Salam hormatly dostlar, doganlar! Men siziñ ähliñize jan saglygyny, ýurt asudalygyny dileg edýän we şujagaz entäp ýörkäm tapan gysgajyk rowaýatymy siziñ bilen paýlaşmak isleýän. Meñ-ä göwnüme ýarady, size hem ýarar diýen umyt bilen... Şemiñ ýagtysyna kitap okaýar Ýetmiş ýaşan molla ukudan galyp Bir ýerine ýetende saklandy birden Täzeden okady pikire dolup “Ýüzi kiçi, uzyn sakal adamlar Samsyk bolýar”- diýip ýazylan onda Molla diýen“Meñem ýüzüm kiçijek Üstesine uzyn sakal bar mende” Bir eline alyp bölejik aýna Bir eline bolsa şemini aldy Synlady ýüzüni ýene sakalyn Gijäñ ýarymynda başagaý boldy Aýnany daş tutsa görnenok ýüzi Şemi daşlaşdyrsa ýetenok ýagty Birdenem ot düşdi uzyn sakala Şemli eli ýüze golaýlan wagty Kitabyñ gyrasyna ýazanmyş molla “Şunda ýazylanlañ dürs eken bary Iş ýüzünde barlap gördüm men muny Söze ynanmadyk köp çeker zary”

Köneler, Adgjmptw tarapyndan 13 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir