bir gün bir aýal maşgala öýünden daşary çykanynda üç sany aksakgal ýaşulyny gördi. ol: – ýaşulular, siz ajygansyňyz, öýümize giriň, size nahar hödür edeýin – diýdi.ýaşulularyň biri ol aýaldan ýan ýoldaşynyň nirededigini sorady. ol aýal ýoldaşynyň öýde ýokdugyny aýtdy. onda ýaşuly: – ýoldaşyňyz öýde ýok bolsa, biz siziň öýüňize girip bilmeris – diýdi. agşam adamsy gelende ol aýal üç ýaşuly barada ýoldaşyna gürrüň berdi. adamsy hem: “daşary seredip gör. eger olar daşarda oturan bolsalar, olary nahara çagyr” diýdi. ol aýal ýaşululary görüp, olaryň ýanyna bardy we “indi ýoldaşym geldi. haýyş edýärin, öýe girip bize myhman bolaýyň-da” diýdi. onda ol ýaşululardan biri: “biz üçimiz bile hiç bir öýe girmeris. sag tarapymdaky daýyň „baýlyk“, çep tarapymdaky „üstünlik“, men bolsa „söýgi“. öýüňize üçimizden diňe birimiz girip bileris. gidip ýoldaşyňyz bilen maslahatlaşyň we haýsy hem bolsa birimizi myhmançylyga kabul ediň” diýdi. ol aýal öýüne girdi we bar bolup geçenleri adamsyna gürrüň berdi. är-aýal maslahatlaşyp, söýgini çagyrmagy makul bildiler. ol aýal daşary çykdy-da, “söýgi” atly ýaşulyny myhmançylyga çagyrdy. söýgi ýerinden turup, ýöremäge başlady. yzyndan „baýlyk“ we „üstünlik“ hem ýöräp başlady. ol aýal: – biz diňe söýgini çagyrdyk ahyryn, siz näme üçin gelýärsiňiz? – diýip sorady. onda olar jogap berdiler: – eger siz diňe üstünligi ýa-da baýlygy çagyran bolsadyňyz, beýleki ikisi size barmazdy. emma siz söýgini çagyrdyňyz. bu ýagdaýda üçimiz hem gelmeli bolduk – diýdiler. aýalyň “näme üçin?” diýen soragyna olar “sebäbi söýginiň bar ýerinde baýlyk we üstünlik hem bolýandyr” diýip jogap berdiler.

Köneler, ependi tarapyndan 13 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir