Bu hakykat bolmasady... Ähli kişi, tutuş millet ýalan-ýalan diýip gygyrsady... Onuň ady Enedi. Näme üçin Allah oňa beýle ady beripdir bilemok! Adamsy ýogalyp bir ogul bir gyz bilen ýalňyz galjakdygy üçinmi? Ýa-da dünýede iň ajy ykbalyň ýene enäniň paýyna düşýäni üçinmi? Ýa-da ýöne dünýä inmezinden sähelçe gün öň ýanynda ýogalan enesiniň ady dakylany üçinmi? Bilmedim. Bilmeýänime-de şükür, bilsedim - ýüregim götermezdi, aklyma sygmazdy... Onuň ady Enedi. Ýeke gyzyny çykaransoň,oguljygyny on sekiz ýaşap-ýaşamanka öýeren enedi. Niçe ýyl ýalňyzlyga döz gelip, indem üç sany agtyjagyň arlygyny ýuwan enedi. Soňam ogluna gargan ene boldy. Onda-da ne gargyş - azary etinden geçip süňküne ornan enäniň gargyşy: “Sen ölsediň. Yzyňda gelniň başga birine äre gitsedi. Menem gelniň äre giden öýüne agtyjaklarymy görmäge barsadym” diýdi. Enäniň dilegi kabul boldy. Ertesi ogly özüni asdy. Bu hakykat bolmasady... Ähli kişi, tutuş millet ýalan-ýalan diýip gygyrsady... Ene onuň tabydynyň başynda perýat etdi. Il-gün welin, oba ulukjyn beren gerreçiniň ölenine kän bir gynanyp durmasa-da, ony adam ýaly jaýlady. Ejesiniň gargyşyna namys eden ogul - ”Wah, ýeke balam, ýalňyz balam, kysmaty gara balam, men guraýyn” diýen nalyşyna dözüp tabytda ýatan ogul - men diýen ýaşynda bir tümmek guma öwrüldi galyberdi... Bu hakykat bolmasady... Ähli kişi, tutuş millet ýalan-ýalan diýip gygyrsady... Men muny ýazmazdym. Häzirem ýazamok. Ýalany nädip kagyza dolajak. Bu kagyza ýazylan ýazgy bolsady... Emma ýalyn beýle işe ýaramaýar. Hawa, gelinem äre gitdi. Ene-de agtyjaklaryny görmäge äre giden gelniň öýüne, gurbady giden ädimleri bilen barýar. Ol köneje pürenjekli bir gysym bolup barşyna galoşynyň köçeleriň ürpek gumuna batýanynam, gözünden syrygýan ýaşam duýanok. Ölüdiginem duýanok, diridiginem... Bu hakykat bolmasady... Ähli kişi, tutuş millet ýalan-ýalan diýip gygyrsady... Men aglamok. Gözümden ýaş damýan bolsa, ýaşymy ýandak bilen sylaryn. Goý, ýandak ýüzümi ýyrtsyn, gözüme çümüp kör etsin. Gözüm görmez, janym ýanmaz. Ýöne men aglap bilemok. Gözümden ýekeje damja-da ýaş damanok... Bu hakykat bolmasady... Ähli kişi, tutuş millet ýalan-ýalan diýip gygyrsady...
Bu hakykat bolmasady...
-
Tilkijik
13 years ago
- Uytgeshik £anrda . Gowy bolupdyr . Bravo
-
Patron
13 years ago
- gowy yazylypdyr. Sagbol dost.
-
aynash
13 years ago
- sapa,tuweleme, gaty gowy yazypsyng sag bol,yenede yetirip dur!!!
-
vyshybal
13 years ago
- sagbol omrun uzak bolsun
-
Friendship
13 years ago
- Minnetdar hemmäñize!
-
Kuraldyshy
13 years ago
- hay tuweleme,dowam et zehinlije çaga yaly özùñ-a
-
Bahbit
13 years ago
- Salam agzalar. Sapa$ka muny birine bagy$lap düzdiñmi dost
-
lukss89
13 years ago
- sapashka tuweleme zehin bar sende galamyn yitije bolsun
-
Friendship
13 years ago
- Minnetdar, d o s t l a r !
-
vesna87
13 years ago
- gaty gowy beyan edilen. Hakyky ajy ykbalda.
-
enesh91
13 years ago
- Hakykatdanam bu yalan bolsady!
-
Auditor
13 years ago
- Minnetdar Sapa! Dogry aytyan enesh!
ilyush 13 years ago- göwnüm ýetdi.mundan öňkileňi okasym gelenokdy şu gezek oňaryp ýazypsyň(adalat gazetine eltip gör,şular ýaly zatlary köp çap edýärler).