Dört ýyl öň, kakamjan çykdy aradan, Ýalňyz ogul-ornun tutarsyň öýdüp; Süýji arzuw edip geljek barada, Arkadag hasaplap, biz seni söýdük! Indi umytlardan elleriň dart-da, Ajy göz ýaşlardan gözleriňi syl. Gutardy ýigrimi üçinji martda, Barysy ikimüň on birinji ýyl. Kenarynda agyp, çyrpynar deňiz, Aksa oňa hesretlermiň bulagy. Gözlermiň öňünden gidenok heniz, Uklan sürüjiniň gorkunç ulagy. Şol pursat durmuşum ikä bölündi, Öňki ömrüm bagtyýardy, başgady. Arman bilen ölüp bilseň, öl indi, Birje minut bizi aýryp taşlady. Ulagdakam jesediňi gujaklap, "Ýalan!“ diýip şindem umyt bagladym. Megerem, bir gorkunç düýşümdir öýdüp, Bagyrdym, elendim, birden agladym. Gözlerinden ganly göz ýaşlar seçen, Ejem, uýalaryň, namyrat galdy. Gara bagyr iki gyzyň, gelnejem, Hasratyňdan ýanyp, sargaryp soldy. Çärýek asyr-ömrüň ilki postunam, Geçip ýetişmänkäň pajyga duşduň. Ertesi jan berdi Döwlet dostuňam, Dostuň bile gara ýerleri guçduň. Soňky pursat jynazaňa üýşdüler, Sazanda ýoldaşlaň, bary merdana. Göýä gökde bulutlaram süýşdiler, Ýürekler, köňüller geldi lerzana. Jeza dälde haýyr etgil emriňi, Allajan, dileýär-uýasy Jennet! Il üçin ýaşady gysga ömrüni, Enşalla, ondaky jaýyda jennet! jennet gyzyň sargydy boýunça ýazylan goşgy, ýagny jennetiň agasynyn bagty ýadygärligine. wepaly wadaryg ya-da berdi, patron

Köneler, Patron tarapyndan 13 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir