21 ýyllyk toýumdan sonra “yşk ýellerini” janly tutmagyn taze bir ýoluny tapdym. Sonky döwürler başka bir aýal bilen köp aýlanyp başladym bu aslynda oz aýalymyn pikiridi. Bir gun aýalym tasin sözleri bilen meni haýrana goýdy. Ol: “men bilýän sen ony söýýän” diýdi. Batly sesim bn garşy çykdym. Aýalym: “Bilýän şol bir wagtda onyda söýýän, onada wagt aýyrmalysyn” diydi Ýöne aýalymyn şol diýan aýaly “19 ýyldyr dul galan ejemdi”. Işimin köpdigi zezarly we 3 çagamyn aladasy bn ejemi gormek pursatlam gaty az bolýady. Ol gije ejemi telefonda nahara we yzyndanam kinoteatra gitmage çagyrdym. Biraz tolgundy we derrew “ ýagdaýlan gowymy oglum, işlen ýerindemi” diýip sorady. Ejem giç sagatda gelen telefonun ýada çagyrylyşyn arkasynda erbet bir zat bardyr diýip düşünýän ejelerdendi. Men hem tolgunyp “ senin bn bile ikimizin biraz wagt geçirmegimiz gowy bolardy” diýdim. Ejemde “ dine ikimizmi?” diýip biraz pikirlendi we “menem islärdim” diýip jogap berdi. Ol Anna güni iş çykyşyndan soň özüm biraz tolgunyşly duýýardym. Öýe baramda ejem hem menin ýaly tolgunýardy. Gapysynyň öňünde paltosyny geýip köp wagtlap garaşyp durana menzeýärdi. Saçlaryny bezapdir we üstünde de kakam bn gutlan soňky durmuş toýlarynyň ýyllygynda geýen owadan köýnegidi. Meni görende perişdeler ýaly owadan ýylgyryşlary bn ýylgyrdy. Maşyna münemizde “ goňşylaryma oglum bn gezelenje gitýän diýemde olar gaty begendiler, oturlyşygyn nahili geçenini bilmek üçin sabyrsyzlyk bilen garaşýarlar” diýdi. Giden restoranymyz gaty belli bolmasada gowydy, isgarleri mylayym, hyzmatlar çalt yerine yetirilyadi. Ejem bolsa bir prinsessa ýaly bir stolda ýuwaşlyk bn otyrdy. Ýerimize oturanymyzdan soň oňa menu ny okap bermelidim çünki hatlar kiçi bolanson ejemin gozleri alanokdy. Men ýany menu nyň ortalarynda ýetemde ejemiň mana owadan gözleri bn seredip oturanyny aňdym. “öňler, sen kiçi wagtyn menu lary okaýan mendim, sen bolsa ony bilesigeliji gozleriň bilen üns berip dinleýädin” diýdi. Menem çalaja ýylşardym. “ Onda bu gezek seň rahat rahat oturmaly gezegiň. Indi men okap öz borjumy ödemeli” diýdim. Nahar da gürrünlerimiz gaty gowy boldy, gürründen daşary hiç zat bolmady gülüşdik, gynandyk. Geçmişden we durmuşymyzdan gürrünler açyp wagty uzaldyp, bile geçirmedik wagtlarymyzyn öwezini doljak bolýadyk. Şeýle bir köp gürleşipdiris welin kino gitmegiň wagty geçip gidipdir. Agşam ejemi öýüne eltip gaýdamda: ”sen bn täzeden oturmak islärdim ýöne bu gezek men seni çagyrmagyma rugsat berseň” diýdi we ýene bir gije täzeden duşuşmaga karar aldyk. Öýe gelenimde aýalym mana naharyň nähili geçenini sorady “ gaty gowy geçdi” diýdim. Birnäçe günden soňra ejem ýüreginiň birden durmasy sebäpli aradan çykdy. Bu ölüm mana bir hakykaty gorkezdi men ejem üçin ýene bir gezejik birzatlar etmegimden mahrum etdi. Birnäçe günden soň ejem bn bile oturan restoranymyzdan öýüme iki kişilik puly berilen nahar geldi we naharyn üstinde de bir ak kagyza ýazylan hatlar bardy. Hatda: “oglum, bu naharyň pulyny öň beripdim, çünki seň bilen ýene bir gezek oturmaly diýen günümize gelip bilmejegimi bilýärdim. Mundan daşary ýene iki adamlyk bir nahar pulyny berip goýdum ýöne bu gezek aýalyň ikiňiziň gitmegiňizi isleýän. Sen bilen ol günki oturlyşygymyzyň meň üçin nähili uly sowgat bolanyny sen bilsediň oglum. Seni söýýän.”diýip ýazylgydy. “Ana şol pursat “seni söýýän” diýmegiň we durmuşymyzda gerekli adamlar üçin wagt aýyrmagymyzyň gereklidigiňi bilip galdym. Durmuşyňyzda hiç bir, hiç bir zat maşgalaňyzdan has gerekli däldir. Olara haklary bolan wagty we özüňiziň söýgiňizi beriň çünki beýle pursatlar hiç wagt, hiç wagt, hiç wagt asla, asla tapdyryp durmaýar.” (Durmuşumyzdaky ähli mähriban enelere)
Eneler hakda
-
Myahri6a
13 years ago
- Aglatdynay nechka...;(
-
Adgjmptw
13 years ago
- Gyzykly hekaýa. Köp sagbol Nechka94 paýlashanyña!
-
darkman
13 years ago
- Alla senden razy bolsun neçhka94.
biz Eneleri elmydama begendirmek borjumyzdyr.
-
Abadan
13 years ago
- Gynancly hem gowy hekaya eken.
-
samat
13 years ago
- "eneleñ ýüzü gülse bolmaz,kyýamat bolmaz"
...hiç kime söýýän diýmändim,sözümden hiç $üphelenmejegim we agzymdan çykjak bu söze iñ mynasyp we iñ mätäç ki$i bolan mähriban ejeme-de.iki ýyldan soñ nesip edip görü$sem,meñ üçin iñ gymmatly zadyñ ma$galamyñ ýylgyry$ydygyny aýdyp bilermikäm, bilmedim
-
Tourist
13 years ago
- Gynançly hekaýa eken *jennetiñ acary öz enelerimiziñ elinde* $eýleräk öýtýän
-
enka6868
13 years ago
- Gyzykly hekaya we aglatyan hekaya sagja bol hekayan u.n nechka!
-
vesna87
13 years ago
- sheyle durmush bashyndan gechen bu zatlara gaty gowy dushunya. Men ozume yakyn adamyn sesin eshtmek uchin edip bilmedik yekeje janyma,gormek uchin gechip bilmedik 40km yoluma indi omur arman ederin.men shol gije gaty sesin eshdesim gelsede jan etmedim chunki yary gijedi. Alla menin yuregime salan eken shol gije in sonky gezek sesin eshtmane.yone cekinjenlikmi ya gelensizlik yol bermedi.indi bolsa sen yok.
Rolly 13 years ago- sag bol nechka94 gowy hekaya agladyp bildin sena.