“Hat gelmedi” diýip çekmegin gussa, Gaýtam garash öňküdenem on esse! Mendirin - shol alabahar günleri, Agaçlar pyntyklap, shemal öwüsse. Oglanlaň köpüsi barandyr gaýdyp, Sorasaň, salamym bererler aýdyp, Bardyryn men, Ýashap ýörüs sag-aman, Göwnüňe getirme, ýokduryn öýdüp! Ýalňyz günüň sora ýalňyzlygyňdan, Gamgyn günüň sora gamgynlygyňdan, Güneshden, ýeňishden, aýdymdan sora, Olar saňa habar ýetirer menden..! Ýene-de nämeler aýtsamkam saňa, sheýle bir gürrüň kän aýdyp-diýere. …Gije orun berip gyrawly daňa, Ýene bahar geldi biziň bu ýere. Yranyşyp berýozalaň shahasy, Aýdyma bashlady telleri bilen. Örtüldi üstümiz al-elwan bolup, Eneleň getiren gülleri bilen. Boýny galstuklyja sakchylar gelýär, Gülleň terligini saklamak üchin. Ter gülleri – ter dünýäni syn edip, Aýlanyp ýörüs biz älemiň ichin. Gursagy nygmatly pasyllar gelýär, Ilkinji sowgadyn bagryna basyp. Ine, sheýdip ýashap ýörüs müdimi, Dünýäniň sesine biz gulak asyp. Bilýän, hat gelmesi kesildi diýip, Gijeler, gündizler garashansyň sen! Tabshyrýarkam soñky ekzamenleri- Bu haty ýazmaga ýetishmedim men.

Köneler, Friendship tarapyndan 13 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir