dumuşdan dynç almak. nädip durmuşdan dynç alyp bolarka? heý durmuşy yryp bolmazmyka? hany gürleşip göreýin: “ajaýyp durmuş meni 1 aý günüme goý, menden uzagrakda dur, azar berme… men biraz seň içiňde däl-de daşyňda ýaşap göreýin, sensiz ýaşap göreýin! seň daşyňa çykmak belki woobşe ýaşamazlykdyr….??? bilemok, ýöne men senden ýadadym, dynç alasym gelýä, 3 aýy kem 23 ýyl bäri men seň bilen ýaşap gelýän poçti 1 müçe, sen haçan maňa otpuska berjek??? sen näme üçin herekediňi bir salym bes edip durup bileňok, gymyldamanjyk dur, men bir synlap göreýin ýa-da sen ýaşaber meni welin, daşyna çykar daşyňdan synlap göreýin! söz berýän biraz dynç alanymdan soň dolanyp gelerin saňa, ýöne “ýadadym” diýen wagtym düşünäý maňa! ynha, men saňa düşünip seň ähli maňa beren günleriňe razy bolup ýaşaý ýörün ahyry! men saňa bütün ömrümi bagş etdim.ýekejejik gezek meň bilen ylalaşyp, maňa düşünip meňem islegime “hä” diýäý! kynmy? ýekejejik adamy öz sferaňdan daşyna çykaraýmak gaty kynmy? egoist sen! diňe özüňi bilýäň. ýene gürläniňde-de “men size gowusy bolsun” diýen bolarsyň utanman. binamys! adamda “erk” diýilen zat bolmalydyra? biziň hemmämiz seň raýatyň, seň dünýäňe propiska, ýöne käwagt başga dünýälere gezmäge gitmek bolýandyra? wiza diýýäňmi? aýt how nireden almaly ol wizany? aha, heniz beýle arz eden bolmanlygy üçin wizaly meseläni ýola goýmansyňyz! hawa-da, bahanaňam taýýar. onda bilip goý, men seň propiskaňdan çykjak, gerek däl maňa seň dünýäňe propiska, eger mende erk bolmajak bolsa. indi bildim, sen gorkýaň! seň dünýäňden çykyp gidip beýleki gözel dünýäleri görüp, soň saňa gaýdyp dolanyp gelmeris öýdüp gorkýaň!seň dünýäň adamsyz galar öýdýäň! şeýle dälmi? gorkak! seň şol gorkyň üçin ýene-de näçe adam kösenip ýaşamaly? men senden nalynamok, sende hemme zatlaram bar, ýöne meň dynç alasym gelýääääääääääääääää. senli dünýäni maňa ýatlatmaz ýaly bir başga dünýäde dynç alasym gelýä. ýok, men seň içiňde dynç alyp bilemok. seň maňa beren günleriňe-de at dakamok. ýöne meň seň kanunyň bilen däl-de kanunsyz dünýäde ýaşasym gelýä. bolýala durmuş goýberäýsene meni.ýekeje adamy goýbereniň bilen adam sanyň kemelesi ýok. sen öz raýatlaryň hukuklaryny kemsidýäň, sen olaryň isleglerini amala aşyraňok! şu ýeden bir çykaýyn bara, arz ederin seň üstüňden! oýun edýänlaý, arz etjek däl goýberäýsene. “beýlekilerem gidesi geler” diýýäňmi? men hiç kime aýtmaryn söz berýän. heniz senden çykyp gitmek hiç kimiň kellesine gelmändir ahyry. wiý, saňa beýle şikaýat bilen öňem ýüz tutýan köpdimi asyl? aha hiç biriniňem islegini amala aşyrmansyňda? nejis! bolýa, onda 1 günlik goýberaýdä. ok. 1 sagatlyk! iň bolmanda 1 minutlyk? onda ýekeje pursatlyk?…… şeýdýäň dämi? adamam däl ekeniň! goýbermän geç, saňa-da gezek geler. senem menden bir zatlar haýyş edersiň, şonda menem seň diýeniňi etmerin. boldy indi, seň bilen sögüş, gaýdybam meň adymy tutaýma eşitdiňmi! öýkeledim senden!” boljak däl ekeni. hawa, durmuş adam bolmadygy üçin biz adamlara düşünenok, ýöne bizem durmuş bolmadygymyz üçin oňa düşünmeýän bolmagymyz ahmal. eger ol meni daşyna goýberen bolsa, belki men azaşardym, gaýdyp yzymy tapmazdym. belki hemme zat gowlugadyr. emma adam nädip şol zatlaryň gowlugadygyny bilip biler. bilenden soň bilenligine ökünmegi ahmal. belki mundan başga dünýä ýokdyr, diňe o dünýä bardyr. o dünýä barmak üçin bolsa, biz diňe bu dünýeden azat bolmaly (ölmeli)! wagtymyz barka, elimizdäki bolanja zatlarymyzyň gadryny bilp ýaşabereliň. şu durmuşdan gowy durmuş ýok diýip.
Durmuşdan dynç almak.( hekaya )
-
samat
13 years ago
- Haa.ruhabat onat ýazypsyn,sag bol.dogrydanam bu durmu$dan kate erbet basylyas.yoly ça$yryp galyas we durmu$dan gaçmak isleyäs.men bir wagtlar 2 hepdelap dine yatmak we kino seretmek bilen "durmu$dan gaçypdym".soñunda özüme geldim,hany bir zamanlar maksat tutunypdym,arzuw edipdim we söz beripdim bu durmu$da bar bolmana däl-de,hakykatdanam ya$amana,yok ya$amana däl,ya$atmana.emma yene-de her kimiñ öz hasaby bar,ýaradanyñam öz hasaby.
-
Camry
13 years ago
- Gowja ýazgy! Durmushdan çykyp nirä gitjek, gitseñem ýene durmusha gaýdyp gelersiñ?! Shol durmushy ýerlikli ulanmany basharjak bolmaly, ýöne käwagt durmushyñ gadryny bilmeýän wagtlarymyzam bolýar! Käte wagtymyzy bisarpa tütýas, sheýdibem gowy durmushy özümiz deñimizden geçirýäs!
-
Abadan
13 years ago
- Ruhabat bu yazgy teswirlerde ozigin acan temasydy ödyan.ogurlamagam gowy dal.:-)))
-
ruhabat
13 years ago
- Bolmandada men muny özim ýazdym diýemaga teswirlerden alynan diýip görkezdim kimiñ ýazanyny bolsa bilemok
-
Tourist
13 years ago
- Gowy tema açylypdyr teswirlerde kim açanam bolsa sag bol ruhabat paýla$anyña!!!
-
ADALATLY
13 years ago
- Gowy tema.sen ruhabadyň özündenmi?
-
Patron
13 years ago
- O diyen owerli dal, yone talyplar.com agzasy uchin gowy huymenje
-
Patron
13 years ago
- Bagyshlarsynyz yalnysh gidenine-guymenje***
-
littil
13 years ago
- ruhabat ýaltanman ýazypsyňow tüweleme...
-
Abadan
13 years ago
- :-D:-D:-D
-
ruhabat
13 years ago
- ruhabat ýaltanman ýazypsyňow
tüweleme...
littil | 2011-07-04 23:02:25
abadan | 2011-07-05 01:51:45
muny men yazamaga littl yonekey kopyalap teswirlerden alaydym
-
littil
13 years ago
- hä diýmek ogurlampsyňda (şutga).
-
Kuraldyshy
13 years ago
- Aý nä,ýazana eliñ gözüñ dert görmesin diýäýmek galypdyr
ruhabat 13 years ago- Beh ýazanlam näçe gezek gidäýipdirä
bu gezek maña gowja söwseler gerek
bagyshlarsyñyzda doslar.menem kopya etmegi øwrendimdänim üýtgeshik temada açylyp barylmansoñ öz halan ýazgylarmy siz bilen paýlashaýyn diýdim