Eý, merhemetlileň merhemetlisi... Halymsaňa beýan edýän, duýgularymy diňe sen bilýäň, ýene bir gezek ak ýürekden seň gapyňa geldik. Medet ber, eý, ähli halymy bilen Rebbim! Senden uzak bu günlerde hiç kimiň kömegi ýetmedi, ahy-nalamyzy eşidip söýgi bilen el uzadanam bolmady, diňe aýralyk bilen agladyk we hasrat bilen ýandyk. Eýýuba (a.s)durmuş çeşmesini görkezişiň ýaly we Hezreti Ýakuba(a.s) Ýusubyň köýneginden iň gözel yslary ýetirşiň ýaly biziňem dadymyza ýetiş! Ýoldan çykan men, ýol tapmaýan men, maksadymy ýatdan çykaranam mendim. Eý, bizi hiç wagt unutmaýan Allahym! seni ýatdan çykaran kalbyma, sensiz alýan demime, günäkär halyma merhemet et, bize ýol görkez, eý, Hadi bolan Rebbim! Bizi direlt, eý Ýaradan! Umyt bilen urýan ýüreklerimize, utançdan gyzaran ýüzümize, ýaşlardan dolan gözlerimize rehmetiň bilen ýol görkez! Ýene bir gezek meni bagyşla! Derdimizi saňa açyp dermanyny senden garaşýan, eý, ähli dertleriň dermany bolan Rebbim! Sen mätäçleriň eýesi, biziňem sygynanymyzsyň! Senden başga hiç bir açyk gapy ýok, senden başga sygynjagymyz, senden başga güýç-kuwwat ýok, eý, beýik Allajan! Gören, bilen, eşiden diňe sensiň! Aslyma dolanmagym üçin ýol görkez! Saňa gelere ýoda ber...! Eý, beýik Ýaradan! Älem jahan seňkidir, ähli soltanlar seň gapyňda guldur. Hemme saňa ýörär, senden islär. Sen bolsa her wagt barsyň. Başga barlyklar geler, ýaşar, öler geçerler. Sen bolsa bularyň ählisinden beýiksiň! Bir we taýsyzsyñ! We hiç zada mätäç dälsiň! Eý Rehmeti soňsuz ýaradan, men seň gapyň bendesi, bu ýolda dünýä we ahyretden geçmäge kaýyl sadyk guluň! Henize çenli senden başgasyna se£de etmedim. Derdimi senden başgasyna aýtmadym. Aýdan bolsamam müň toba edip ýene seň gapyňa geldim. Sen gapyňdan aýrylmaýanlaň badalaryny söýgüden doldur! We saňa mätäçleriň ýüzlerini güldür! Eý, hemmäniň umydy, garyplaryň eýesi, eý, çäresizleň çäresi! Şu naçar guluňa gapy aç! Söýgüňden doýur we derdimize derman ber! Ämin! * Ýazgy terjime edilen.

Köneler, Friendship tarapyndan 13 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir