Hormatly agzalar. Geling bir sorag berisheling biri-birimize!!! Mysal uchin birimiz bashlayas beylekiler jogap beryar, songra jogap beren adam bolsa sorag beryar,songra biz jogap beryas sheyle tertibde . Bolmasa bulam-bujar bolyara ahwetin!!!Soraglar ylma degishli, tebigata, taryha , kompyuter sciencine , matal gornushunde ,umuman ahli gornushdaki soraglar berlip bilner!!! Men ilkinji soraga bashlamakchy: Mikroskop haysy boleklerden duryar we ilkinji mikroscoplar hachan yasaldy???
Soraga jogap.
-
Diamond
13 years ago
- Menem bilmedim Kemaru dost.
-
akwa
13 years ago
- kondensor,obyektiw,okulyar diyen boleklerini bilyan.
-
Friendship
13 years ago
- Taryhda "jüneýit han" ady bilen tanalýan gurbanmämmet serdar $ol döwürde türkmen durmu$ynda nähili rol oýnapdyr? Bilýänleriñiz bolsa, gysgaça jogap beräýseñiz?
-
Kemaru
13 years ago
- Junyit han Yomut taypasyndan bolupdyr. Ol 1862 yylda Gorogly etrabynyng Bedirkent obasynda dogulyar. ol oz obasynda mirap,kazy bolup hem ishleyar. yone songra Hywa hany Isfendiyar hanyng salyan salgytlarynyng,eden etdiligining zarbyna chydaman turkmenlering arasyndan onge chykamly bolyar. ol yakyn u garyndash diymez ejiz halkyng gownune degen adamlar bilen yowuz bolupdyr. Ol halka komek etmek uchin elinden gelen , elinde bar bolan ahli zady gaygyrmandyr. Ol halky kaloniyal sutemlerden, salgytlardan azat etmek uchin jan edipdir. Ol dinge turkmenlere dal eysem ozbeklere , garagalpaklylara, gazaklara goldaw beripdir.
Barja bilyan zatlarym mumkin yalngyshyrak eyrem bardyr:D
-
Friendship
13 years ago
- Gaty dogry jogaplar berdiñ, kemaru! Jüneýit han barada (döwrüñ syýasatyna görä belli bir derejede galpla$dyrylandygyna garamazdan) beki seýtäkowyñ "doganlar", "bedirkent" romanlarynda, "çuwal bag$y" powestinde giñi$leýin maglumat berilýär.
-
zumerchi
13 years ago
- mikroskop 1810njy yylda galileo galiley tarapyndanmy diyenda. Sheylerak bolmaly oza.
-
zumerchi
13 years ago
- menden sorag kislorod atomynyn sonky elektron gatlagynda nace elektron bar?
-
Ayjagash
13 years ago
- Kislorod atomy 8 elektrondan ybarat bolup, ichki gatlagynda 2 elektron, dashky gatlagynda bolsa 6 elektron bolyar.
-
zumerchi
13 years ago
- bildin! Nobel bayragy sana!!!!
-
ependi
13 years ago
bildin! nobel bayragy sana!!!!
manada bersene
zumerchi | 2011-02-19 09:32:03
-
Friendship
13 years ago
- :-):-):-)
-
Ayjagash
13 years ago
- Men soragym garagun deryasynyn uzynlygy nache km?
-
ependi
13 years ago
- Garagum deryasy
ymgyr çölden garagum derýasynyň çekilmegi diňe bir ýeke damja suwa tebsirän ösümliklerdir çöl haýwanlary üçin däl, tutuş halkymyz üçinem hakyky bagt bulagy boldy. uly suwly bu derýanyň çöl göwsüni dilip geçmegi bilen türkmen halkynyň durmuşynda düýpli özgerişlikler başlandy.
garagum derýasy ýurdumyzyň ykbalynda öz ähmiýeti boýunça diýseň uly orny eýeleýär. şonuň üçinem söhbedimiziň başynda «uly suw» adyny alan bu derýanyň taryhy hakda kelam agyz aýdyp geçsek, artykmaçlyk etmese gerek. çünki bu gün garagum derýasynyň boýunda ýaşap, dürli önümler öndürip, onuň süýji suwunyň lezzetini görüp ýören üç milliondan gowrak ildeşlerimiz üçinem, tutuş halkymyz üçinem uly suwly bu derýanyň taryhy diýseň gyzykly bolsa gerek. özem bu derýanyň gurluşygy geçen asyryň ortasynda başlananam bolsa, şeýle derýany döretmek arzuwynyň ata-babalarymyzyň kalbynda has ir şineländigini turuwbaşdan belläsim gelýär.
xvi asyryň ýetmişinji ýyllarynda amyderýanyň uzboýuň ugry bilen hazar deňzine akmasy kesilensoň, günbatarly türkmenler suwsuzlygyň zaryny has ýiti çekip başlaýarlar. şondan soň balkan degresinde ýaşaýan ilatyň aglabasy gurap galan akabanyň ters yzyny çalyp, suwly ýerlere göç edenem bolsalar, ata-babalarymyz, nähilem bolsa, amyderýanyň mele suwuny ýene-de günbatar sary akdyrmagyň pikirinde ýaşaýarlar. pederlerimiz bu arzuwlaryny amala aşyrmak üçin, aýdylyşy ýaly, kän çaý sowadýarlar. baryp, pýotr i döwründe türkmeniň gerçek ogullarynyň biri hojanepesiň il-halkyň maslahatlaşyp çözen meselesini ors patyşasyna ýetirmek hem-de bileleşip bu işi amala aşyrmak teklibini öňe sürmek üçin peterburga gidendigini biz bilýäris. ol şonda jeýhun bilen hazaryň suwy birleşdirilse hindistana çenli suw ýolunyň açyljakdygy, onuň bolsa döwletleriň gämi arkaly söwda gatnaşyklaryny etmeklerinde bahasyna ýetip bolmajak hyzmatynyň boljakdygy baradaky pikiri-de mälim edýär. elbetde, belli türkmen täjiri hojanepesiň pikiri ors patyşasyny gyzyklandyrýar. şonuň üçinem xviii – xix asyrlaryň dowamynda amyderýanyň suwuny hazara eltmek pikiri bilen gyzyklanyp, birnäçe ekspedisiýalar guralýar, ençeme taslamalar taýýarlanylýar. emma, dürli sebäplere görä, ol taslamalaryň hijisi-de amala aşyrylmaýar.
ahyr, geçen asyryň ortasynda ymgyr çölüň göwsünden suw geçirmek barada işlenilip düzülen tapgyrlaýyn taslamalar göwnemakul görülýär. şeýdibem, 1952-nji ýylda türkmenistanyň hökümeti tarapyndan garagum derýasynyň birinji nobatynyň taslamasy tassyklanylýar. aradan iki ýyl geçensoň, ýagny 1954-nji ýylda bu taslama işe girizilýär. netijede, aňňat-aňňat gum depeleriniň arasyndan geçip, jeýhunyň mele suwuny murgap derýasy bilen birleşdirjek derýanyň birinji nobatynyň gurluşygyna girişilýär. aradan bäş ýyly geçirip, ýagny 1959-njy ýylda birinji nobatyň taslamasy üstünlikli durmuşa geçirilýär, başsakadan bat alyp gaýdan mele suw murgap derýasyna guýulýar.
garagum derýasynyň gurluşygynyň ikinji nobatynyň taslamasynyň maksady mele suwy tejen derýasyna birikdirmekdi. derýa gurujylaryň tutanýerli tagallasy bilen bu menzil iki ýylda geçilip, 1961-nji ýylda amyderýanyň suwy tejen derýasyna guýdurylýar. şeýdibem, üç derýanyň suwlary birleşdirilip uly, tutuş bir suw ulgamy kemala getirilýär.
garagum derýasynyň gurluşygynyň üçünji nobatynyň taslamasynda gojaman jeýhunyň suwuny aşgabada ýetirmek göz öňünde tutulýardy. emma 1961-nji ýylyj juda gurak gelmegi üçünji nobatyň gurulmaly möhledini has gysgaldyp, işleri örän ýokary depginde alyp barmak zerurlygyny ýüze çykarýar. sebäbi şol ýyl aşgabatda suw gytçylygy ýiti ýüze çykypdy. ýagdaýdan baş alyp çykmak üçin türkmenistanyň hökümeti darajyk hana boýunça 8 aýda suwy tejen derýasyndan aşgabada ýetirmek hakda karar kabul edýär. elbetde, bu karar suw işgärleriniň tutanýerli zähmeti netijesinde bellenilen möhletde ýerine ýetirilýär. şeýlelik bilen, paýtagtyň ýaşaýjylary 1962-nji ýylyň magtymguly aýynyň 12-sine uly dabara bilen «uly suwy» garşylaýarlar. soňky ýyllarda derýanyň ini kem-kem giňeldilip, häzirki kaddyna ýetirilýär.
paýtagtdan günbatarlygyna sary pata alan mele suw gökdepe etrabyna eltilýär. şonda onuň umumy uzynlygy 840 kilometre deň bolýar. şondan soň garagum derýasynyň dördünji nobatynyň gurluşygyna girişilýär. bu nobatyň wezipesi gökdepede ätiýaçlyk suw gory bolar ýaly uly howdan gurmakdan we derýanyň ýoluny ýene-de günbatarlygyna dowam etdirmekden ybaratdy. garagum derýasynyň edermen gurluşykçylary tarapyndan bu uly wezipe-de abraý bilen ýerine ýetirilýär. bu töweregiň halky üçin juda ähmiýetli bolan howdanyň gurluşygy üstünlikli tamamlanyp, derýa suwy 1981-nji ýylda 1100 kilometrlik uzak hem jepaly ýoly geçip, bereket etrabyna eltilýär. ondan aňryk suw ýoly turbalar arkaly dowam etdirilip balkanabat, hazar, türkmenbaşy şäherlerine ýetirilýär. emma, şondan soň, tä mukaddes garaşsyzlygymyzy alýançak, garagum derýasynyň gurluşygyny dowam etdirmek başartmaýar. diňe mukaddes garaşsyzlygymyzdan soň derýanyň gurluşygy täzeden jana gelýär.
ýeri gelende aýtsak, garagum derýasyny gurmak üçin şol döwürler ep-esli harajat sarp edilenem bolsa, müňlerçe gektar ýeri suwlulandyryp, pagtaçylygyň ösmegine uly itergi beren bu derýa özüne edilen ähli çykdajyny gysga möhletde ödedi. maglumatlardan görnüşi ýaly, diňe 1959 — 70-nji ýyllarda bu emeli derýanyň suwy bilen suwarylan ýerlerden 2509,4 müň tonna pagta öndürilipdir. şonça mukdardaky «ak altynyň» beren girdejisiniň bolsa, garagum derýasyny gurmak üçin edilen ähli harajaty artygy bilen ödändigini alymlar ýazýarlar. elbetde, agzalan ýyllarda bagt derýasynyň suwundan gandyrylyp ýetişdirilen gök önümleriň, dänäniň, bakja we beýleki ýekinleriň döwlete getiren girdejilerinem hasaba alsaň-a, onda bu derýanyň örän gysga möhletde özüne edilen çykdajylary artygy bilen ödändigine has-da aýdyň göz ýetirýäris.
jeýhunyň mele suwunyň günbatarly doganlarymyzyň ryskyna rysk goşup, bereket bolup akýanyny beýik galkynyş eýýamynda biz eýýäm görüp ýörüs. öň suwsuzlyk zerarly ekin ekip bilmän, guýy gazyp diňe maldarçylyk bilen iş salşyp gelen balkanlylar özbaşdaklyk alalymyz bäri düýp babalarynyň kesbini ýöredip, daýhançylyk bilen meşgullanyp başladylar. indi ol ýerleriniň birnäçe etraby pagta-da, bugdaýam, gök-bakja ekinlerinem ekýärler. nesip bolsa, maşady-missirian, dehistan düzlükleriniň asylky berekedine dolanjak wagty-da indi daşda däl. bir mahallar aleksandr makedonskiniň «bagtly ilat» diýip atlandyran bu ýerleri garagum derýasynyň gelmegi bilen ýene-de jana gelip, ýakyn ýyllarda bereketli hasyl önýän künjege öwrüler. muňa hiç hili şübhe ýok. çünki garagum derýasynyň öz geçen ýerini bagy-bossanlyga, ekinzarlyga, ýaşaýşyň joş urýan jennet mesgenine öwrüp barýanyny ählimiz görüp-bilip ýörüs ahyryn. hut şonuň üçinem halkymyz bu derýa rysgal-bereketiň çeşmesi, bagtyň bulagy, jöwzaly çölde jenneti dörediji keramat hökmünde seredýärler. munuň özi ýöne ýerden däl, häzirki wagtda dünýäde iň uly emeli derýalaryň biri bolan bu derýanyň suwundan ýurdumyzyň ilatynyň 60 göteriminden gowragy peýdalanýar.
başsakadan gözbaş alyp gaýdýan garagum derýasy diňe bir oba hojalyk ekinlerini suwarmak bilen çäklenmän, agyz suwy hökmünde-de giňden peýdalanylýar. bu derýanyň ugrunda ençeme senagat kärhanalary gurlup, olara gerekli suwy şu derýa doly üpjün edýär. ýurdumyz üçin örän ähmiýetli şeýle kärhanalaryň hatarynda mary suw elektrik stansiýasyny, «şatlyk» gaz känini, abadan elektrik stansiýasyny, ýaşlykdaky kagyz kombinatyny we ýene-de ençeme kärhanalary mysal getirmek bolar. şeýle kärhanalaryň döremegi bolsa ýurdumyzyň diňe bir oba hojalygynyň, senagatynyň gülläp ösmegine däl, eýsem durmuş meseleleriniň oňyn çözülmegine-de, täze-täze iş orunlarynyň döremegine-de giň mümkinçilik açýar.
özleşdirmäge we ekin ekmäge ýaramly 4,4 mln. gektar az suwly we suwsuz meýdanlardan akyp geçýän garagum derýasynyň ugrunda täze-täze ekerançylyk hojalyklarynyň, ilatly nokatlaryň dörändigini-de aýtmak gerek. şu wagtlar ýurdumyzyň oba hojalygynyň ösmegine uly goltgy bolup duran hanhowuz, şyhmansur, gülistan tarp we boz ýer massiwleriniň, garagum, gäwers etraplarynyň döredilmeginiň badalgasy hut garagum derýasydyr.
nirede suw bolsa, şol ýerde ýaşaýyş bar. şatlyk şäheri, başsaka, zeýit, garamätnyýaz, parahat, hanhowuz, ýaşlyk şäherçeleri hem garagum derýasynyň geçmegi bilen dörän ilatly nokatlardyr.
bagt derýamyzyň ýene bir ähmiýetli tarapy, onuň ymgyr çölüň göwsüni dilip geçmegi bilen, bir mahallar çöl diýeniňde ýadyňa-oýuňa düşmejek täze-täze pudaklaryň döränligidir. häzirki wagtda bu derýanyň ugrunda balykçylyk hojalyklarynyň ençemesi bolup, olar halkymyzy täzeje hem tagamly balyk bilen üpjün etmekde mynasyp goşantlaryny goşýarlar. derýanyň ugrunda guşçulyk hojalyklary hem barha giň gerim alyp, olar ýurdumyzyň azyk garaşsyzlygyny berkitmäge ýakyndan ýardam edýärler. görşümiz ýaly, garagum derýasynyň ýurdumyzyň oba hojalygyny, senagatyny ösdürmekde uly hyzmaty bar. ýöne ýylyň ähli paslynda dolup akmagy üçin, bu derýanyň uly ünsi, zähmet-yhlasy talap edýändigini-de aýtmak gerek. şonuň üçin garagum derýasyny gözbaşyndan tä aýagyna çenli berk gözegçilige alyp, akabany gyrmançalardan arassalamak, gaçylary galdyrmak, suwuň zaýaçylygyna ýol bermezlik, artyk suwlary howdanlara ýygnap ätiýaçlyk goruny döretmek işleri suw işgärleriniň baş aladalary bolup durýar. häzirki wagtda bu ugurda «garagumderýasuwhojalyk» birleşigine degişli «garagumsuwhojalyk» we «garagumderýaabatlaýyş» dolanyşyklary işläp, olar diňe bir derýa gözegçilik etmek bilen çäklenmän, suw desgalarynyň abatlygyna-da, suwlaryň bölünip berlişine-de, suwuň ulanylyşyna-da, derýanyň kenarlaryny bagy-bossanlyga öwürmek işlerine-de gözegçilik edýärler.
«suw hakynda» türkmenistanyň bütewi kanunynyň kabul edilmegi bilen, suwy aýap saklamaga, netijeli ulanmaga giň ýol açyldy. häzirki wagtda garagum derýasynyň ugrunda daşary ýurt ýer gazyjy tehnikalarynyň 100-den gowragy we işine ussat suw işgärleriň uly topary gije-gündiz işleýärler. bu bolsa garagum derýasynyň halkymyz üçin mydama bagt bulagy bolup dolup-daşyp akjakdygyndan alamatdyr.
suwuň sarpasyny belent tutýan türkmen halky bu emeli akynyň ähmiýetine uly baha berýär. garaşsyzlygymyzyň ilkinji ýyllarynda ol ýörite perman bilen «garagum derýasy» diýlip atlandyryldy. derýanyň ady onuň esasy böleginiň garagum çölüniň içinden akyp geçýänligi bilen baglanyşyklydyr.
-
DG
13 years ago
- ba ependi aga nobel bayrak aljak bolup gaty uzyn yazypsynla,garagum deryan ozi yaly,gysgaldanam bolsan bayrak bererdik.
-
Friendship
13 years ago
- :-):-):-)
-
zumerchi
13 years ago
- bay ba ceksen zahmet, yagar rehnet! Al ependi sanada gowshurdym bayragy!
ependi 13 years ago- ay mena bilmedim