-Mojnomydyr, oglanlar! -Geliñ, geçiñ, ýashuly. -Shu ýeri gazýetiñ redaksiýasymy? -Hawa. -Çort wozmi, häliden bäri gözläp lütüm çykdy. -Onda ýadansyñyz, agam. Oturyñ. -Spasibo. Men bir ish bilen geldim. Özem gaty srýozny ish. -Aýdyp oturyñ. -Ponimaýesh, bi soñky döwürde dilimiziñ ishini gördüler... -Näme boldy, ýashuly? -Näme boldy diýip, siz, näme bihabarmy? Psosto gaharym gelýär. Her kim agzyna gelenini aýdyp dili dürüshde etdiler. Telewizorda peredaçi zat göreñzokmy? -Görýäs. -Görýän bolsañyz, neujeli bu zatlañ garshysyna göreship bolmaýarkan? -Aý, juda howsala düsher ýaly zat ýokdur-la... -Bar, imenno bar. Sholar ýaly zatlaryñ külüni göge sowurýan bir statýajyk iberipdim welin, shony peçat etmediñiz-le, ýa... -Be-e, shol makala asyl siziñkimidi? -Wah, hawwa-la, da... -Diliñ arassalygy hakynda gaty janygyp gürleýäñiz welin, ýogsa-da özüñiz ýazyjy, shahyr dagy dälsiñiz-dä? -Shkolda mollym. -Nämeden okadýañyz? -Türkmen dili i edebiýat. -Onda düshnükli. -Näme düshnükli? -Biz sizi nädip tapyp bolarka diýip ýördük, mazaly özüñiz geläýdiñiz. Hatam ýazjak bolduk, adresiñizi bilmedik, görkezmän ekeniñiz. Bagyshlañ welin, agam, asyl bi dili bulashdyryp ýören özüñiz ekeniñiz-ä... -Hä... Näme?... Ýalan! Siz baryp ýatan töhmetçi. Üstüñizden jalybytsa ederin. Görýäñmi bulary, "Sygryñ shahyna ursañ, endamy syzlar" diýleni, kärdeshlerini ýamanlasañ öz ýakañdan tutýarlar. Ýo-ýok, ýa wam pokaju...
Dilçi
-
mirasymyz
13 years ago
- diamond tapýaňaý senem. menden +5-lik
-
Friendship
13 years ago
- Ha-ha-ha...
-
Kemaru
13 years ago
- hahaha
-
menbet
13 years ago
- Gaty gyzykly eken sag bol diamond
-
Ayjagash
13 years ago
- Gowja degishme eken.
ependi 13 years ago- hoho