Maňa öwran-öwran Diýdiler: ''Ýigit, Sen durmuşy öwren, Sen durmuşa git. Şäherde güýz, gyşy Geçirmä derek, Gidip bu durmuşy, Öwrenmek gerek!'' Düşünemok aýan, Düşünemok hiç. Men nirde ýaşaýan Şu wagta deňiç? Men haýsy duzakda, Haýsy ýoldakam? Durmuşdan uzakda Niçik ildekäm? Aslynda, durmuş nä? Manysy näme? Onuň gurluşyna Kyn düşünäýmäne. Belki, durmuş diýen Meniň özümdir? Halal duzum iýen Ogul-gyzymdyr? Belki, şäherimdir, Belki, köçämdir. Eken nahalymdyr, Öýde keçämdir? Uruşdan söz açýan Syrdamdan syrdam, Belki, ol köp içýän Meniň goňşymdyr? Belki, ol odumdir Murtlary towly. Belki, ol Nazymdyr, -Hikmetiň ogly? Belki, ol gapymdan Akýan suwumdyr? Oňatlyk hakynda Hoş arzuwymdyr? Taldyr derekleri Synlap durşumdyr? Düýpsüz ýürekleri Gorjap ýörşümdir? Belki, durmuş diýen Duýgy-serimdir? Meniň örän söýen Adamlarymdyr? Maňa öwran-öwran Diýdiler: ''Ýigit, Sen durmuşy öwren, Sen durmuşa git...'' Ýurdundan kowulan Bir aşyk deýin, Men bulardan geçip, Nirä gideýin?! Gurbannazar Ezizow

Köneler, ruhabat tarapyndan 12 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir