Soygi name???????????????
Soygi name??
-
Smak
13 years ago
-
idealman92
13 years ago
- onem aydypdym oydyan,soygi adamlaryn oz ejizligini bukmak uchin oylap tapan bir duygusy!dostlukdan beyik duygy yok,soygi woobshe bosh zat!
-
mirasymyz
13 years ago
- Merw92 sagjabol goşgyň üçin.
-
Medik
13 years ago
- Halaýanyñy göreniñde Ýüregiñde döreýän hasrat ýada y$k
-
Nazlisha
13 years ago
- soygun namedigini dine ashyklar bilya
-
Younglord
13 years ago
- soygun namedigini dine ashyklar bilya sol sanda menem
-
Younglord
13 years ago
- Söýgüden gelýäris,
Barýarys söýgä
ýerden döräp,
ýere gidil$i ýaly.
$oñ b/n beýikdir-adam niýeti,
$oñ b/n gözeldir-adam hyýaly.
Söygi oýun däldir.
Synagdyr söygi
Her ýeten
oñ ýükün göterip bilmez,
söygä mynasyplar götär söygini.
Söygi ejizleriñ golundan gelmez.
Biz bu dünýä
goja diýýas käyarym,
emma dünýe, gör$ümiz deý, ýa$ bu gün.
Söymedikler ýa$ dünýede gojadyr,
Söyen süryär goja dünýäñ ýa$lygyn.
-
Jemka91
13 years ago
- Gowy go$gular. Sagboluñ.
-
Jemka91
13 years ago
- Gowy go$gular. Sagboluñ.
Merw92 13 years ago- “söýgi näme?” diýip soradym taldan.
ol diýdi: “söýgimi gidirip goldan,
örtenip, miwesiz galdym men, guzym.
indi miwäm ýok-da,
boýum bar uzyn”.
“söýgi näme?” diýip soradym hozdan.
hoz diýdi: “ýeňilip bir ajap gyzdan,
gabygym gatady, çürüşdi maňzym.
ondan beýlesinem
özüň bil, oglum!”
“söýgi näme?” diýdim bi gara garga.
ol diýdi: “sataşyp yşk diýen ugra,
garalyp galdym men: bişirdi hazan.
edil pamyk ýaly
ak guşdum ozal”.
“söýgi näme?” diýip ýüzlendim serçä.
ol diýdi: “entedip gijeden gijä,
agrammy mysgala getirdi yşlym.
men ozal dünýäde
iň uly guşdum”.
“söýgi näme?” diýdim zynjyrly dälä.
(pikirini bilmek aýyp zat däl-ä!)
däli jogap berdi elhenç ses bilen:
“men, men, men…
ynha, söýgi men!..”
“söýgi näme?” diýdim bir ajap gyza.
ol iki elini uzatdy yza,
diýdi: “söýgi meniň edebim, haýam.
ýogsa şol ýigidi
guçardym eýýäm!”
“söýgi näme?” diýdim şahyra garap.
şahyr bir ýylgyrdy kellesin yrap.
diýdi: “sorag bar-da, jogap ýok yşka,
jogap bir başgadyr,
söýgi bir başga!”
kerim gurbannepes