ÝAgşylara ýanaşdyr ÝAmanlardan azaşdyr, Sabyr-kanagat bereweri, Rysgal döwlet bereweri, Beren demiňe şükürdirin, Bereketiňe şükürdirin. Il-günüň gargyşyna galmaýyn, Apatdan-külpetden, beladan- beterden., howpdan –hatardan, ot belasyndan-suw belasyndan, göz belasyndan,dil belasyndan, ýaman hatyn belasyndan, töhmet belasyndan, Her hili görüner we görünmez belalardan, Özüň gorap saklaweri HUDAÝYM !!!!!
Türkmen halkyma we ähli Adamzada türkmen dilegini alky$laýaryn
-
yrsgal
15 years ago
- amin!
-
Abadan
15 years ago
- Amin! aydanyn bolsun.
-
ALADIN
15 years ago
- dilegleri köpimiz bilýändirsem emma käbir ýashlarymyz kän bir dileg bilenoklar.
Belkide shu dilegleri okap öwrenerler...
-
ALADIN
15 years ago
- sag boluñ
-
ADALATLY
15 years ago
- Ämin.
özüň düzdüňmi aladin ?
-
ALADIN
15 years ago
- adalatly
Ýok özüm düzemok,ata babalarymyzdan gelýän dilegler,ýöne ýatdan bilýänlem
-
Senem
15 years ago
- Ýene biri:
ýag$y ýetsin myrada
ýaman galsyn uýada
o-da galyp nåm boljak
hemme ýetsin myrada
(ýøne gowy arzuwlaryna ýetewersinler)
-
yrsgal
15 years ago
- doga-dileg gijesi
dileg: rehmete çakylykdyr,
rehmeti soňsuz bolana
ýalbaryşdyr; kiçiniň ula,
ýerdäkiniň ýokardaka
ýönelişidir, nyýazydyr, içini
döküşidir. dileg edýän özüniň
kiçiligini, ejizligini we ýüz tutýan
gapysynyň beýikligini bilip,
islegdir arzlaryna jogap
beriljegine ynanyp, elini göklere
galdyryp nyýaz edende, asla ony
unutmaýan, ony terk etmeýän,
ony ýalňyz goýmaýan, her
halyndan habardar biriniň
bardygyny kalbynyň
çuňluklarynda duýar. dileg,
hakyň tükenmez hazynalarynyň
syrly açary, garyplaryň,
ýoksullaryň, göwni çökgünleriň,
şeýle-de dünýewi kynçylyklaryň
we bela-beterleriň kalbyna
eýgertmeýän yzasy bilen gijeleri
gözüne uky gelmeýänleriň iň
ynamdar sygynagydyr. bu
sygynakdan içeri ädimini atan
şol jadyly, şol syrly açary elde
eder. oňa sygynan, onuň
hemaýatyna giren sözüň hem
ruhy hem maddy manysyndaky
garyplaryň, misginleriň, ejizleriň
we mätäçleriň arzuwy hasyl
bolar, dilegi myrat tapar.
-
ALADIN
15 years ago
- @senem,@yrsgal sag boluñ. tüweleme
-
ALADIN
15 years ago
- @senem,@yrsgal sag boluñ. tüweleme
Amin
-
ALADIN
15 years ago
Şaman ot,
Boldum şat,
Parlap üstünden bökdüm
Aglap günemi dökdüm,
Sygyndym sana zarlap,
Goýmagyn meni harlap,
Uzak ýaşat ýaşymy,
Ýetir rysgal aşymy,
-
sahett
15 years ago
- tuweleme
-
Maco
15 years ago
- salam talyplar comyn agzalary!!!!!hemmamizinki amin
-
googleon
15 years ago
- amin
Kuraldyshy 15 years ago- Ämin!