Eger beýleki adamlaryň isleýän zatlaryna ýetmäge ýeterlik kömek etseň, sen hem durmuşda islän islendik zadyňa ýetip bilersiň (Zig Ziglar) ***** Ýalňyşýan adam akmak däl-de, hiç haçan ýalňyşmaýan adam akmakdyr. (Dewin Poltiýer Robson) ***** Durmuşyň iň oýlandyryjy we möhüm soragy şudur: başgalar üçin näme edýärsiň? (Dr Martin Luser King) ***** Duşmanlaryňy bagyşlagyn, ýöne olaryň atlaryny welin, hiç haçan unutmagyn. (Jon F. Kennedi) ***** Gahar bilen başlanýan islendik zadyň soňy masgaraçylyk bilen gutarýandyr. (Benjamin Franklin) ***** Söýgi ot üstünde gurlan dostlukdyr. (Jeremi Taýlor) ***** Diňe özüni bilýänler dogrusynda bir gowy zat bar, olam olaryň başga adamlar barada gürlemeýänligidir. (Lusil S. Harper) ***** Üstünligiň syry hiç kimiň bilmeýän nämedir bir zadyny bilmekdir. (Aristotel Onasis) ***** Lukmanlarym maňa meniň hiç haçan ýöräp bilmejegimi aýtdylar, ejem bolsa, näme üçin ýöremeli däldigimi ýaňzytdy, men ejeme ynandym. (Wilma Rudolf) ***** Eger bagty özümizde tapyp bilmesek, ony hiç ýerden hem tapmak mümkin däldir. (Agnes Repliýer) ***** Geljek – öz arzuwlarynyň owadanlygyna ynanýanlaryňkydyr. (Eliýanor Ruzwelt) ***** Biz zatlary bolşy ýaly däl-de, özümiziň bolşumyza görä görýäris. (Änis Nin)
Payhaslar duwunchegi
-
Melike86
13 years ago
- Salam! Yazlale size ullakan minnetdarlygym bildiryan. Jaydar aydylan sozler!.
-
Melike86
13 years ago
- Salam! Yazlale size ullakan minnetdarlygym bildiryan. Jaydar aydylan sozler!.
-
Yazlale
13 years ago
- kop sag bol.
-
Ayjagash
13 years ago
- Gowy eken. Yaltanman yazanynyza sag bolun. Yenede yazyp durun.
-
best
13 years ago
- yazlale hak aydylan sozler, dowamyna garashyan.
-
AHAL
13 years ago
- Duşmanlaryňy bagyşlagyn, ýöne olaryň atlaryny welin, hiç haçan unutmagyn.
(Jon F. Kennedi)
Eger beýleki adamlaryň isleýän zatlaryna ýetmäge ýeterlik kömek etseň, sen hem durmuşda islän islendik zadyňa ýetip bilersiň
(Zig Ziglar)
shul ikisini has gowy gordum!! kop sag bol!!
-
DG
13 years ago
- Yene yazypdur yazlale!
-
angel91
13 years ago
- Biri saňa bir ýamanlyk etse unut, sen birine ýamanlyk etseň unutma.
(Halyl Jibran)
******
Gözler – adamyň ruhunyň penjiresidir.
(Du Bartas)
******
Adamlar sümbüle meňzär, içi boş wagty başy ýokarda, dolanda aşakdadyrlar.
(Monteýn)
******
Arassaçylyk imanyň ýarysydyr.
(Hadys)
******
Gözler özlerine, gulaklar özgelere ynanýarlar.
(Nemes nakyly)
******
Hereketler hemmäň özüni görkezýän aýnadyr.
(Terens)
Bir zadyň kesgitlemesi, şol zady çäklendirýär.
(andre Suarez)
Kemçiliksiz dost gözleýän, dostsuz galar.
(Hezreti Möwlana Jelaletdin Rumy)
Adamyň sözi onuň akylyny we oňat gylygyny görkezýär.
(Hezreti Ebubekr)
Akyl – dost, gahar – duşman
(Nakyl)
Sabyr imanyň ýagysydyr.
(Hadys)
Iň köp öz-özüňe etjek ýamanlygyňdan gork.
(Pestallozi)
Ýalňyşlyk etmeseň ötünç soramaga mejbur bolmarsyň
(Fatyh Soltan Mehmet)
-
angel91
13 years ago
- Kämil adam gowy sözleýän däl-de, sözleýänini ýerine ýetirýän we ýerine ýetirip biljegini sözleýän adamdyr.
(Konfusiý)
Hakykaty adamlaryň ölçegi bilen däl-de, adamlary hakykatyň ölçegi bilen tana!
(Hezreti Aly)
Gündiz şemi taýýarlamazlyk, gije garaňkyda galmaga razy bolmakdyr.
(Jenap Şehabetdin)
Bir şem beýleki şemi ýaksa, şöhlesinden hiç zat ýitirmez.
(Hezreti Möwlana Jelaletdin Rumy)
Ylmy ýazyp, kitap görnüşinde getirip okaň!
(Hadys)
-
Abadan
13 years ago
biri saňa bir ýamanlyk etse unut,
sen birine ýamanlyk etseň
unutma.
(halyl jibran)
bah öz yamanlyny yatdan cykarmaly dalde,a ba$ga birinin eden yamanlygnam yatdan cykarmalymy$...
-
angel91
13 years ago
- Yumuk gozler ruhy gormekligin in onat usulydyr.
(Wiktor Gyugo)
****
Unudyp yylgyrmak, yada salyp gynanmakdan gowudyr.
(Kristina Rozetti)
****
Adamlara sagbolsun aytmayan, Alla shukur edip bilmez.
(Hadys)
****
Shohlesiz renki gorup bolmaz.
(Hezreti Mowlana Jelaleddin Rumy)
****
Isleyanini aydyan, islemeyanini eshider.
(Seneka)
-
Tourist
13 years ago
- biri saňa bir ýamanlyk etse
unut,
sen birine ýamanlyk etseň
unutma.
(halyl jibran)
bah öz yamanlyny yatdan
cykarmaly dalde,a ba$ga birinin
eden yamanlygnam yatdan
cykarmalymy$...
abadan | 2011-06-16 10:47:18
hahaha öwreni$meli borsuñda
-
samat
13 years ago
- ellerine saglyk ýazläle.menem birazajyk goşaýyn garşy bolmasaňyz.
*duşmanlaryn bilen dostlarça gürleş.çünki o gapyl,sen goragda bolarsyň;günleriň birinde pursat eliňe geler.*erbetlige sebäp boljak yagşylyk etme.***gelen galmaz,giden gelmez.giden yerlerinden hoşnut bolup galyalarmy ýa otaýda baky ukamy dalýalar?***küldden depe,öweýden ogul bolmaz.arap ata gyýmaýynça ýol alynmaz,gara polat gylyç urmadykça duşman dönmez.är maldan geçmeýinçe meşhur bolmaz.ogul atanyň ýarysy,iki gözüniň birisidir.***mirasyň haýyrlysy edep,dostuň haýyrlysy oňat häsiýet,söwdaň peydalysy bütin güýjüň bilen işlemekdir.ynsan üçin akyldan köp mal,maslahatlaşmakdan köp yapyşara şaha,bilimsizlikden aýlyganç garyplyk bolmaz.***jynazamy görüp,"ah,aýralyk aýralyk " diyme,meniň ölüm günüm söygulume gowuşjak günümdir.***watanym men üçin name etmeli diyme,men watanym üçin näme edip bilerin diy***köne pikirler poslan çüylere meňzär,aňsat aňsat sowrulmaz***ynsanlaryn 90% diňe bardyr, 1% hakykatdan yaşayar***yhlas haçanda ajy bermäne başlanda yhlasdyr.***eger bir yerde kiçijek adamlaň kölegesi ulalyan bolsa, o taýda güneş batýandyr.***yigitlik ar almak däl,sabyr etmekdir***daş yumurtgaň üssüne düşse-de,yumurtga daşyň üstune duşse-de ýene ýumurtga döwler.***arykmaç ynansaňyz allanarsyňyz,hiç ynanmasanyz durmuş azap bilen geçer.***
-
samat
13 years ago
- we f.roosevelt:"we cannot always build future for the our youth,but we can always build our youth for the future",biz mydama geljegi yashlar ucin gurup bilmeris,emma yashlary mydama geljek ucin tayyarlap bileris(inlisce bilemok)
-
Abadan
13 years ago
- arykmaç ynansaňyz
allanarsyňyz,hiç ynanmasanyz
durmuş azap bilen geçer.***
samat | 2011-07-05 07:17:00
Yazlale 13 years ago- Men bular "zaman" gazetinden aldym dowamy bar...