begenerdik atasy öýne gelende, gynanardyk gaýyn öýne gaýdanda, obamyzda bir gaýtarma gyz bardy, onda-da ne gaýtarma! görmegeýdi. asyllydy. alçakdy. ykbal bu üç bagty berenok hemmä. (kä ikisin berip, birin berenok, käte birin berse, ikisin kemýä). onda şu baýlyklaň üçüsem bardy. ady dilindedi uludan-kiçiň. deň-duşlary üçin uýa bolsa ol, ejedi biz ýaly uşaklar üçin. käte kemput berip, käte gant berip, käte bolsa paýlap kendirli nabat, dilimizem, göwnümizem tapardy. dili-de nabatdy, ady-da nabat. duldegşir goňşudyk. olaryň öýi käriziň sagynda. biziňkem çepde. garahassalykmy, mamamy, mergi – o mahal her dürli keselem köpdi. ony dul goýupdy şo dertleň biri. üç ýyllap ýas tutdy başy çabytly. şondan bäri atasynyň öýünde. ol-a bir betbagtdy bizem bagtly. begenerdik atasy öýne gelende, gynanardyk gaýyn öýne gaýdanda. ynha indi ýarylyber “begen-de” ol gaýtarma, ol ömürlik gaýtarma! atasam hiç kime berenok ony. berjegem däl. özem edenok meýil. otyr ol ak öýüň törüni saklap, (şeýdip diňe bagry ýaraly göýül oturýandyr bir oturan ýurdunda) iň uzak örüsi – käriz, ýeke tut. …ýene-de geldi ol eşik ýuwmaga, çabdynyň jübüsi durşuna kemput. edil şo mahalam bir daýaw çopan sowdy eşegini ýabyň boýuna. eňegin basdy-da käriz suwuna, ýene “gur-roww!” diýip, gitdi ugruna. - aýu, oglan, muhtar, kemeriň galdy! - çopanyň yzyndan ylgady nabat. näme bolanyna düşünmän galdyk – aýylganç gümpüldi edildi şo bat. ýene bir gümpüldi… gyzyň dogany elinde tüpeňi, bilinde hatar, awdan gelýän eken. gapdalna baksa – gürleşip duranmyş nabatdyr muhtar. edil şo demde-de gysylýar mäşe. nabat ýykylypdyr ilkinji okdan. çakmak çekilende ikinji sapar, eşekden dag ýaly gaýdypdyr çopan. ..müňkürlik diýen zat hemişe şeýdip ykrar etjek bolýar öz dogrulygny. dogra ýalan, ýagşa ýamandyr öýdüp, käte atýar şeýdip öz doganyny
Gaytarma
-
ahmetjan18
13 years ago
- Berekella dost sag bol ýenede hormatly $ahyrymyzyñ go$gularyny ýazarsyñ diýip umyt edýärin.
-
ahmetjan18
13 years ago
- Söýgi hem modadan gacýar diýdiñmi?
Hak aýdýañ söýgäde ýetipdir moda
Kä gyz $u gün irden birini söýse
Ertir irden dü$ýär ba$ga bir oda.
Ýa$lar gazýedynda okadym bir gün
Gurban diýen ýigidi söýüpdir bir gyz
Onsoñ Akmyrady soñam Igdiri
Häzirem söýýärmi$ gazak ýigdini
Ertir kimi söýjek belli däl heniz
"Odisseý"her kimde bir bolmalydyr
Çal$yp ýörmek bolmaz täze-täzeden
Täze küýzäñ suwy sowukmy$ diýip
Icip ýörmek bormy munca küýzeden
Öñler söýgi hakda gürrüñ açylsa
Gyzlaryñ tarapyn calardyñ hökman
Indi bolsa gyzlañ käbirin görüp
Olañ "söýgi"diýen zadyndan gorkýañ
K.Gurbannepesow
-
idealman
13 years ago
- hehe.shahyrlar tuweleme.com siz!
-
ahmetjan18
13 years ago
- Saul ideal
-
idealman
13 years ago
- yene joshyberin!
-
DG
13 years ago
- Yene yazyp durun,yazmak sizden,okamak bizden :-)
-
DG
13 years ago
- Yene yazyp durun,yazmak sizden,okamak bizden :-)
-
Tourist
13 years ago
- Hehehe $ahyrlar.com geli$mänem durjakdäl
-
ahmetjan18
13 years ago
- Sen geldiñde garyp göwnüm baý etdiñ
Ýöne näme ücindir ynjalygym ýok
Sen maña bagyt berdiñ örän ullakan
Ony nädip gorajagymy bilemok
Ýöne säher-säher bagtymy öpüp
Görýän öz-özümi seniñ gözüñde
Her hal ýolda ýatan da$ däl ekenim
Artyk däl ekenim ýeriñ ýüzünde.
G.Ezizow
-
Auditor
13 years ago
- Myrat ahmet ajayyp goshgular kop sag bolun ellernize saglyk. Gaytarma goshgyny ön okamandym!
-
ahmetjan18
13 years ago
- Sag bol auditor
-
myratmeredow
13 years ago
- auditor sag bol/ on ozumem okamandym shony
-
Bahbit
13 years ago
- Salam agzalar. Hemmäñize ullakan sag bolsun arasynda $eýdip dürler hazynasyndan döküp duruñ.
-
sahett
13 years ago
- tuweleme dost yatdan cykmaz yaly ol adamlaryn sungaty seydip yatladyp duuuur
-
littil
13 years ago
- mratmeredow goşgyň üçin minnetdar.
-
Servi
13 years ago
- Hawa,Kerim Gurbannepesowyň goşgulary süýji çeşme ýaly,doýup bolanok.
Sag bol Myrat Meredow!
-
Cwetocek
13 years ago
- minnetdar!
-
Ayjagash
13 years ago
- Sag bolun yazan goshgularynyza. Yene-de beyik shahyrlarymyzyn goshgularyndan bize yetirp durun.
myratmeredow 13 years ago- Kerim gurbannepesow