Salam hormatly dostlar we doganlar! Siziñ ähliñize berk jan saglygyny, parahat durmuşy arzuwlap şu mowzugyma başlamakçy. Bu mowzuk dünýä belli bolan alym Biruny barada bolar. Ýer şarynyñ öz okunyñ daşyndan we Günüñ töwereginde aýlanýandygyny ilkinji bolup subut eden alym Birunydyr (973-1051). Ol Ýer şarynyñ ölçegleri barada şu günler hem originallygyny ýitirmeýän açyş edipdir. Ýewropalylar Birunynyñ bu açyşyna "Biruny metody" diýýärler. 973-nji ýylda Hywada eneden doglan Biruny dürli ylymlara degişli 1132-den gowrak golýazma kitap ýazypdyr. Biruny geodeziýanyñ hem atasy hasaplanýar. Sebäbi 1940-njy ýylda Konigsberferiniñ, E. O. Teýleriñ, T. Nogatanyñ daş we fosil magnitizmi, ýagny paleomangetizm diýilýänini ilkinji bolup açan hem Birunydyr. Bu alym, şeýle-de, orogenez (ýagny dagyñ emele gelşi) we poleozhugrafiýa degişli ilkinji ýorumlary beren zona geologiýasy barada maglumatlary ýazyp giden ilkinji alym hem Birunydyr. Ýeriñ dartyş güýjüni, Ýeriñ hem öz okunyñ, hem Günüñ töwereginden aýlanýandygyny, Ýeriñ togalakdygyny degerli deliller bilen subut edip, onuñ aýlanyş tizligini ilkinji bolup hasaplan hem Birunydyr. Soñra Muhiddin Arabi (1164-1240) we Ebul Heýsem (965-1039) ýaly alymlar hem Birunynyñ açyşlaryny goldap we düşündirip, birnäçe eserler ýazyp gidendiklerine garamazdan, Günbatarda aradan bäş-alty ýüz ýyl geçenden soñ, Nýuton we Galileý şol açyşlary gaýtaladylar. Ine, gadyrly dostlar we doganlar! Siz bu maglumaty öñem bilýän bolmagyñyz mümkin, ýene bir gezeklikçe zyýan edip durmazmyka diýýän. Meniñ bu ýazan mowzugym size hakykaty açyp göwnüñize ýarar diýip umyt edýän!

Köneler, Adgjmptw tarapyndan 13 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir