atematika käbir adamlar üçin geçilmesi kyn we aňyrsy görünmeýän ylymdyr, käbir adamlar üçin bolsa durmuşa göz ýetirmegiň, tebigatyň täsin syrlaryny çözmegiň ýoly bolup durýar.Çünki, ähli ylymlarda bolşy ýaly, matematikany söýmegiň ýoly, oňa sözüň doly manysy bilen düşünmekden geçýär. Matematika dünýädäki adamlaryň umumy dilidir. Sebäbi, onuň dili akyldyr.Bir garaýyşa görä, matematika adam beýnisiniň önümidir. Beýleki bir garaýyşa görä, matematika adamzat ýaradylan gününden başlap bardyr we ony adamlar ýüze çykarypdyrlar. Başgaça aýdanymyzda, matematika adam bilen tebigatyň arasyndaky penjire diýsegem ýalňyşmarys. Ýagny, adam matematika­nyň saýasynda tebigatyň täsin syrlaryny görüp bilýär. Olara mysal edip güllerdäki geometriki gurluşa garap bileris. Bular­dan başga-da, dünýäniň niresine seretsek-de, matematikadan bir nyşan göreris.Matematika sözüniň manysyna doly dü­şünýän adam ondan çuňňur lezzet alyp biler. Görnükli matematika alymy Galileýiň durmuşyna garanymyzda, alym ertesi güni öljegini bilse-de, bu ylym bilen meşgullanypdyr. Ony beýtmäge iteren güýç matematikanyň syrly sahypalary bolma­ly.Matematika ýeke-täkdir we takyk ylymdyr hem-de ol dünýäniň ähli ýerlerinde bir meňzeşdir.Matematika ylmynyň bir­näçe maksady bardyr. Olardan kabirini sanap geçsek onda: adamda bar bolan pikirlenme ukybyny ösdürmek, durmuşda duş gelýän kynçylyklary tiz aradan aýyrmak we olara takyk jogap tapmak ukybyňy ösdürmekdir.Matematikany nähili öw­renmeli?Matematika öwrenilende, ilki bilen okuwçy özüni matematikany öwrenip biljekdigini ynandyrmaly. Özi ynanan­dan soň okuwçynyň yhlasy we gaýraty gerek. Okuwçylara matematika öwredilende, hemme okuwça şolbir usul bilen öw­redip bolmaýar. Käbir okuwçy mugallym bilen, käbirleri bolsa öz-özünden many çykaryp öwrenýär, käbirleri hem durmuş bilen baglanyşdyryp öwrenýär. Mugallym sapak düşündirende, okuwçynyň haýsy usul bilen öwrense gowy boljakdygyny okuwça aýdyň edip bermeli we durmuşda bu ylmyň nirelerde ulanylýandygyny aýtmaly. Ähli ylymlarda bolşy ýaly, matema­tikada yzygiderlik has zerurdyr. Ýagny, birinji meseläni ýerine ýetirmän, ikinji bir meselä geçmeli däl. Köplenç halatda okuwçylarda duş gelýän hadysalaryň biri-de, okuwçy bir meseläni işlejek bolup birnäçe usul ulansa-da, jogabyny çykaryp bilmese, onuň ünsi sowaýar. Aslynda, beýle ýagdaý okuwçy üçin has peýdaly bolýar. Çünki, ulanan usullarynyň hemmesi­niň bu meseläni çözmeýändigini öwrenýär. Matematiki meseleler işlenende, ilki bilen okuwçy özi synanyşmaly. Soragy çözüp bilmese, mugallymdan soramaly. Aslynda, matematika ylmy mugallymdan belli bir maglumatlary alandan soň okuwçynyň özi özüni kämilleşdirmelidir. Bu babatda mugallymlaryň işi okuwçylara nähili okamagy öwretmekdir.Matema­tika parçalardan bitin, dagynyklardan düzgünlik emele getirýär. Matematika alymy meseläni ynandyrmaga synanyşmaz, ýöne ol aýdylanlara üns bermegiňizi islär. Çünki, ol meseläni size subut edip berer.

Köneler, terror tarapyndan 13 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir