Bu gün señ durmush toýuñ! Bu gün señ durmush toýuñ, bagtyñ bolsun, Saña öýlenjek ýigit, mydam alnyñda bolsun. Durmushdyr gynanma, buda hem geçer Sen indi meñki däl, ýadyñda bolsun. Düshünýän günäniñ, sende däldigine, Düshünýän günäniñ, köne däpdigine. Ene-atañ birwagt, doglañda belläp Seni adaglapmysh, bashga birine. Goý aglama, ejizlik bor aglasañ, Seni söýen, bu mert ýürek aglasyn. Shu söýgümiz, geljege mysal bolup Gaýtalanmasyn, her kim shuny añlasyn. "Adaglansyn, guzymyz bagtly bor!" diýip, Ene-ata arzuw edýär, öz balasyna. Entegem shu däp, köp ýerlerde bar, Döwrebap ýörmekden, entek dünýe dar. Senem sho dessuryñ, bolupdyñ awy, Saña gelen awçyñ, mañada degdi çawy. Gözüñe ýash aýlap, naçar garapdyñ: "Meni soramaga, gelýär shol sawçy... Bilýär enem-atam, seni halaýanmy, Emma olar düshnenok, hiç zada. Eger saña gaçyp, baraýyn diýsem Doganlam dili gysga, düshün bir zada?!" Shuña çäre barmy, aýdyñ halaýyk, Hemme zadyñ çözgüdi, bardyra laýyk?! Däp-dessura hormat, goýmagam gerek Ýöne shu dessur welin, örän biderek. Bu çözgüdin nädip jogabyn tapjak, Men bir ýetim oglan, bilýän bellisin etjek! Hany mende, onuñ ýaly mal-maýlyk, Bar baýlygym sendiñ, Senem indi, tutdurmajak balyk. Ýetim bolsañ, mydam günüñ sheýledir, Agzyñ asha ýetse, burnuñ gandadyr. Diñlemezler näçe bagryñ ýaksañda Sözüñ köpükçe ýok, adyñ sandadyr...
Goshgulamdan!
-
Senem
13 years ago
- Gynançly eken. Hakyky bolan zatmyka?
-
sahett
13 years ago
- camry dost tuweleme bular yaly aydym mysaly gosgulary sazanda duzerdi
-
ALADIN
13 years ago
- Galmyñ ýiti bolsun camry,klaweturalañ jany sagbolsun
-
ahmetjan18
13 years ago
- Berekella camry dost galamyñ ujy kütelmesin.dowamyna gara$ýas dostum.
-
ahmetjan18
13 years ago
- Berekella camry dost galamyñ ujy kütelmesin.dowamyna gara$ýas dostum.
-
ahmetjan18
13 years ago
- Berekella camry dost galamyñ ujy kütelmesin.dowamyna gara$ýas dostum.
-
Abadan
13 years ago
- ýetim bolsañ, mydam günüñ
sheýledir,
agzyñ asha ýetse, burnuñ
gandadyr.
diñlemezler näçe bagryñ
ýaksañda
sözüñ köpükçe ýok, adyñ
sandadyr...
galamyn ujy yiti bolsun camry.
-
turkmenntug
13 years ago
- sag bol camry dost.ajaýyp goshgy.galamyñ ujy ýitelibersin.üstünlik dileyän!
-
Tourist
13 years ago
- Tuweleme camry dost gowy gosgular
-
Camry
13 years ago
- Sag boluñ hemmäñizede dostlar! Nesip bolsa gowja goshgulardan ýetirjek bolaryn size! Ýöne sizem menden aýyplashmañ dostlar, siziñem ýazýan temalarñyza jogap berip bilemok! Zordan goshgymy ýazyp ýetishäýsem zor boldugym, bu günler öñküler ýaly inete girip bilemok! Bärde swýaz peseldi, giçlik birki sagat ishläýmese, soñ girmek gara-görgi! Aý, swýazam nesip bolsa gowlanarda, gowlashsa menem ýene sizler bilen pikir alshyp duraryn dostlar!
Camry 13 years ago- Ýatlama...
Ertiriñ haýyrly bolsun, gözel dildar,
Bu günem gün dogdy, ertirem dogar.
Wah, dogarla ýene-ýene günler
Ýöne sen deýin balgyz, dogarmy, dogmazmy
Bilmedim meger...
Mümkin dogaýsa eger, ol sen däl ahyr,
Bashga bir shahyr, ýazarla onuñ waspyn.
Sen bolsa meñkidiñ, indi meñkem däl
Ýüregim señkidi,
Bilmändirin señ ýüregiñ kimdedi...
Sen indi meñki däl, kishi mashgala,
Seni ýatlamak, mañada uslyp däl.
Nädeýin añym oña, akyl ýetirden kemter
Akyldan ýat bolan, men dali tenter.
Tentegem az entek, o zatlar hiçle,
Señ gadryñ bilen ýigit, mydam bagtlydyr.
Sebäbi her kime ýetmez, beýle bagt,
Bagtyñ açary sen, men bolsa gulp...
Sen gulpuñ açarydyñ, sheýle täsindiñ,
Haýsy ýigdiñ ýüregi bolsun, açýañ gapysyn.
Girýärdiñ içine, dörüp çykýardyñ,
Almaly zadyñ kemini goýman
Alýañda gulplaman, çykyp gidýärdiñ...
Men bolsa zol ýene, ýanyña baryp,
Shol alanja zadyñ, yzyna sorardym.
Sen bolsa ýylgyryp, çala näz edip,
"Men nä ogrumy diýip, gülüp garardyñ...
Haha:-) sen ogry däl, ogrudan beter,
Has beterräk ogurlyk edýärdiñ ahyr.
Adamyñ iñ gerek, zadyny alýañ,
Menä sensiz ýanyp, bolaýdym Tahyr...
Tahyra, Mejnuna, Garyba gülerdim okap,
Olar ýalam söýgi bormaý, ýalanlaý barsam.
Emma men indi olardan beter
Sen hakda pikrim, mydam otursam.
Tursamda sen hakda, ähli pikirim,
Asyl ýatyranok, seniñ pikiriñ.
Bu ne söýgi bolýar, hiç düshnemak
Diñe sen dermany, men pahyryñ...
Ynsan nadip bolýarka shahyr,
Oglan nädip bolýarka Tahyr,
Sen ýaly gözeller sheýle derejä
Ýetirendigine, az-maz düshündim ahyr.
Sen bolsa düshneñok, bu ýagdaýyma,
Asyl düshünjegem bolañok hergiz.
Men bolsa shonda-da ýatlaýan seni
Shol ýashlyk döwrümi, shol ajaýyp güýz...
Sebäbi ol waka güýzde bolupdy,
Pagta ýygymnyñam, gyzgalañly döwründe.
Senä ýashajyk pagtaçy gyzdyñ
Menem shol wagt, ýetginjeklik döwründe.
Beýle gözel, gabat gelmez ömrümde,
Her näçe dushsamda, durmush öwrümde.
Wah, ýenede dushurmazmy sho ýyllar
Ýashlyk döwrüm, dolan yza öwrülde...
Bashyñ ak ýaglykly, biliñ partykly,
Keshläp-keshläp pagta ýygardyñ.
Menem käte señ ýanyña köwejekläp
Keshden-keshe, señ yzyñda ylgardym.
Ýylgyrardyñ meni görüp çalaja,
Ýygardyk biz, ak pagtany bileje.
Gündiz görenmizem ýene az görüp
Dushushyp bashladyk, gijeden-gije...
Aý-aýdyñ gijeler, aýsyz gijeler,
Dushushandyr, gör ýenede nijeler...
Erbet gözden, sherbet dillerden gorap
Ýary-ýara, gowushdyran gijeler...
Käte ýary gijä, kä tutush gije,
Shonda-da gün dogsada, ýene bileje.
Aýlar-aýlandy, ýyl dolandy aradan
Ýöne welin, gyl geçmändi aradan...
Inede gulluga sary, soñky hoshlashyk,
Ýok-ýok soñky däldir, birazajyk dashlashyk.
Emma gidenimi oýlamandyryn, ýatsam-tursamda
Seniñ bilen ömürbaky hoshlashyp...
Neçün gülüm meni, ýetim gördüñmi,
Ýada eneñ elinde, ýesir bolduñmy,
Mümkin seniñ, shol kejirje häsiýetiñ
Bashyña ýetendir, kesir bolduñmy...
Hawa, sen indi özge bir gelin,
Saña indi ýetme ýok, alow sen ýalyn,
Shu goshgymy, ýazsamam-ýazdymla welin
Mañada uslyp däl, nädeýin düshün...