Salam agzalar! Ilki bilenä men siziñ durmushda arzuw eden beýik maksatlaryñyza yetmegiñizi ýüregimden arzuw edýän! Meñ aýtjak bolýanym adamda arzuw kän, hemme eden arzuwyña ýetibem bolanok. Belki ýetenlerem bardyr, goý olar yeten arzuwlarynyñ hözirini görüp bagtly durmushda ýashasynlar! Men ýetip bolmadyk, gursagymyzda shol arzuwlygyna galan arzuwlarymyz hakynda aýtjak bolýan! Ilki men ýetibilmedik arzuwymy aýdaýyn: Men ýashlykdan saz dörediji kompozitor bolmagy arzuw edýärdim, bir ýerde üýtgeshigräk saz bolsa diñlärdim. Ýöne durmushyñ öwrümleri bashgaça eken, menen ykbal bashga ýana çekip alyp gitdi. Ýöne shu wagtlaram täsin owaz-sazlar käwagtlar gulagyma eshdilen ýaly bolýar, wah shol sazlary nota geçiräýsediñ diýip arzuw edýän. Her kimiñ her hili arzuwy bolýar: biri sportsmen, bashga biri biznesmen, tikinçi, halyçy, agronom, alym, söwdagär, daýhan garaz kän... Siz muña dogry düshünip, ýashlykda arzuw edip, gursakda ýatlama bolup galan arzuwlary ýazmagyñyzy haýysh edýän!

Köneler, Diamond tarapyndan 13 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir