)
-
Kuraldyshy
13 years ago
- merw gosgy dıysen gowy eken,sag bol. şeydıp gowy gosgulary paylaşyp dur
-
Yegen
13 years ago
- Nobatgul Rejebowyñ manyly goshgulary bar! Köplenç men onuñ goshgular ýygyndysyny ürj edip okaýan! Sag bol Merw92!
-
Abadan
13 years ago
- päk bolmagyn isleseňiz
dünýäniň
öňi bilen kalby arassa sakla!
nobatguly rejepow
arassa saklasakda kalbymyzy,
bu dunyanin agyndan garasy kop görunyar.
-
googleon
13 years ago
- sag bol merw92
mirasymyz 13 years ago- Sagbol merw92 paýlaşanyňyz üçin. Gaty manyly goşgy eken.
Geliň Talyplar.com-y hem şu goşgy ýaly arassa saklalyň.