Dagyň arslany ýaly, Güýçlisiň sen ýaş wagtyň. Düzüň böwürsleni ýaly, Ötgürsiň sen ýaş wagtyň. Ne dana sen, ne alym, Tüýs wagtydyr, al ylym, Diliň däl, işlet goluň, Gujurly sen ýaş wagtyň. Gunça bolup açylyp, Bägül borsuň goçalyp, Gözden düşme kiçelip Ejizleme ýaş wagtyň. Şatlygyň köp, az gussaň, Başyňda söýgi kyssaň, Bu durmuş, däldir hossa, Bilmeli sen ýaş wagtyň. Toýdan soňam ýaşsyň sen, Köp zatlardan daşsyň sen, Höwürtgäňden uçduň sen, Ýolagçy sen ýaş wagtyň. Seljer gitjek ýoluňy, Söý Watanňy-iliňi, Güýjüň dagyň sili deý, Bilewergin ýaş wagtyň. Sülgün Baýramowa.
Ýaş wagtyň
-
sahett
14 years ago
- sulgun atlylary soyyanda hemme taraplayyn owadan
-
ruhabat
14 years ago
- Gowja goshgy eken. paylashanyñ uchin sagbol !!!
"maru-shahu jahan"
bular yaly gazetem bamay
-
ruhabat
14 years ago
- Gowja goshgy eken. paylashanyñ uchin sagbol !!!
"maru-shahu jahan"
bular yaly gazetem bamay
-
littil
14 years ago
- angel salam. gowja goşgy. ýaltanman bize ýetireniň üçin sposiba.
-
lukss89
14 years ago
- sholar yaly gazet barda ruhabat! gowja goshgy eken
-
Adgjmptw
14 years ago
diliň däl, işlet goluň,
gujurly sen ýaş wagtyň.
Angel91 sagbol paýlaşanyña!
-
Mergen0492
14 years ago
- Sagbol gowy yazypsyn angel91
-
Mergen0492
14 years ago
- Sagbol gowy yazypsyn angel91
-
Mergen0492
14 years ago
- Sagbol gowy yazypsyn angel91
-
muhabbatjumakulova
14 years ago
- oren govy goşgy
angel91 14 years ago- "Maru-Shahu jahan" gazetinden.