Akyl satýara diýmäň, häzir ýazjaklarym bir kitapdan okan zatlarym. Peýdasy deger diýen umyt bilen... Gözümi näme üçin haramdan aýryp bilemok? “aý hiç zat bolasy ýokla” belasy... • Elinde otlyçöp tutup duran bir jahylyň, bir uly köşgüň ýanmagyndan öň “aý hiç zat bolasy ýokla” diýmegi ýaly, üns berilmeýän zatlaryň netijesinde ençeme durmuşlar ýanyp kül boldy. • Pikir edip görüň, gürrüň beden saglymyz bolsa, “aý hiç zat bolasy ýokla, bir wirus ýa mikrop. Maňa näme edip biler? diýip bilýäsmi. Hemmämizem şol wiruslaryň ganymyza garyşmagy netijesinde saglygymyza ölüm howpy abanýandygyny bilýäs... Eger şeýle bolsa, öz ruhy dünýämiz, nebsimiz üçin zyýanly, hatda öldüriji bolan wiruslary tanaýasmy? “aý hiç zat bolasy ýokla” diýip, toba edip tämizlenme ýoluna girmeýän günälerimiz biziň ruhy dünýämizi ýere sermegi, hatda öldürmegi hem mümkin. Harama seretmek Bir alkogolyň ýa bir çilimiň erbet endik bolşy ýaly harama seretmek hem erbet endiklerdendir. Ilki seredende gözüňi aýyran borsuň, soň ýene seredesiň geler, kem-kemden gözleriň harammy halalmy tanamaz ýaly derejä geler. Ýöne iň kyny harama seretmek islemän seretmeli bolýanlaryň ýagdaýydyr. Ýagny daş-töweregi haramdan doly bolanlar... Bu gün çilimden, neşeden has erbet bolan erotik, pornografik zatlaryň gazet-žurnallarda, telewizorda, internetde doly bolmagydyr. Bular ruhy dünýämizi öldürýän biderekliklerdir. Bu zatlara çagalyk, ýetginjeklik ýaşlarynda duş gelýänlere iň erbet täsiri degýändir. Internet kafelere gitmän durup bilmeýän ýaşlaryň ýagdaýy muňa bir mysaldyr. Haramdan goranmak üçin nämeler etmeli: • Ýaşaýan ýeriňi haram bolan zatlardan arassalamak • Boş galmazlyk • Peýdaly zatlar bilen meşgullanmak • Akylly,asylly adamlar bilen bile bolmak • Toba etmek Syçan ýaly hereket etme(hekaýa) Bir okuwçy mugallymyna, harama seretmekden aýrylyp bilmeýänligi üçin nebsini arz edýär. Mugallymyna: -Mugallym, haramdan goranmak üçin çäre nämedir, näme etmeli? Mugallym: -Oglum, syçan hakda pikir et. Okuwçy düşünmänsoň, mugallym düşündiripdir, -Syçanyň akly ýokdur, unudar. Iýmiti görer, iýäýjek bolanda gapana tutuljak ýaly bolar, gaçar, emma, ýatda çykarar we ýene gapana barar, we gapana düşüp öler. Sen akylly, syçan ýaly hereket etme, ol ýerden uzaklaş, diýipdir. Okuwçy: -Bor, diýipdir. Ertesi gün bazara çykypdyr, harama seretjek bolanda mugallymynyň sözleri ýadyna düşýär we syçan däldigini pikir edip haramdan ýüz öwürýär we şeýle diýýär: -Men syçan däl...men syçan däl... we her gezek harama gözi düşjek bolanda şo sözleri gaýtalapdyr...
Harama seretmezlik, we ondan goranmak
-
Kuraldyshy
13 years ago
- Enefes,$übhe bolmasyn weli,öz i$iñe ýaraýamy aýdanlañ?ýaraýan bolsa, margiann@mail.ru y kontaktyna gosyp goyberay
-
sahett
13 years ago
- oran dogry aydylan men her sapar su talyplarda gowja mowzuk okamda teswirlerden kem daldigini duyyan.
-
Toty
13 years ago
- manyly eken dine onun yaly haramdan dalde allah bizi hemme haramdan saklasyn
-
ADALATLY
13 years ago
- Nfs berekella dost.šular ýaly temalaryň yzy üzülmesin.
Myahri6a 13 years ago- Bah, manyly. Haysy kitapdan aldyn muny?