Hiwanyñ hökümdary Allaguly han köplenç öz Türkmenleriniñ üstüne çapawulçylyk edipdir. Bir çapawulçylykda bolsa, onuñ leshgeri tutush bir obany diýen ýaly sürüp han-yñ hüzüryne eltýär. Han leshgeriň tutush bir obany sürüp getirmegi aýratyn bir sebäbi bardy. Olar Hajy sazandanyñ obasynyñ adamlarydy. Allaguly han Hajy sazandany öñem üç gezek köshgüne çagyryp, han sazandasy bolmagyny towakga edip, köp ýalbarypdy. Emma Hajy sazanda boýun bolmady. Ummasyz halat–serpaý hödürledi. Shonda-da Hajy köshk sazandasy bolmakdan ýüz öwürdi. Ynha, bu gezek bolsa Allaguly han "Ederini bilendirin" diýip, içini gepletýärdi. Shonuñ üçin arz soraýan jaýyna Hajy sazandañ girenini göreninden tagtda oturan ýerinden arkangaýyshyp, jakgyldap güldi. Onuñ gülküsi bütin köshgi ýañlandyryp gitdi. -Ỳeri, Hajy ýeser! Ỳagdaýlar niçik? -Erbet däl Han. - Ỳogsa-da, sen ol saraýdaky ýesirleri gördüñmi? Olar señ ildeshleriñ-ä däldir-dä? -Hawa, Han, sholar-a meniñ ildeshlerim. -Bilýän bolsañ, Hajy ýeser, gel egri oturup, dogry geplesheli. Barybir sen näçe ýeser bolsañam, shu gezeg-ä utulan bolsañ gerek. Aýratyn señ obañ uludan-kiçä sürülmeginiñ sebäbine gözüñ ýetýän bolsa gerek. -Hawa, düshünýän han, bu wagshylygy sen meni amana getirjek bolup edensiñ. -Ony bildiñ, sazanda, hany indi amana gelmän-em bir gör, ildeshleñ baryny dara asyp taşlaýyn. Hajy sazanda ýüzüni esli ashak salyp durdy. Ahyry uludan demini alyp gürledi. -Bolýa, han, men señ köshgüñde üç ýyl sazanda bolup bereýin. -Baý-bow üç ýyldanam bir zat bolarmy?! -Bar bäsh ýyl bolsun han. -Ỳok, az bolýar, maña hemishelik gerek. -Gel, onda bir zat edeli, bendileri häziriñ özünde boshat, onsoñ men saña ýedi ýyl hyzmat edeýin. 7 ýyla çenlem bir sazanda shägirt ýetishdirip bereýin. Ine han, meñ gutarnykly jogabym. Allaguly han esli salym doñuz diñini salyp oturdy. Onsoñ bashyny galdyrdy-da sypaýy gepledi: -Ynha, bu shertiñ bilen ylalashýan. 7 ýyl köshkde sazanda bolsañ, shol möhletiñ içinde-de, bir shägirt ýetishdirip berseñ, maña bolýar. Shertiñ kabul Hajy sazanda. Bir gün Allaguly han ir ikindinler, ýañy garañky gatlyshanda ukudan oýandy. Bimahal ýatyp, bimahal turany üçinmi, ýa-da sheraby asha köp içeni üçinmi, garaz hanyñ haly teñdi. Ỳüzünden gar ýagýardy. Hanyñ keýpini açmak üçin, onuñ dashynda hozanak bolýardylar. Öñüne çaý getirildi. Han "ýok ediñ" diýen manyda elini salgady. Gyzlar öñünde oýnap bashlady. Han birneme imrigjek ýaly etdi-de, olara-da "ýok bolsun" diýip, elini salgady. Hyzmatkärler näme etjeklerini bilmän elewreshdiler. Allaguly han, agzyny ýokaryk tutup yzly-yzyna pallady. Onsoñ hyzmatkärlerine gözüni agdaryp seretdi-de, elini dutar kakýan ýaly hereketlendirdi. Sho bada Hajy sazanda häzir boldy. Sazanda dutaryny düzüp, çalyp bashlady. Kashañ köshkde dutaryñ sesi has güýçli ýañlanyp gümmürdedi. Esli salym çalansoñ han elini salgap sazandany saklady: -Hany, sazanda, bu çalýan sazlaññy men öñem ýüz gezek eshitdim. Täzesini çal, täzesini! Heniz eshitmedik sazlamdan, düshündiñmi? Sazanda dutaryñ gulagyny towlap, has belent heñlere tutdurdy. Han ýene-de elini salgady. Dutaryñ sesi tapba ýatdy. -Hajy ýeser, sen ýesersireme-de meñ diýýän sazymy çal! -Siziñ diýýäniñiz haýsy sazdyr hökümdar? Adyny aýdyñ ahyry. -Ynha men ýañy ýatyrkam gulagyma bir owaz geldi. Ana, shol owaz iññän shirin owaz ekeni. Ana, shony çalyp ber maña, Hajy ýeser! Düşündiñmi?… -O nä owazdyr hökümdarym? Han zöwwe ýerinden galyp heñkirdi: -Shony bilmeseñ, sendenem bir sazanda bolarmy? Hanyñ dikdüshdüligini edip, gazaba münendigini gören sazanda eshidilmedik owazlary gözläp, gör, nirelere tutduryp barýardy. Çalyp oturshuna hanyñ ýüzüne-de göz aýlaýardy. Hanyñ ýüzi käte ýagtylaýjak ýaly edýärdi-de, ýene-de öñkidenem beter çytylýardy. -Bes et!!!.. Jellat !!!!… Eli aýpaltaly, ýüzi gara örtükli iki sany mahluk gelip, hanyñ öñünde tükge ýatdy. -Hajy ýeseriñ kellesini alyñ! Senden sazanda bolmaz! Barybir möhleti dolansoñ gitjekmish. Bashga ýerik baryp bir saz çalmasyn. Kesiñ bashyny! Jellatlar dikelip, Hajy sazandanyñ hersi bir gapdalyna geçdi-de, aýpaltalaryny ýokara galdyryp, buýruga garashdylar. -Hajy ýeser, iñ soñky sözüñi ayt!.. Onsoñ… -Aýtsam, han, bi ýerde, kelle alar ýaly, meñ günäm name? Shony bir ilki aýt… Ỳañky çalan sazymy sen hiç haçanam eshiden dälsiñ. Mende nä günä bar? -Sen ukuda ýatyrkam gulagyma gelen owazy çalyp bilmediñ. Ine, señ günäñ, düshündiñmi? -Onda han, gel ikimiz bir zady shertlesheli. -Aýt shertiñ bolsa tizräk: -Aýtsam han, sen maña ýekeje gije puryja ber. Ertesi señ diýýän sazyñy çalyp bilmesem, onsoñ meniñ kellämi alaý. Nähili görýäñ? -Bolýa, men saña ertire çenli möhlet berýärin. Ana, shol puryja berlen gije sazanda öz shägirdi bilen bir saz döredipdir. Ol saz hem pajygaly, hem buýsançly, hem begençli, hem gynançly saz bolupdyr. Ertesi Hajy sazanda Allaguly hana shol sazy çalyp beripdir.
Hajygolak (rowaýat)
-
Abadan
13 years ago
- Gynancly rowayat eken yegen. Name ucin önki döwurlerde $alar erbet bolupdyr? $ertini ýerine yetirensonam,sazandany beyle hökum bermeli dalda.:-(
-
Yegen
13 years ago
- Aý handyrda Abadan, diýen sözi geçip dur! Onsoñam Allaguly han taryhda bolan shahsyýet, Hywañ medreseleriniñ birinde sheýle ýazgam bar diýdiler: Baky gelendir bize ömürlik döwran, dünýäde ýeketäk Allaguly han! Wagtynda gaty zalym han bolupdyr diýýärler, basyp bilmeýänem Türkmenler eken. Ýöne nätsede bolmandyr, Hajygolak sazy shu wagtam halkyñ añynda ýashap ýör, ýasharam!
-
santosh
13 years ago
- sagja bol yegenjan,sen men yurejigimden turdyn,yene shular yaly wakan bolsa yazyp dur,hokman okaryn
-
aynash
13 years ago
- yegen,gaty gowy taryhy waka.minnetdar,yene yetirip durung.
-
Tourist
13 years ago
- Ýegen tuweleme ýazyp durawerihow $eýdip bir arasynda dync alaly. Arman gynanclyrak ekeni-dä
-
Tourist
13 years ago
- Ýegen tuweleme ýazyp durawerihow $eýdip bir arasynda dync alaly. Arman gynanclyrak ekeni-dä
-
Yegen
13 years ago
- Sag boluñ doganlar, nesip bolsa ýazar duraryn! Okap baha bereniñiz üçin ullakan sag boluñ!!! Sizem ýazyp duruñ!
-
jeyn91
13 years ago
- yegen tuweleme gowja eken yazgyn un sagja bol
-
AHAL
13 years ago
- internetde barmyka ol saz??
-
Tourist
13 years ago
- Ahal tapsañ bizede ýetirersiñdä
-
Tourist
13 years ago
- $u ýerde bir zada bar
-
AHAL
13 years ago
- ay sagja bol turist
Yegen 13 years ago- Bolsa-da sazandanyñ bir gije-de döreden täsin sazy hany haýran galdyrýar. Ỳöne Allaguly han namartlyk edipdir.
-Meniñ köshgümden bashga shular ýaly ajaýyp saz ýañlanmasyn - diýip, Hajy sazandanyñ barmaklaryny kesipdir.
Shondan soñ, Hajy saz çalyp bilmändir. Ỳöne onuñ hanyñ gazaby astynda döreden sazyny shägirdi ile ýaýradypdyr. Özem sazandanyñ adyna hem onuñ maýyllygyna baglanyshdyryp, ol saza, Hajygolak diýip at dakypdyr.