Gül barada geň zatlar Bahar paslynyň gelmegi bilen daş-töweregimiz al-elwan güller bilen bezeldi. Tebigatda ähli janly- janda ryň örän uly orny bar. Ähli zat adama berlen ullakan nygmat­ dyr. Ynha, şol beýik nygmatlaryň biri hem güldür. Gül diňe bir tebigatymyzy beze­ mek bilen çäklenmän, ruhy dünýä­ mize hem uly peýda getirýändir. Kähalatlarda “Gülleriň saglygymy­ za täsiri barmy?” diýen sorag hem ýüze çykýar. Biz oňa arkaýyn “hawa” diýip, jogap berip bileris. Geçirilen barlaglara görä, gülleriň saglygymyza örän uly täsiri bar­ dyr. Doktor Hawiland Jones tara­ pyndan geçirilen barlagla ryň neti­ jesinde, gülleriň biziň pikir edişi­ mizden has köp maýyl ediji duý­ gularymyzy oýarýandygy anykla­ nyldy. Güller ada myň durmuşdan lezzet alýan duýgularyny köpeld­ ýär we adam gü lüň bar ýerinde özüni has gowy duýýar. Umuman aýdanymyzda, gülle riň adamyň häsiýetlerini tebigy taýdan kämil­ leş dirýändigi subut edildi. Barlaglaryň netijeleri şulardan ybarat: Güller söýgimizi, şatlygymyzy paý­ laşmagyň serişdesidir. Ol mukad­ des söýginiň hem nyşanydyr. Bar­ laglarda adamlaryň öýleriniň haý­ sy burçunda gül goýýandyklaryna üns berildi. Güller adamlar tara­ pyndan aýratyn gaplarda ýa-da aýratyn ýerlerde saklanyp, olar, esasan hem, adamla ryň köp bol­ ýan otaglarynda goýulýar. Munuň sebäbi bolsa, gülleriň adamlarda öz bolýan ýeriniň atmosferasynyň gözelliklerini duýmaklaryny artdyr­ ýanlygydyr. Güller adamy gören badyna özü­ ne bendi edýär. Barlaga gatna şan adamlara gül berlen mahalynda, olar gülleri şatlyk we ýylgyryşlar bilen garşyladylar. Olaryň hemme­ si hoşaldyklaryny bildirip, gül gowşuranlara sagbolsun aýtdy­ lar. Bu ahwalat hemme kişide gö­ rünýär diýsegem, ýalňyşdygymyz bolmaz. Gülleriň adamlaryň duýgularynda uzak wagtlap oňyn häsiýetleri saklaýan täsirleri hem bardyr. Ge­ çirilen barlaglarda adamlar başga birinden gül alan wagtlarynda ga­ har jaň we gamgyn hallarynyň aý­ rylýandygy, onuň ýerine bolsa, ola­ ryň şadyýanlygynyň we durmuş­ dan alýan lezzetleriniň artýandy­ gy görüldi. Bu ýagdaýyň uzak wagtlap dowam edýändigi hem haýran galdyrýar. Güller has sada we içgin baglany­ şyk laryň ýola goýulmagyna öz tä­ sirini ýetirýändir. Barlaglar gülüň bar ýerinde maşgalalaryň we dostlaryň arasyndaky gatnaşykla­ ryňam has hem berkeýändigini görkezdi.

Köneler, Multik tarapyndan 13 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir