MUSULMAN-MUHAJIR Amr ibn As (radyýAllahu anhu) rowaýat etmegine görä Resulullah (sallaLlahu aleýhi we sellem) buýurdylar: „Musulman şeýle adamdyr, ol başga musulmana öz dili we eli bilen ezýet (ýamanlyk) bermez. Muhajir bolsa, Allahyň (jelle jelaluhu) gadagan eden zatlaryny etmäni terk eden adamdyr“. (Buhary). Hadyslar Yslamy iň gowy şekilde düşindirýän sözlerdir. Resulullah (sallaLlahu aleýhi we sellem) olary hemmelere düşnikli dilde beýan edip, Yslamyň esaslaryny, ahlagyny iň gözel şekilde ýetirmäni başarýar. Ine bu hadysda Resulullah (sallaLlahu aleýhi we sellem) iň gözel şekilde musulmanyň kimdigini düşindirýär. Ýagny musulmanda başda bolmaly wasplardan söz açýar. Resulullah (sallaLlahu aleýhi we sellem) musulmany wasp edende, onuň namaz-sadakasyndan, geýnişinden-aslyndan söz etmän, ilki bilen onuň musulmanlar bilen gatnaşygyndan söz edýär. Ýagny musulman bende hiç wagt dili we eli bilen başga musulmana ýamanlyk etjek bolmaz. Sebäbi ilki bilen onuň kalbynda diňe päklik (hidaýet) bardyr, aňynda bolsa musulman doganlyga düýpli düşünmeklik bardyr, jemagat we ummat düşünjesi bardyr. Musulmanda ylahy ahlak bardyr, Ol Allahyň (jelle jelaluhu) beren dil we el amanatyny Allahyň (jelle jelaluhu) islemeýän zatlaryna sarp etmez. Muhajirler - musulmanlaryň içinde Allahyň (jelle jelaluhu) razylygy üçin ýurdyny-baýlygyny terk edenlerdir. Olaryň derejesi üstündir, Kuran we Sünnetde birnäçe ýerde olar öwülendir. Ýöne bu ýerde Resuly Ekrem (sallaLlahu aleýhi we sellem) muhajir bolmak üçin diňe bir ýerden başga bir ýere göçmeklik däl-de, asyl günälerden hijret etmek gerekdigini aýdypdyr. Muhajir - Allaha (jelle jelaluhu) gowuşmaklyga, muhabbetine tarap, razylygyna ýola çykan adamdyr. Öz içinde şoňa berk karar beren adamdyr. Şol sebäpli ol bütin Allahyň (jelle jelaluhu) gadagan eden we halamaýan zatlaryndan ýüregi bilen ýüz öwüren musulmandyr. Hijret-Yslamdaky hemme amallarynda boluşy ýaly, şekli bir hereket däldir, niýet we düýp manyly yhlasa daýanýan amaldyr. Şony görmekligi başarmaly we düşinmelidir. Allah (jelle jelaluhu) bizi musulman-muhajirlerden eýlesin...

Köneler, yslam tarapyndan 12 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir