Adam ogly näme üçindir çäksizligi söýüşi ýaly, çäklendirmeleri halamaýar. Asmana uçsa çäksiz belentliklere galsam diýýär,çuňluklara çümende-de ýene şol höwes onuň hemrasy. Birini söýse-de çäksiz söýesi gelýär, söýlende-de çensiz-çaksyz söýülmegini küýseýär. Megerem, bu häsiýet, edil ýaňy dünýä inen bäbejigiň öz-özünden enesini emmelidigini bilşi ýaly ynsana Alla tarapyn berlen peşgeş bolsa gerek. Eger bu pikirlerim edep bilen baglanyşykly bolmasa, onda göwnüm göterilip, asmanym durlanardy. Emma edep, edeplilik ynsany çäklendirýän zat. Edep joşup duran ýaşlygyň ganatlaryny kesýäne meňzeýär. Kä wagt şeýle bir keýpiň kök bolýar welin, köçeden barşyňa zowladyp aýdyma gygyryberesiň gelýär. Gygyraýdygyň, her kim «Bu biedep kimkä?» diýip geň görjek. Ýaşulularyň arasynda ýaşyň kiçi bolup, nobat berilmänkä gürläýseň, ýene sen edepsiz. Ýaş juwanyň özüniň çäksiz söýülmegi üçin has-da özüne çekiji geýnesi, gaşyna-kirpigine timar berip, gerek bolsa ýüzüne reňkdir grimlerem ulanasy gelýär. Emma ol juwanyň garry enesi «Hany seniň haýaň?» diýjek. Onuň seniň söýlesiň gelýäninden habary ýok ýaly. Käşgä özi ýaş bolup görmedik bolsa. Häzirki ýoňa görä, köýnegiň etegini dilmek hakynda-ha hyýalam etme. Garaz, sanasaň sanap oturmaly. Şu ýerde ýene bir sowal oýlandyrýar. Eýsem egin-eşik adamy üýtgedip bilermi? Ýaşmakly gelniňem gaýyn atasyna ýaşmagynyň aşagyndan diýjegini diýip duranyny göremsoň, bu sowala ýüzugra jogap berip bilemok. Ol-a köýneginiň aşagy dilik eken, dyzyndan aşagy kesik eşikli maşgalanyňam juda arassasyna duş gelinýär. Onda egin-eşik ähmiýet berip, gürrüňini edeniňe-de degmeýän bir meselemi? Gaýta ylmyň we tehnologiýanyň ösen, ynsanyň Aýa gonan döwründe seniň köne biçüw eşigiň, gadymy düşünjeleriň yza galaklygyň alamaty dälmi? Birden ak sakgaly döşüni tutup duran ýaşulularymyzyň, başlary pürenjekli enelerimiziň, uzyn köýnegi topugyna düşüp duran edaly türkmen gyzlarymyzyň, edebi özünden syratly, saýhally- salyhatly ýigitlerimiziň ýitip gidenini göz öňüme getiremde inim tikenekläp gitdi. Ähmiýetsiz zatlar öz-özünden ýitip gidýär ahyryn. Gyz enesini, ogul atasyny diňlemese, eger egin-eşik ämiýet bereniňe degmeýän bir zat bolsa, Ýewropa medeniýeti hem edil tehnologiýasy ýaly höwes edilýän bir zada öwrülse, her kim şoňa öýkünse, ýaňky, buýsanç bilen sanan aýratynlyklarymyňam ýitip gitmegi mümkin ýaly göründi. Emma, Hudaýa şükür, ägirt imperiýalar guran döwründe-de, şahyryň aýdyşy ýaly «ykbaly ýandakdan pes» bolan ýyllarynda-da türkmen dilinem ýitirmändir, milli eşiginem. Eýsem, türkmen çäksizligi söýmedimikä? Megerem, bu özboluşly millet edepde-de çäksizligi söýen bolmaly. Çäksiz edepliligi başyna täç edinen bolmaly. Seniň bu söýgiň gurbany bolaýyn. Goý, bu söýgi sende hiç kemelmesin. Töre hangeldi.
Çäkmi ýa çäksizlik?
-
littil
13 years ago
- friendship gaty manyly ýazypsyň. myahrişaň aýdanlaryny makullaýan.
kä wagt şeýle
bir keýpiň kök bolýar welin,
köçeden barşyňa zowladyp
aýdyma gygyryberesiň gelýär.
şul aýdan sözüňä hasam dogry. menem bi gün şeýle boldum. 10-klaskam irden mekdebe gidip barýakam gulagymda nawuşnik özümem aýdym aýdanymy bilmän galypdyryn. yzyma seretsem bir aýal gelýän eken, maňa birhili seretdide geçip gitdi. men şonda ýaman utandym.
-
Gacgak
13 years ago
- Manyly yazgy yone onurti daplerin nireden gelenini bilmesi asyl nusgasyny yslamdan alyp gaydan kop dapler seyle hem eger name ucin uzyn geyyaninin manysyny bilmese mahrisin aydysy yaly etjegini eder yorer umuman bilimi ve ruhy ylymy bile berip yetisdirmeli yaslarymyzy
-
vesna87
13 years ago
- egin eshik adamy uytgetmeya,adam egin eshigin uytgedya. Sadaja adam sada geyinya betje bolsa betje geyinyandir gownam gaty dikdir.hamala ozunden bashga krutoy yok yaly.esasy arassa ozune gelishyan zat geysen gowy.aslyny yatdan chykarmaly dalda.
-
arslangurt
13 years ago
- firendship dost senin b.n gorushup bolmazmyka chay bashynda, bu yazyan zatlaryn duranja bir zehina, sagbol dost men sana hormat goyyan
-
Friendship
13 years ago
- Minnetdar, arslangurt, hormatyña! Nesip bolsa, çaý ba$ynda görü$eris!
-
zumerchi
13 years ago
- эдил шу момeнт сaпa тaсдaнaм aнкaм aшып aгдaрылыпдым, устундeн просто зeхин бн aкыл aкып дурлaй! мeндeн он тeлпeк!
Yerli vagt bn 00:40 minsk, sapanyñ yanynda
-
Adgjmptw
13 years ago
- Sapa talyplar.com saýtynyň yşk mülküniň şasy adyna mynasyp we eýe boldy.
-
Bilgi
13 years ago
- gowy tema,yone name diysenizem "chak"- diyilyan bolsa gowy. Wiy friend sizem adynyz bilen gutlayan,galamynyz yiti bolsun!!!
Myahri6a 13 years ago- Yaman manyly yazylypdyr. Men pikirimce, egin e$igin ahmiyeti bar, elbetde, yone uzyn koynekdede etjegini edip yorenler kan. "yere seredenden yer gorkar" diyleni