"YASHLYK DRAMASYNA" goshulmadyk bentler. (shahyryñ arhiwinden) Ne-hä eshik bardy, ne-de bir çörek, Ne-de gidenlerden bilerdik derek. Söýüshmäge ýürek gerekdi, ýürek, Meniñ ýigit wagtym, Seniñ gyz wagtyñ. Shonda-da käteler bälçiräp içgin, Diýerdik: "Söýüshmek hemme wagt mümkin, Öýlenmek - gerek zat köpelmek üçin, Urshuñ gazap wagty, Adam az wagty!..." Bir ýyllap degmändi lebiñe lebim, Diñe gatyshypdy demiñe demim. Soñ bir gün bozuldy beýle edebim, Meniñ Jeýhun wagtym, Seniñ ýaz wagtyñ. Bushlap Ýeñish bilen gutaran urhsy, Aldygna ýüwürdim öýñüze garshy. Bushlugmy lebiñden üzüldim ýagshy, Meniñ ýigit wagtym, Seniñ gyz wagtyñ... Urush ýeñish bilen boldy-da tamam, Iñ ilkinji soldat dolandy aman. Sholdy ilki posa ilki bahanam, Meniñ ýigit wagtym, Seniñ gyz wagtyñ... Sagymyz - derýady, çepimiz gaçy, Toraññyñ saýasy. Awgustyñ 3-i. Birden dolup gitdi gujagmyñ içi, Meniñ bürgüt wagtym, Seniñ gaz wagtyñ. Gijeler adyñy nagsh edip shygra, Gündizler özüñi basardym bagra. Emma arzuwlarmyz barmady ugra, Meniñ ýigit wagtym, Seniñ gyz wagtyñ. ULY MAZARYÑ BASHUJUNDA (Gara Seýitliýewiñ ýagty ýadygärligine) Sen örän ir gitdiñ, Juda ir gitdiñ, Emma giç gitmeli adamlardandyñ. Entekler-entekler aýdylmalydyñ - Adamdan ýasalan aýdymlardandyñ. Sen juda ir gitdiñ. Örän ir gitdiñ, Onki synañ aýdym bilen doludy. Säher bilen köçä çykyp ugrañda, Uly desse aýdym barýan ýalydy. Ulumsy ýalydyñ. Köpetdaga-da Ashakdan seretseñ görüner sheýle. Emma jülgelerniñ içine girseñ, Çagyrar özüniñ iñ pynhan öýne. Ashakdan seretsen - Ulumsy dagdyñ, Golaý barsañ - Iñ kiçilerdendiñ. Sen ir gitdiñ, Juda, juda ir gitdiñ, Ýöne giç gitmeli kishilerdendiñ. Sen ir gitdiñ. Dogran eneñden ozal Bu dünýäden ötmek örän biwagtdyr. Ýöne öleñden soñ ýüzüñden sypap, Eneñ öpüp galsa - olam bir bagtdyr. Eger biz, yzyñda galan dostlaryñ, Bashujuña gelip käte-käteler, Bir dem salym dymyp gitmeýän gitmeýän bolsak, Ýa goýberýän bolsak gaýry hatalar - Sen gunäkär dälsiñ o zatlar üçin, Ol biz dirileriñ öz günämizdir. Ol biziñ basharyp biljegem bolsak, Känbir basharmaýan meselämizdir. Ýa-da ish-güýç bilen, alada bilen, Dünýäñ derdi bilen bolup mübtela, Käte garry eneñ ýanyna baryp, Ahwalyn soramak gelmese kellä - Sen günäkär dälsiñ onuñ üçinem, Ol öz pesligimizdir, öz günämizdir. Ol biziñ hemishe basharyp biljek, Emma kemter gaýdýan meselämizdir. Sen juda ir gitdiñ, Dogran eneñden Ir gitmek - dünýäde iñ elhenç gussa. Ýöne eneñ gelip günde-günasha, Mazaryñy öpüp, gujaklap gaýtsa - Beýle bagty arzuw etmesek-de biz, Miýesser gelende ajap ykbaldyr. Bu - eneler üçin uly betbagtlyk, Belki, ogul üçin beýle hem däldir... Hanha, ýetip gelýär ýene-de eneñ, Geler ol. Ýene-de gashyñda çöker, Inerniñ iner dek mazaryn öper. Ynha, geldi, öpdi... Bu bagtam bolsa, Bagtlaryñ içinde eýmenç bagt eken.

Köneler, Camry tarapyndan 13 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir