Edebiýat dünýäsi aňyrsy-bärsi görünmeýän uç-gyraksyz umman ýaly bir zat. Şeýle ýagdaýda çeper sözüň muşdaklarynyň „haýsy birinden başlasamkam, eýse dünýä edebiýatyndan haýsy kitaplary okamak has ileri tutulýarka“ diýen sowal bilen ýüzbe-ýüz boljagy ikuçsuz. Türkiýäniň „Notos-Öýki“ atly iki aýda bir çykýan edebi žurnaly öz okyjylaryna şu babatda kömek etmek üçin türk ýazyjy-şahyrlarynyň, aň-bilim işgärleriniň 74-üsinden ybarat saýlaýjy topar düzüp, şolaryň oý-pikirleriniň, garaýyşlarynyň esasynda-da edebiýat muşdaklaryna dünýä we türk edebiýatyna degişli 405 kitapdan okamagy maslahat berilýän çeper eserleriň 40-ysynyň sanawyny hödürläpdir. Sanawa giren eserleriň 28-si dünýä edebiýatyna, 12-si türk edebiýatyna degişli bolup, olaryň hem 24-üsi roman, ikisi hekaýalar ýygyndysy, 7-si bolsa şygyrlar kitabydyr. „NotosÖýkü“ žurnalynyň öz okyjylaryna hödürlän bu sanawy biziň okyjylarymyzy hem gyzyklandyrar diýip umyt edýäris. Eserleriň sanawy: 1. „Don Kihot“, Migel de Serwantas Saawedra (1605) 2. „Jenaýat we jeza“, Fýodor Dostoýewskiý (1866) 3. „Ýurtdaşlarymyň hal-ýagdaýy“, Nazym Hikmet (1966-1967) 4. „Älemdagda bir ýylan bar“, Sait Faik Abasyýanyk (1954) 5. „Döz gelip bilmedikler“, Oguz Atalaý (1971) 6. „Hamlet“ William Şekspir (1600-njiyýyllar töweregi) 7. „Ýüz ýyllyk ýalňyzlyk“ „Gabriel Garsia Markes (1967) 8. „Rahatlyk“ Ahmet Hamdi Tanpyna (1949) 9. „Anna Karenina“, Lew Tolstoý (1873-1877) 10. „Doganlar Karamazowlar“, Fýodor Dostoýewskiý (1880) 11. „Gara kitap“, Orhan Pamuk (1990) 12. „Illiada“, Homer (miladydan öň IX-VII asyr) 13. „Odisseýa“,Homer (milad. öň IX-VII asyr) 14. „Uruş we parahatçylyk“, Lew Tolstoý (1865-1869) 15. „Ylahy komediýa“, Dante Aligeri (1307-1321) 16. „Müň bir gije“, ertekiler (VIII-IX asyrlar) 17. „Hanym Bowari“ Gýustaw Flober (1856) 18. „Üýtgew“, Frans Kafka (1915) 19.„Arwahlar“,Fýodor Dostoýewskiý (1872) 20. „Saýlanan eserler“, Anton Çehow (1860-1904) 21. „Kiçijik şazada“, Antoni Eksýuperi (1943) 22. „Mämmet şilliň“, Ýaşar Kemal (1955) 23. „Esseler“, Miçel de Montaýne (1572-1588) 24. „Uliss“ Jeýms Joýs (1922) 25. Ýunus Emräniň diwany (1238-1320) 26. Mesnewi, Möwlana Jelaleddin Rumy (1278 iň köne nusgasy) 27. „Göreş“, Frans Kafka (1913) 28. „Sähne“, Fýodor Dostoýewskiý (1868) 29. „Jenap Dallowaý“, Wirginiýa Wulf (1925) 30. „Ahyrky goşgular“, Nazym Hikmet (1970) 31. „Makbet“, William Şekspir (1606) 32. „Gyzyllar we garalar“, Stendal (1830) 33. „Malte Laurids Briggeniň ýazgylary“, Raýner Maria Rilke (1910) 34.„Ýitirilen wagtyň soragynda“, Marsel Prust (1917-1925) 35.„Ses hem gazap“, Williom Folkner (1929) 36. „Ýürek ogrusy“, Ž. D. Salinger (1951) 37. „Şeýh Bedrettin dessany“, Nazym Hikmet (1936) 38. „Toý gijesi“, Adalet Agaoglu (1979) 39. „Öwlüýä Çelebiniň syýahatnamasy“ (1898-1938) 40. „Şer gülleri“ Şarl Bodler (1857) Cesme: www.zamantm.com belkide komegi deger diyen umyt bilen.
Okamak maslahat berilýän 40 kitap
-
ilyush
13 years ago
- 16. „Müň bir gije“, ertekiler (VIII-IX asyrlar)
Bu nädip düşüp ýörkä?
-
Senem
13 years ago
- Peýdaly maglumat.
Men "mûñ 1 gijåni okapdym.
Siz haýsyny?
-
ALADIN
13 years ago
- senem "müñ bir gije" ertekileri haýsy dilde okadyñ?
-
Senem
13 years ago
- Peýdaly maglumat.
Men "mûñ 1 gijåni okapdym.
Siz haýsyny?
-
Senem
13 years ago
- Tûrkmen dilinde okapdym
-
ALADIN
13 years ago
- Senem $u ýerik bas
-
Senem
13 years ago
- ?
-
ALADIN
13 years ago
- Goýan lingim i$länok
-
ALADIN
13 years ago
- $u gezegä boldy öýtýän senem,;)
-
Senem
13 years ago
- Näme bar?
-
ALADIN
13 years ago
- gapdalda häzir köne agzalañ acan mowzugy cykar
-
ALADIN
13 years ago
- kop okan kop,diýen mowzugy okap gör dijekdimle
-
sahett
13 years ago
- bir zada uns berdinizmi kyrk eserin dordusi dostoyevska degisli bu diymek her on eserin biri bu gaty uly abray in barkisi tolstoyynam eseri az men gaty begendirdi ony diysen mende karinina bar ay ol gaty ic gysgync okar yaly dal onda cingiz aytmatowy okanyn gowy onsanam bu sahyrlan arasynda magtymgulyn yokduguna gaty gynandym.bulan baryny jemlande keminan garyplyk gosgusyna degenoga.
Ay eger mana galsa yewropadan sanawa kan gosmazdym.
-
ALADIN
13 years ago
- Sahhet dogry aýtýañ,magtymgulyñky ýok,$onam go$an bolsalar has gowy bolardy
-
nurx
13 years ago
- icinden 6 syny okapdyryn, sanawda biraz adalatsyzrak 40 eserin 12 si turklenki su sanawy yewropalylar duzen bolsan max 3 - 4 sany turk bolardy. Balzagam yok eken, o la hokman bolmaly
-
Kuraldyshy
13 years ago
- Magtymgulyñ goşulmasy üçin terjimesi gerek giden tomuñ. Türkmenbaşy öz goşgularyny näçe dile terjime etdirişi yaly, klasiklerimiz we beylekilerem yörüte karar bilen terjime etdiräymelidi-dä weli
-
myratmeredow
13 years ago
- Ay mena birinem okap göremok. Adyny e$idenlem bar
-
momin
13 years ago
- Dostoyewski nin //Jenayat we jeza// _kitabyny olmesem hokman okaryn enshallah!
-
momin
13 years ago
- aladin dost, dunyade innn meshhur yazyjynyn Tolstoy diyilip ykrar edilendigoni eshitmansiniz oytyan?! Tolstoy sheyle bir meshhurlyk gazanypdyr weli, oz dowrunde Onun mushdaklary nira gitse surleniship yzyndan ayrylmandyrlar. Name diyse agzyndan chykan sozi yazypdyrlar. Hatda Kerim Gurbannepesow hem Tolstoyyn eserlerini okap, ishden/guychden gechip dunyani unudan yaly tutysh 6 ay chykman Tolstoyy okapdyr. Sen dost, elin boshan wagty nepesini durlap, tazeden bir meshhur Anna Kareninany okamaklyga we dushunmage synanysh.
-
blackrain
13 years ago
- Içinde okanlarymam bar, okamadyklarymam.
Dýumanyň 'Graf Monte Kristo' eseri ýok, Çingiz Aýtmatow ýok. Bu sanaw her bir adamyň, guramanyň ýa-da ýurduň wkusyna görä gaty kän üýtgäp biler.
albiol 13 years ago- bu 40 sanysyny okap chykayjak bolsana, bashga ishem gerek dal :D