hary-zar bolduň adam ogly gelip pany jahana, pelegiň golundan hary-zar bolduň; dahan alyp,gol ýetirdiň zybana, çoh sözlär sen,dile bir azar bolduň. ili göçer bolsa ýiter ýollary, ne adamlar gezer,ne-de mallary, ança adamlaryň gyrnak-gullary, ol zalym golunda segden har bolduň. şahlar misgin düşer,tapmaz dermanyn, watandan daş düşen islär mekanyn, ne sebäpden telmurur sen,eý janym, kaýda ot alyp sen uzak nar bolduň. her kim öz özünden göwnüni beslär, niçeler hak diýer,niçeler toslar, dag serinden baksaň göwün höweslär, deşt içinde galyp bikarar bolduň. kimse bilmez ne gowga bar gaşynda, gündiz hyýalynda,gije düýşünde, adam ogly,ne kulahdyr başynda, niçe eýýäm gezip bihabar bolduň. kör ýanyndan aýdar:”dünýäni görsem”, aýaksyz zeýrener:”ýel deýin ýörsem”, misgin pakyr aýdar:”uly toý bersem”, namart şaha diýer “isgender bolduň”. şahlar adyl bolmaz,daglar dumansyz, çöller gurtsuz galmaz,baglar reýhansyz kimler hülle geýer,ançalar donsuz, kimse açdyr, göwher kim bisýar bolduň. kimi jebir eýlär,kimseler asy, kimsäge murdardyr,kimlere ysy, zenana ýeg ýarar gürgen howasy, daýym ol dert bilen rüzügär bolduň. ançalar meýlisde islär jenany, kimler dahan açmaz,tutar zybany bisýar eýleýip sen harsydünýäni ýüwrüp ýel yzyndan sen süýthor bolduň. niçäni söýerler niçe bigymmat, niçe parhyn bilmez,ne dindir,ymmat niçe gözel tapar mysaly summat, ýaranym haýýara sezewar bolduň. bir pany diýerler ýagty jahana, ölene eýlärler ony bahana, niçe serwi ogşar boldy reýhana hazan degip,suwsap ne murdar bolduň. niçe daýym bentdir dünýä gezilmän, niçe galat sözlär ýerden üzülmän, niçe ýegsan boldy,niçe bozulman niçe sahypjemal,gör,haýýar bolduň. kimler galat tapsa haky sözlemez, kimse gözi bentdir,dünýä gözlemez, kimler syryn saklar,kimler gizlemez, seň syryň panyda,bak,äşgär bolduň. gojalar diýerler:”ýigdelse halym” nije aýdar:”gojalykdyr hyýalym” ne ajaýyp gözel,on tirme şalym namartlar bilinde sen zünnar bolduň. ne gaflat ukudyr,eşdilmez sesiň ýolundan gaýdarlar,görünse pisiň, magtymguly,özüňçe ýok näkesiň gullugynda ýörüp,hary-zar bolduň. näçe okasaňam az diýip pikir edýän
HARY-ZAR bolduň
-
Tourist
13 years ago
näçe okasaňam az diýip pikir
edýän
dogry bu halypalar okalmaga mynasypdyr!!!...
-
Adgjmptw
13 years ago
- Magtymguly Pyragynyñ goşgulary gymmatly söz düzümlerine eýe bolmak bilen köpleri haýran galdyrýar. Ajaýyp goşgy. Köp sagbol Samat dost!
-
enesh91
13 years ago
- dunyanin ahli manysy halypamyn setirinde jemlenen
-
enesh91
13 years ago
- dunyanin ahli manysy halypamyn setirinde jemlenen
-
enesh91
13 years ago
- dunyanin ahli manysy halypamyn setirinde jemlenen
-
enesh91
13 years ago
- dunyanin ahli manysy halypamyn setirinde jemlenen
-
Kuraldyshy
13 years ago
no comment!
-
Abadan
13 years ago
kör ýanyndan aýdar:”dünýäni
görsem”,
aýaksyz zeýrener:”ýel deýin
ýörsem”,
misgin pakyr aýdar:”uly toý
bersem”,
namart şaha diýer “isgender
bolduň”.
herkim bir zatdan armanly.
-
Abadan
13 years ago
ÝAT BOLAR
Muhammet ummaty malsyz
bolmasyn,
Malsyz bolsa, dogan-gardaş ýat
bolar.
Gaçara agaň, iniň, bolmaz
hatyraň,
Guwanar duşmanyň, dostuň mat
bolar.
_
Garyp aýak ýalaň, kendir
guşakdyr,
Bir märekä barsa, orny aşakdyr,
Garyplar at münüp, depse –
eşekdir,
Döwletliler eşek münse, at bolar.
_
Bir dileg dileseň, möhümiň
bitmez,
Dostuň ýhlas bilen, merhemet
etmez,
Märekede aýdan sözüň jaý
tutmaz,
Diňlemezler, gury, sözüň bad
bolar.
_
Göreş bir abraý, uruş bir destdir,
Kişini kemsiden – özi näkesdir,
Bir mümüne gybat etmek
hebesdir,
Gybatkeşeiň gazanany ot bolar.
_
Magtymguly, şükür eýlegil
hudaga,
Ölüm barabardyr şah-u gedaga,
Bisabyr gül tiz ýolugar belaga,
Sabyrly gul dura-dura şat bolar.
sahett 13 years ago- näçe okasaňam az diýip pikir edýän
elbetde bu halypa halypa!!!!!!!!!!